Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki jemgyýetçilik transportlarynda bildirişler asylyp, onda sarp edilen elektrik energiýasynyň tölegini aýma-aý tölemedik ýaşaýjylaryň togunyň kesiljekdigi we işiň kazyýete geçiriljekdigi duýdurylýar.
Bu barada habar beren “Türkmen.news” neşiri Türkmenabadyň jemgyýetçilik transportynda asylan bu bildirişiň suratyny 25-nji iýulda öz websaýtynda çap etdi.
“Hormatly ýaşaýjylar! ‘Döwletenergogözegçilik’ kärhanasynyň Lebap [welaýaty boýunça] bölüminiň raýatlar toparyna gelip, elektrik energiýasyny hasaplaýjy enjamynyň görkezmesi esasynda her aýda sarp edilen elektrik energiýasynyň tölegleri boýunça hasaplaşyk geçirmelidigiňizi ýatladýarys” diýlip, bildirişde bellenilýär.
Şeýle-de, onda ‘siziň sarp eden elektrik energiýasynyň tölegi aýma-aý tölenilmedik ýagdaýynda, elektrik energiýasynyň berilmeginiň bes edilip, işiň kazyýete geçiriljekdigini duýdurýarys’ hem diýilýär.
Azatlyk Radiosyna bu bildirişiň asylandygyny öz ýurt içindäki habarçylaryna we çeşmelerine häzirlikçe tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.
Türkmen hökümeti 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ondan ozal ilata mugt we ýeňillikli bahadan berlen gazy, togy, suwy we beýleki hyzmatlary tölegli etdi. Şondan soň ýurduň gazetlerinde elektrik energiýasy üçin tölegleri öz wagtynda tölemedik ýaşaýjylaryň togunyň kesiljekdigi baradaky bildirişler wagtal-wagtal çap edilip başlandy.
Şu ýylyň 26-njy fewralynda Balkanyň welaýat gazetinde çap edilen bildirişde “sarp edilen elektrik energiýasynyň töleg resminamasynyň 14 gün geçenden soňra tölenmedik ýagdaýynda, elektrik energiýasyny ýerleýän kärhana sarp edijini elektrik ulgamyndan öçürip biler” diýildi.
Munuň bilen bir wagtda, Türkmenistanyň edara-kärhanalarynyň işgärlerinden gaz, suw ýa-da elektrik togy üçin tölegleri öz wagtynda töländikleri barada resminamalar we kwitansiýalar hem talap edilip başlandy.
Iň soňky gezek şu ýylyň 17-nji iýulynda Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň öz öýlerinde gaz, tok we suw üçin tölegleri töländigi hakynda kwitansiýalary getirmäge borçly edilendigini habar berdi. Habarçynyň sözlerine görä, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary munuň prokuratura tabşyrmak üçin gerekdigini mälim edipdirler.
Döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden öý hojalyk hyzmatlary üçin bergisiniň ýokdugyny tassyklamagyň talap edilýändigini welaýat prokuraturasyndaky çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna beren maglumatynda tassyklapdy. Ol muny töleg etmeýänlere garşy göreş bilen düşündirdi we olaryň barha köpelýändigini belledi.
“Türkmen.news” neşiri öz ýurt içindäki çeşmesine salgylanyp, tutýan meýdany 30 m2-dan köpräk bir kwartirada ýaşaýan, dört adamdan ybarat bir maşgalanyň sarp edýän aýlyk elektrik energiýasynyň töleginiň ortaça 27 manada barabar bolýandygyny habar berýär. Bu resmi kurs bilen 8 amerikan dollaryna golaý we “gara bazaryň” nyrhy bilen ortaça 1,5 amerikan dollaryna barabar bolýar.
Ýöne neşir bu maşgalanyň gyşyna elektrik peçlerden, tomsuna elektrik çäýneklerden we sowadyjylardan (kondisionerlerden) peýdalanman, elektrik energiýasyny gündelik durmuşda zerur bolan esasy hajatlar üçin ulanýandygyny hem belleýär.
Şeýle-de, neşir bu töleg möçberiniň maşgala agzalarynda hemişelik işi bolan hojalyklara o diýen agram salmaýandygyny, ýöne eli ýuka maşgalalaryň arasynda tölegleri öz wagtynda töläp bilmeýänleriniň bardygyny hem ýazýar.
“‘Döwletenergogözegçilik’ kärhanasynyň işgärleri elektrik energiýasynyň tölegini wagtynda tölemedik ýaşaýjylaryň toguny kesýärler. Ýaşaýjylar ony gaýtadan açdyrmak üçin goşmaça pul tölemeli bolýarlar” diýip, “Türkmen.news” neşiri belleýär.
Türkmenistanda ilata çärýek asyrlap mugt berlen hyzmatlaryň ýatyrylmagy, ýurtda indi iki ýyla golaý wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, şol sanda günübirin ulanylýan azyk önümleriniň gytçylygy we gymmatçylygy dowam edýän, şeýle-de bankomatlarda nagt puluň köplenç tapdyrmaýan mahalynda amala aşdy.
Aziýanyň ösüş bankynyň 2019-njy ýyl üçin yklymyň ösüş çaklamalary boýunça çap eden soňky hasabatynda türkmen ykdysadyýetiniň kynçylykly şertleri ykrar edilýär. Şeýle-de, hasabatda hökümetiň amala aşyrýan ýeňillik reformalaryny, olaryň sosial täsirini hasaba goşup, durmuşa geçirmegiň zerurdygy bellenilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.