Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Donald Tramp 18-nji martda Putin bilen gürleşjekdigini aýtdy


Donald Tramp
Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 18-nji martda sişenbe güni Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen gürleşmekçidigini mälim etdi. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň lideri bu barada Florida ştatyndan Waşingtona barýan prezident uçarynda žurnalistlere aýtdy.

Tramp hepdäniň ahyrynda köp iş edilendigini aýtdy.

"Bu söweşi bes edip biljekdigimizi görmek isleýäris. Belki başararys, belki edip bilmeris, ýöne meniň pikirimizçe gaty gowy şansymyz bar" - diýip, ABŞ-nyň prezidenti aýtdy.

Tramp žurnalistler bilen söhbetdeşlikde “ýer hakda” we “elektrik stansiýalary barada” eglişikleriň hem boljakdygyny aýtdy. BBC habar gullugynyň maglumatyna görä, bu mesele rus goşunlary tarapyndan ele salnan territoriýada ýerleşýän Zaporižýa ýadro elektrik stansiýasyna degişli.

"Meniň pikirimçe, bularyň köpüsi eýýäm iki tarap, Ukraina we Russiýa tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylýar. Biz eýýäm bu barada, käbir emläkleri bölmek barada gürleşýäris" -diýip, Donald Tramp aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio CBS telekanalyna beren interwýusynda Ukrainadaky konflikti çözmek üçin yzygiderli çäreleriň "A plan" we "B plan"- dan ybaratdygyny aýtdy.

"A plan ok atyşygy bes etmekden ybarat bolup, ol hemmäni gepleşik stoluna geçirmek boýunça ikinji tapgyra, ýagny 'B plana' geçmek üçin zerur" - diýip, Rubio aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary ikinji tapgyryň esasy maksadynyň, ähli taraplaryň bähbitlerini göz öňünde tutup, urşy hemişelik nädip bes etmelidigini anyklamakdygyny belledi.

16-njy martda Trampyň ýörite wekili Stiwen Witkoff Amerikanyň lideri bilen Putiniň arasynda ot açyşlygyň we Ukrainadaky söweşiň parahatçylykly tamamlanmagyna bagyşlanan söhbetdeşligiň şu hepde bolup biljekdigini mälim edipdi.

XS
SM
MD
LG