Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani ABŞ sanksiýalaryny ýatyrmasa, gepleşikleriň geçirilmejekdigini aýtdy


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Prezident Tramp “mynasyp” ýagdaýda özüniň prezident Hassan Rohani bilen duşuşmaga taýýardygyny aýdanyndan soňra, Eýranyň prezidenti Waşington tarapyndan Tähranyň garşysyna girizilen sanksiýalar ýatyrylmasa, Eýran Birleşen Ştatlar bilen gürleşmez diýdi.

Rohani 27-nji awgustda telewideniýede eden çykyşynda Eýran gepleşige taýýar, “ýöne ilki Amerika herekete geçip, Eýranyň garşysyna girizen bikanun we adalatsyz sanksiýalaryny ýatyrmaly” diýdi.

Eýranyň prezidenti öz ýurdunyň “hiç haçan ýadro ýaraglaryny islemändigini” ýene bir gezek gaýtalap, Tähran “biziň bähbitlerimiz kepillendirilmese, 2015-nji ýylky geleşikde öz üstüne alan borçlarynyň gerimini çäklendirmegi dowam etdirer” diýdi.

Öten ýyl Waşington dünýäniň güýçli döwletleri bilen Tähran arasynda baglaşylan ýadro geleşiginden çekilip, Eýranyň ykdysadyýetini çökeren sanksiýalary gaýtadan girizensoň, Eýran bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky dartgynlyklar güýçlenip ugrady.

Geleşige gol çekişen beýleki bäş döwlet, şol sanda Fransiýa, Britaniýa we Germaniýa ylalaşyga ygrarly galdylar. Bu ylalaşykda Tähran sanksiýalaryň ýeňledilmeginiň deregine ýadro işjeňliklerini jylawlamagy öz üstüne alypdy.

Ýöne Eýran ylalaşykda kabul eden borçlarynyň käbiriniň möçberini çäklendirip başlady.

Fransiýada 26-njy awgustda Ýediler (G7) sammitiniň soňunda Prezident Tramp “ýagdaýlar laýyk ýa mynasyp bolan halatynda” özüniň Rohani bilen duşuşmaga razylyk berjekdigini aýtdy.

Ol şeýle hem Eýran bilen täze ýadro ylalaşygynyň perspektiwasy barada özünde “gowy duýgularyň” bardygyny belledi.

“Biz uzak döwrüň içinde atom ýaraglaryny, ballistik raketalary islämizok . Bu bir gaty düşnükli zat” diýip Amerikan prezidenti aýtdy.

Tramp özüniň sanlyja hepdäniň içinde Rohani bilen duşuşmagynyň realistik zatdygyna ynanýandygyny belledi. Fransuz prezidenti Makron ozal bu ugurda ençeme diplomatik başlangyçlary ýola goýup, “öňümizdäki hepdelerde, şu gepleşikleriň esasynda” Amerikan prezidenti bilen Eýranyň prezidentiniň arasynda “bir sammitiň bolmagyny gazanyp bileris” diýip umyt bildiripdi.

25-nji awgustda Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifiň Tähranyň ýadro programmasy barada petige dirän diplomatik gepleşikler hakda pikir alyşmak üçin öňünden yglan edilmedik sapar bilen Fransiýanyň Biarritze şäherine Ýediler sammitine barmagy hem şu inisiatiwalaryň esasynda bolupdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG