Süýji keselden ejir çekýän Aşgabadyň ýaşaýjylary mundan beýläk keselhanalara öz blanklary bilen barmaly bolarlar. Bu barda habar berýän Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, näsaglar bu täze düzgün barada derman ýazdyrmak üçin keselhana baranda bilip galypdyr.
"Bu blanklary insulini mugt alýan adamlara keselhanada berdiler we mundan beýläk blanklary uly möçberde özleriniň çap etdirip getirmelidigini, sebäbi indi olaryň keselhanada berilmejegini duýdurdylar" diýip, habarçymyz aýdýar. Onuň sözlerine görä, lukmanlar munuň sebäbini kagyz ýetmezçiligi bilen düşündiripdir.
Keselhanalaryň arassa blanklary getirmek talabynyň beýleki dermanlary ýazdyrmak üçin degişli bolup-bolmazlygyny häzirlikçe anyklap bolmady.
Azatlygyň redaksiýasy bu barada Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginden düşündiriş almaga synanyşýar.
Türkmenistanda insulini diňe resept boýunça döwlet dermanhanalaryndan alyp bolýar. Hususy dermanhanalarda insulin satylmaýar. Bu şertlerde süýji keselden ejir çekýänler we olaryň ýakynlary insulin almak üçin her gezek keselhana baryp, resept ýazdyrmaly bolýarlar.
"Hassalygyň derejesine we agyrlygyna görä, mugt derman alyp bilýänlere degişli bolan insuline garaşy adamlar her aýda käte birnäçe gezek dermany ýazdyryp almaly bolýar" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.
Soňky aýlarda Aşgabadyň ýaşaýjylary süýji keselliler üçin iňňän wajyp insuliniň gytçylygyna duçar boldular.
13-nji maýda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary tutuş ýurt boýunça insuliniň ýetmezçiliginiň dörändigini habar beripdi. Aşgabatda bir aýa golaý wagtyň dowamynda ägirt uly nobatlar döredi.
Ägirt uly nobatlaryň fonunda dermanhanalarda insulin uly çäklendirmeler bilen, ýagny reseptde görkezilen möçberden az berildi.
"Eger lukman näsaga onuň keseliniň agyrlygyna görä, bäş ampula ýazyp berýän bolsa, dermanhanada oňa bagty çüwse üç sanysyny berýärler. Eger üç ampula ýazylan bolsa, ikisini berýärler. Emma köp halatlarda näsaglar, ýa-da süýjükeselli maýyplaryň özleri baryp bilmän, olara derek garyndaşlary dermanhana baranlarynda dermanyň gutarandygyny eşidip galýarlar. Şonuň üçin mugt derman berýän, meselem, Alişer Nowaýy köçesindäki döwlet dermanhanasynyň öňünde onuň sekizde açylmagyndan esli wagt öň nobatlar döreýär. Emma bu dermanyň beriljegini güwä geçmeýär" diýip, 13-nji maýda Azatlygyň habarçysy aýtdy.
Iýun aýynyň ortalarynda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagtyň dermanhanalarynda insuliniň ýazylan reseptlere görä berilip başlandygyny habar berdiler.
Türkmenistanda derman gytçylygy dowam edýär. Soňky ýyllarda tutuş ýurt boýunda hususy we döwlet dermanhanalaryň onlarçasy ýapyldy, dermanlaryň gytçylygy we gymmatlamagy ýüze çykdy.
Däri-dermanlaryň gytçylygynyň fonunda ilat köpçüligi dermanlary daşary ýurtlardan getirmekde hem päsgelçiliklere duçar bolýarlar. Aşgabadyň halkara aeroportunda daşary ýurtlardan gelýän ýolagçylaryň el goşlarynyň barlanyp, içinden tapylan dermanlaryň we medisina serişdeleriniň aeroportuň işgärleri tarapyndan alynmagy barada ençeme gezek habar berilipdi.
Türkmenistanda insuliniň gytçylygynyň ýüze çykmagynyň sebäpleri belli däl. Saglygy saklaýyş ministrligi tarapyndan bu mesele barada resmi beýanat bolmady. Dermanhanalaryň işgärleri ol ýa-da beýleki dermanlaryň gytçylygynyň sebäplerini düşündirmeýärler. Azatlyk resmi düşündirişleri Türkmenistanyň saglygy saklaýyş resmilerinden hem alyp bilmedi.
Häzirki wagtda Aşgabadyň dermanhanalarynda gytalan dermanlara derek derman ösümlikleriniň şiresini almak teklip edilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.