Türkmen döwlet habarlar gullugy 29-njy iýunda, Gurbanguly Berdmuhamedowyň 62 ýaşynyň dolýan gününde “Milli Liderimiz - halkymyzyň daýanjy we buýsanjy” diýen at bilen baş makala çap etdi. Emma onuň dowamynda prezidentiň ýaşy we ýaş toýy asla agzalmaýar.
Bu makala Azatlyk radiosynyň habarçylarynyň bir wagtda birnäçe regionda prezidentiň gelmegine taýýarlyk görülýändigi barada beren maglumatlarynyň yz ýanyndan peýda boldy. Ondan öň Azatlygyň habarçylary prezidente Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda garaşylýandygyny habar berdiler.
TDH Berdimuhamedowyň “halka beren wadasynyň ýekejesiniň hem ýerine ýetirilmän galmaýandygyny” tassyklap, “Garagumda döredilen ägirt uly emeli köl kimin, başa barmajak ýaly bolup görünýän pikirleriň we taslamalaryň ählisi iş ýüzünde amala aşyrylyp, arzuwlar hasyl boldy” diýip ýazýar.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy (ady redaksiýada bar) "bu nädogry, Berdimuhamedow 'adamlaryň durmuş derejesini ýewropa ölçeglerine deňleşdirjek, oba adamlarynyň meselelerini çözjek' diýdi, emma ýagdaý has agyrlaşdy" diýdi.
Doly döwlet kontrollygynda saklanylýan türkmen mediasyndan tapawutlylykda, garaşsyz neşirler Türkmenistanyň soňky ýyllarda iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýändigini, ýurt raýatlarynyň köpüsiniň eklenip bilmän, köpçülikleýin ýurtdan gidýändigini habar berýärler.
Garagumda döredilen ägirt uly emeli köl kimin, başa barmajak ýaly bolup görünýän pikirleriň we taslamalaryň ählisi iş ýüzünde amala aşyrylyp, arzuwlar hasyl boldy."TDH
Ekspertleriň we synçylaryň pikiriçe, bu krizise bir tarapdan energiýa bahalarynyň global arzanlamagy, türkmen ykdysadyýetiniň ýeterlik diwersifikasiýa edilmezligi, ikinji tarapdan ýurtda diňe Berdimuhamedowyň karar bermeginde başlanýan ägirt uly we netijesiz gurluşyklar, erkin telekeçilige ýol berilmezligi we giň ýaýran korrupsiýa, kanunlaryň işlemezligi sebäp bolýar.
Azatlyk radiosy bu makala, şol sanda Berdimuhamedowyň halka beren wadalaryny ýerine ýetirişi baradaky pikirini sorap, hukuk goraýjy Farid Tuhbatulline telefon etdi.
“Ol häkimiýet başyna gelende käbir ädimleri ätdi we men muny Türkmenistanda nähilem bolsa bir maýlama hasapladym; ýagny ol welaýatlaryň arasyndaky barlag nokatlaryny aýryp, hereket azatlygyna girizilen çäklendirmeleri azaltdy, Nyýazow döwründe onuň janyna kast etmek synanyşygynda aýyplanan birnäçe adamy tussaglykdan boşatdy, Birleşen Ştatlara sapary wagtynda geljekde jemgyýeti demokratlaşdyrjakdygyny, bilimi reforma etjekdigini aýtdy, emma bular ýarym, bir ýyla golaý wagt dowam etdi” diýip, F.Tuhbatullin belli bir döwürde ilatyň erkin walýuta almak we satmak mümkinçiliginiň bolandygyny hem sözüne goşdy.
Tuhbatulliniň we beýleki synçylaryň pikiriçe, Türkmenistanda metbugat azatlygy boýunça kabul edilen kanun ýerine ýetirilmeýär we, oppozision syýasy partiýalary däl, hatda hökümetden aýry hukuk goraýjylar guramasyny döretmek mümkinçiligi döredilmedi.
Şol bir wagtda, türkmen kanunçylygy syýasy-ykdysady azatlyklara, söz, pikir we din azatlygyna garşy gelmeýär.
Muňa derek, synçylaryň pikiriçe, Baş kanuna düzediş girizilip, ýurtda ikinji ömürlik prezidentiň döremegine ýol açyldy, prezidentiň ogly syýasy meýdana getirilip, häkimiýetiň atadan ogla geçmegine görülýän taýýarlyklar baradaky aladany güýçlendirdi.
Berdimuhamedow Nyýazow döwründe ýatyrylan Ylymlar akademiýasyny dikeltdi, mekdepleriň, ýokary okuw jaýlarynyň gysgaldylan ýyllaryny uzaltdy. Emma Tuhbatullin hakykatda Türkmenistanda wada berlen bilim reformalarynyň başa barmandygyny, okuw ýyllarynyň uzaldylmagynyň garaşylan netijeleri bermändigini aýdýar:
“Ýurtda bilimiň derejesi örän we örän aşak gaçdy, muny köp adam, şol sanda daşary ýurtly hünärmenler hem aýdýar” diýip, Tuhbatullin bu ugra hem, beýleki pudaklarda bolşy ýaly, ýüzleý çemeleşilendigini, düýpli we töwerekeleýin çemeleşmäniň bolmandygyny belledi.
Şeýle-de ol ýurtda saglygy saklaýyş pudagynyň derejesiniň ýyl-ýyldan aşak gaçýandygyny, Türkmenistanda hatda eli ýuka adamlaryň hem, karza girip, daşary ýurtlara saglyk syýahatlaryna gitmäge çalyşýandyklaryny sözüne goşdy.
Türkmen mediasy ýurtda Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda gazanylýan üstünlikler diýende esasan milliardlarça dollar serişde harçlanýan iri desgalary mysal getirýär. Emma Tuhbatullin ýurtda uly dabara bilen açylýan desgalara harçlanýan serişdeleriň hakykatda göni we göçme manysyna guma sowrulýandygyny aýdýar.
“Men bu ýerde diňe Nyýazow döwründe başlanyp, Berdimuhamedow döwründe dowam etdirilen “Altyn asyr” türkmen kölüniň gurluşygyny nazarda tutmaýaryn, soňky ýyllarda gurlan zawodlaryň köpüsi taslama göz öňünde tutulyşyndan juda az önüm öndürýär ýa-da düýpden işlemeýär. Netijede olar haýsydyr bir ykdysady ýa sosial funksiýany ýerine ýetirmeýär” diýip, hukuk goraýjy mediada üstünlik hökmünde görkezilýän taslamalaryň hakykatda uly zyýankeşlige öwrülendigini öňe sürdi.
Berdimuhamedowyň nobatdaky ýaş toýy Azatlygyň syzyp çykan maglumatlar esasynda soňky on ýylda ýurtdan iki milliona golaý adamyň çykyp gidendigi barada çap eden habarynyň bir aý soňundan bellenilýär.
"Döwlet statistika komitetiniň köp wagtlap ýygnan ýapyk informasiýasyna görä, 2008-2018-nji ýyllaryň aralygynda ýurduň daşyna 1 million 879 müň 413 adam hemişelik ýaşamaga ýa-da işlemäge gidipdir, bu kategoriýanyň tas ählisi yzyna dolanmaýar" diýip, çeşmelerimiziň biri bu sanyň ýurduň daşyna gidip-gelýän türkmenistanlylary öz içine almaýandygyny 29-njy maýda habar berdi.
"Bu sanlar prezidente görkezilende, onuň özüni ýitirendiginigürrüň berdiler. Berdimuhamedowy ýolbaşçylygy üçin şundan beter biabraýçylyk bolmasa gerek" diýip, gizlinlik şertlerinde söhbetdeş bolan ygtybarly çeşme Azatlyk radiosyna bir aý ozal aýtdy.