Mary welaýatyndaky hususy eýeçilikdäki dermanhanalaryň azyndan iki sanysynda raýatlar derman satyn almak üçin uzyn nobatlara durýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri habar berýär.
“Mary şäherindäki ‘Abajan’ dermanhanasynda ýa-da onuň Agahanjaýewadaky bölüminde nobata duran adamlaryň sany gaty köp. ‘Terminal işlemeýär’ diýlensoň, yzyna gaýdýan adamlary hasaba almanyňda, bu ýerde nobata duranlaryň sany 100-den geçýär” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçy 1-nji awgustda gürrüň berdi.
Onuň tassyklamagyna görä, nobatlaryň sebäbi hususy eýeçilikdäki dermanhanalardaky dermanlaryň bahalarynyň döwlet eýeçiligindäki dermanhanalardakydan has arzan bolmagy bilen baglanyşykly.
“Beýleki hökümet dermanhanalarynda dermanlar bulardan-da gymmat. Meselem, 8-nji ýa-da 50-nji dermanhanalarda ‘Ampetselin’ tabletkasynyň 1 týubigi 10 manat, hususy eýeçilikdäki dermanhanalarda, şol sanda ‘Abajanda’ 7 manatdan satylýar. Adamlaryň güzeran aýlamagy gün-günden kynlaşýar. Şol sebäpli adamlar derman nirede 1-2 manat arzan satylýan bolsa, şol ýere barýar” diýip, habarçy bu nyrh ara tapawudynyň sebäpleriniň nämälim bolup galýandygyny hem belledi.
Şeýle-de, habarçy hususy dermanhanalarda adamlaryň uly nobatlarynyň döremegine öz öýlerinde derman satýan hojalyklaryň işine gadagançylygyň girizilmeginiň hem belli bir derejede täsir ýetirendigini aýdýar.
“Öňler ähli etrapçalarda ýa-da obalarda diýen ýaly 1-2 sany derman satýan hojalyk bardy. Iki aý çemesi ozal öz öýünde derman satýanlaryň dermanlary elinden alnyp, olaryň söwdasy gadagan edildi. Olara uly möçberde pul jerimesini hem saldylar” diýip, habarçy gürrüň berdi.
Galyberse-de, habarçy soňky üç aýa golaý wagtyň dowamynda dermanlaryň bahasynyň hem gymmatlandygyna ünsi çekip, olaryň ozalky hem häzirki bahanalaryny deňeşdirdi.
“‘Ampetselin’ tabletkasynyň 1 týubigi öň hususy dermanhanalarda 5 manatdy, häzir 7 manat boldy. ‘Pikowit’ atly witamin 40 manatdy, häzir 70 manada durýar” diýip, habarçy aýtdy.
Soňky ýyllarda ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän Türkmenistanda dermanlaryň gytçylygy we gymmatlamagy ençeme gezek ýüze çykdy.
Şu aýyň 19-da süýji keselden ejir çekýän Aşgabadyň ýaşaýjylary derman ýazdyrmak üçin keselhana baranda täze talap bilen ýüzbe-ýüz boldular. Şonda saglyk resmileri näsaglara mundan beýläk keselhanalara öz blanklary bilen barmaly boljakdygyny, ýagny olary uly möçberde özleriniň çap etdirip getirmelidigini, sebäbi indi olaryň keselhanada berilmejegini duýdurdylar.
13-nji maýda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary tutuş ýurt boýunça insuliniň ýetmezçiliginiň dörändigini habar beripdi. Şonda Aşgabatda bir aýa golaý wagtyň dowamynda ägirt uly nobatlar döredi.
26-njy iýunda bolsa, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri Türkmenistanda gytalan daşary ýurt dermanlaryň ýerine teklip edilýän ýerli derman önümleriniň hem gytçylygynyň dörändigini habar berdi.
Şonda habarçy bu ýagdaýda paýtagtyň dermanhanalarynda dermana derek ösümlikleriň şiresiniň, hususan-da, ýürek-damar dermanlaryna derek otlaryň teklip edilýändigini aýtdy.
Geçen ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi raýatlara döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtorlygynda ýazylandygy aýdylýan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynda görkezilen çaýlary içmegi maslahat berdi.
Şonda ministrlik prezidentiň kitabyna salgylanyp, güýz paslynda dem alyş ýollarynda döreýän ýiti keselleriň öňüni almaga beýlekiler bilen bir hatarda it burunyň, narpyzyň, çopantelpegiň, buýan köküniň we şuňa meňzeşiň çaýynyň peýdalydygyny köpçülige ýetirdi.
Azatlyk Radiosynyň ýurduň dermanhanalardaky uzyn nobatlar, şeýle-de derman gymmatçylygy we gytçylygy barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden kommentariý almak üçin eden ençeme synanyşygy netije bermedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.