Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wekilbazarlylar gaz üçin artykmaç töleg tölemäge mejbur edilýär


Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlarynyň birindäki gaz ölçeýji gural.
Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlarynyň birindäki gaz ölçeýji gural.

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň azyndan 200 çemesi oba ýaşaýjysy sarp etmedik tebigy gazy üçin töleg tölemäge mejbur edilýär. Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän Marydaky habarçylarynyň biriniň tassyklamagyna görä, etrabyň gaz edarasynyň resmileri munuň sebäplerini “ýokardan berlen buýruk” diýip düşündirýärler.

“Duşenbe güni Mary welaýat we Wekilbazar etrap gaz edaralarynyň öňünde azyndan 200 adam üýşdi. Bu ýerde oba ýerini adamlary uly dawa edip durdylar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 12-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, etrap polisiýa bölüminiň işgärleri işiginde ýyladyşhanasy bar bolsa hojalyklara aýlanyp, olara hökman etrap gaz edarasyna barmagy tabşyrypdyrlar.

“Etrap gaz edarasynyň başlyklary hojalyklaryň her birine azyndan 4000 manat tölemelidigini aýdýarlar. Käbirine-de 6000-7000 manat tölemeli diýdiler. Ýaşaýjylaryň arasynda ‘Biz nädip tölemeli? Biziň işigimizde ýyladyşhanamyz hem ýok, geçen ýyl söküp aýyrdyk’ diýenleri hem bar. Käbirleri bolsa, ‘Bu tölegi nädip çykardyňyz? Biziň girdejimiz hem onça çykmaýar. Biz gaz ölçeýji gural goýanymyzda, olary bolanok diýip öçürtdiňiz’ diýdiler” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, oba ýaşaýjylary hökümet tarapyndan ilata berilýän gazyň 1000 m3-niň 20 manada barabardygyny ýatladyp, özlerinden talap edilýän pul serişdesiniň aşa köpdügini we munuň sebäplerini düşündirmegi soraýarlar. Ýöne gaz edarasynyň resmileri olara “bize-de ýokardan, ýagny prokuraturadan berlen buýruk” diýmek bilen çäklenýärler.

“Adamlaryň biri ‘4000 manat tölemeli bolanda, 200.000 m3 gaz ýakylandygyny aňladýar. Bir hojalyk munça gaz ýakyp bilmeýär. Bizi prokuror diýip gorkuzjak bolmaň, men tölejek däl’ diýdi. Soňra etrap gaz edarasynyň başlygy ‘tölemän, tansam edersiň’ diýip, içeri girip gitdi” diýip, habarçy häzirki güne çenli diňe sanlyja adamyň töländigini hem belledi.

Azatlyk Radiosynyň bu barada Mary welaýat we Wekilbazar etrap gaz edaralaryndan kommentariý almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan Wekilbazar etrap gaz edarasynyň bir işgäri welaýat we etrap prokuraturalarynyň gaz edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirendigini aýdyp, şeýle diýdi:

“Prokuraturanyň işgärleri gaz edaralarynyň ýolbaşçylaryna edaradaky ýetmezçilikleri dolmak üçin şu usuldan peýdalanmagy tabşyrypdyrlar. Umuman, ýaşaýjylardan nädip alyp bilseňiz alyň diýipdirler” diýip, Wekilbazar etrap gaz edarasynyň işgäri aýtdy.

Belläp geçsek, bu türkmen häkimiýetleriniň ilaty ulanmadyk ýa-da öňümizdäki aýlarda sarp etjek tebigy gazy üçin artykmaç töleg tölemäge mejbur edýändigi barada peýda bolan ilkinji habar däl.

1-nji awgustda Daşoguz welaýatyndaky edara-kärhanalaryň işgärlerinden, şol sanda mekdep mugallymlaryndan öňümizdäki aýlarda sarp ediljek hojalyk hyzmatlary, hususan-da tebigy gaz üçin öňünden pul ýygnalýandygy mälim boldy.

“Her bir edarada işgärlerden dürli möçberdäki pul ýygnalýar. Meselem, mekdep mugallymlary 100 manatdan 300 manada çenli tabşyrmaga mejbur bolýarlar. Kompressor stansiýanyň işgärlerinden bolsa, 600 manat getirmegi talap edipdirler” diýip, daşoguzly habarçy gürrüň beripdi.

Türkmenistanda 1993-nji ýyldan bäri ilata berlen gaz, tok suw mugtçylygy 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda ýatyryldy. Türkmen hökümeti ilatyň ýaşaýyş şertleriniň gowulanandygyny aýdyp, 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap gazy, togy we suwy tölegli etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG