28-nji aprelde Türkmenistanda bellenip geçilen Türkmen bedewiniň milli baýramynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "Rowaç" atly taýçanaga bagyşlap, rep äheňinde bir aýdym ýerine ýetirdi. “Dünýä Türkmenleri” gepleşiginiň bu sanynda türkmen prezidentiniň aýdan soňky aýdymyna tomaşaçylaryň görkezen reaksiýalary, türkmen aýdym-saz senedi we rep barada umumy gürrüň edilýär.
"Aýdymlar"
Sözümize häzirki zaman türkmen aýdymçylyk senediniň köp dürli seslerini mysal getirip gürrüňe başlasak, türkmen aýdymlary we aýdymçylary soňky 3 onýyllygyň dowamynda ne günlerden geçdi, nähili ewolýusiýany başdan geçirdi!? Çeper höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda bir döwürler aýdymda "suw sepişýärdiler", bir görseň "tapawudy ýok", bir görseň "tapawudy bar" diýen ýaly repler ýerine ýetirilýärdi. Heniz hem suw sepişilýän repler bar. (Bellik: Gepleşigiň ses ýazgysynda degişli mysallar getirilýär)
Ilhalar bagşylaryň ýerine ýetirmeginde gowy hasaplanýan aýdymlar diňlenýärdi. (Meselem; Atageldi Garýagdyýew, "Keçpelek"; Atabaý Çarygulyýew "Läläm"). Syýasy ýa-da has hasaplanýan aýdymlar bardy. (Meselem; Akyş Saparow, "Gollarym bagly", "Döke başlady")
Golaýda, türkmen prezidenti “Rowaç” taýçanaga bagyşlap täze rep aýdymyny ýerine ýetirdi.
"Rowaç"
Geliň, gepleşigimiziň başynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýerine ýetiren soňky rep aýdymyndan bir bölek diňläliň! Ondan soň bu aýdyma Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň, Özbek gullugynyň hem-de Türkmen gullugynyň okyjylarynyň we diňleýjileriniň görkezen reaksiýalary barada gürrüň ederis. (Bellik: Radiogepleşikde aýdymyň ses ýazgysyndan bir bölek getirilýär)
Türkmen prezidetiniň aýdan täze aýdymy Azatlyk Radiosynyň dürli gulluklarynyň websaýtlarynda we sosial media hasaplarynda paýlaşyldy. Biz şol wideolara tomaşaçylaryň görkezen reaksiýalaryny öwrenmek üçin Gyrgyz gullugyndan žurnalist Kaarmanbek Kuluew hem-de Özbek gullugyndan žurnalist Aziz Nur bilen söhbetdeş bolduk.
Prezidentiň täze çykyşyna öz auditoriýalarynyň garaýşyny beýan eden gyrgyzystanly žurnalist Kaarmanbek Kuluew täze aýdymy köpleriň geňlemändigini gürrüň berdi:
Öwrenişmeklik
“Prezident Berdimuhamedowyň çykyşlary barada aýdylanda, olar mydama üýtgeşik, ýöne biz onuň [soňky çykyşyna] turuwbaşdan täzeçillik diýip bilmeris, sebäbi adamlar onuň soňky stilde edýän çykyşlaryna öwrenişdi diýen ýaly. Ol aýdym aýdýar, käwagt ulag sürýär ýa-da ol beýleki prezidentleriň köplenç etmeýän zatlaryny edýär” diýip, gyrgyz žurnalisti aýtdy.
Ol Berdimuhamedowyň mundan ozalky çykyşlaryna gyrgyzlaryň has içgin gyzyklanma bilen çemeleşendigini gürrüň berdi:
“Biz onuň öz atyna bagyşlap aýdan iň soňky aýdymyny, elbetde, sosial media hasaplarymyzda paýlaşdyk. Men şuny aýdyp bilerin, ýagny ol aýdym tomaşaçylarymyzyň arasynda o diýen bir uly goh turuzmady. Adamlar ol wideo reaksiýa görkezdiler. Ýöne ol reaksiýalar onuň öňki çykyşlaryna görkezilen reaksiýalardan has şowhunly bolmady. Meniň pikirimçe, adamlar indi onuň çykyşaryna öwrenişen ýaly. Şonuň üçin soňky çykyş düýbünden täzeçillik bolmady. Ol aýdym aýdýar, bu sapar başga zat barada, ýöne onuň aýdym aýtmagy düýbünden täzelik däl” diýip, žurnalist aýtdy.
Kuluew agzalýan wideonyň aşagynda galdyrylan teswirleri üç topara bölýär:
Çörek we aýdym
“Umumy aýdylanda, soňky prezidentiň [aýdym aýdýan] wideosyna tomaşaçylarymyzyň görkezen reaksiýalaryny üç topara bölmek mümkin. Olaryň birinji görnüşi örän pozitiw - adamlar ‘ol gaty gyzykly adam, men oňa tomaşa etmegi halaýaryn’ diýýärler. Görkezilýän reaksiýalaryň ikinji görnüşi olaryň birinji görnüşiniň doly tersi bolup, adamlar onuň edýän hereketlerine ‘profesional däl’ diýip, baha berýärler. Ýogsa-da, men muny biraz ýumşadyp aýdýaryn, olar ‘prezidentiň etmeli däl zatlar bilen meşgul bolmagy örän profesional däl’ diýýärler. Adamlaryň görkezýän reaksiýalarynyň üçünji görnüşinde gürrüň syýasata çekilýär; meniň görýän tendensiýalarymda adamlar ýurduň [Türkmenistanyň] ykdysady kynçylyklary barada gürrüň edýärler. Ozallar adamlar ‘olarda gaz mugt ýa başga zat mugt’ diýip gürrüň ederdi. Indi öňki mugtçulyk ýok. Üstesine ýurtda käbir adamlaryň azyk önümleriniň ýetmezçiligini başdan geçirýändikleri barada maglumat eşidýärsiň we adamlar şoňa seredip, ‘käbir adamlar çörek tapmaýan wagty, prezident aýdym aýdyp ýör’ diýýärler. Bu görkezilýän reaksiýalaryň üçünji görnüşi; adamlar ‘haladym’ ýa ‘halamadym’ diýmän, ‘gel ýagdaýlar barada gürrüň edeli’ diýen tarapa çekmäge synanyşýarlar” diýip, ol belledi.
Gyrgyzystanly žurnalist türkmen prezidentiniň şeýle çykyşlarynyň gyrgyz auditoriýasy üçin adatylaşandygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi:
Adatylyk
“Gaýtalap aýtsam, [prezidentiň aýdym aýdýan wideosyna] adamlaryň görkezen reaksiýalary o diýen köpçülikleýin däl. Gyrgyzystanda hemmeler ol wideo tomaşa edip, lezzet alyp, şonuň gürrüňini etdiler diýip bolmaz. Indi beýle däl. Ilkibaşlarda, adamlar ‘serediň ol prezident nämeler edýär’ diýişerdiler. Indi olar adaty zatlara öwrüldi. Her aýda bir gezek ýa-da her iki aýda bir gezek ol üýtgeşik bir zatlar edip durýar. Şonuň üçin indi onuň edýän çykyşlary gaty bir üýtgeşik hereket däl-de belli bir derejede adaty zatlara öwrüldi dýsegem bolar”
Giňeýän auditoriýa
Özbek žurnalisti Aziz Nur Berdimuhamedowyň şeýle çykyşlarynyň Özbegistanda dürli internet platformalarynda giňden paýlaşylýandygyny aýdýar:
“Berdimuhamedow haçan-da haýsydyr bir, sungat eseri diýilýänini döredende onuň wideosy Özbegistanda diňe bir Azatlygyň saýtynda däl, eýsem ol, gülkünç wideolar paýlaşylýan beýleki sosial media platformalarynda-da giňden paýlaşylýar. Özbek auditoriýasynyň Berdimuhamedowyň döredijiligine bolan garaýşy barada umuman aýdylanda, adamlar onuň döredýän zatlaryna gülýärler” diýip, žurnalist aýtdy.
Onuň maglumatlaryna görä, Özbegistanda Mirziýoýew hökümet başyna geçenden soň özbek halky Berdimuhamedowy has ýakyndan tanap başlady:
Ýakyndan tanyşlyk
“Türkmenistan Özbegistanyň iň golaý-goltumyndaky goňşusy bolandygyna garamazdan, Karimowyň döwründe Türkmenistan özbekler üçin iň bir ýapyk hem-de ol barada köp zat bilinmeýän ýurtlaryň biridi. Ýöne haçan-da, Mirziýoýew hökümet başyna geçende, ol Berdimuhamedow bilen duşuşyp başlady we özbekler Türkmenistan barada biraz has köp zatlaryň üstüni açyp başladylar. Şondan bäri Berdimuhamedowyň wideolary we beýlekileri özbekleriň arasynda has köp meşhurlyk gazanyp başlady. Ýöne nähili meşhurlyk?”
Gyrgyzystanly žurnalist Kaarmanbek Kuluew mundan ozal aýdym-sazly çykyşlary bilen il öňüne çykýan syýasatçylara mysal getirýär:
Saksafon
“Haçan-da syýasatçylar şeýle çykyşlary ýerine ýetirende bir wajyp zat bar; aslynda, syýasatçylaryň nähilidir bir çykyşlary ýerine ýetirmeginde hiç hili aýyplaşarlyk zat ýok. Meselem, Bill Klinton saksofon çalardy. Ýöne olar şonda-da syýasatçy bolmagynda galýarlar. Ol prezident bolup aýdym ýazsa, bu iň ajaýyp aýdym diýen manyny aňlatmaýar. Adamlar aýdymy diňleýär, kabul edýär. Aýdym aýdany üçin prezidente hiç kim “Grammy” sylagyny gowşurmaýar. Hiç kim ol aýdym dünýäde döredilen aýdymlaryň iň naýbaşysy diýmeýär” diýip, ol aýdýar.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň žurnalisti Aziz Nur Özbegustanyň öňki prezidenti Karimowyň köpçülikde edýän çykyşlaryna salgylanýar:
Tans
“Karimowyň edýän şeýle hereketleri barada aýdylanda, ol döwlet baýramçylyk çärelerinde diňe tans ederdi. Nowruz, Garaşsyzlyk ýaly baýramlarda stadionda geçirilýän baýramçylyk çäreleriniň dowamynda, çäräniň ortalarynda ýa-da ahyrlaberende Karimowyň ýerinden turup tans etmegi rituala öwrülipdi we bu hereket däp bolupdy. Ýöne onuň edýän tanslarynyň aňyrsynda düýbünden başga sebäpler bardy. Men aýtsam, ol tans etmek bilen adamlara öz güýç-gaýratynyň ýerindeligini, saglyk ýagdaýynyň gowudygyny görkezmek isleýärdi. Bu “men oňat, meniň saglyk ýagdaýym gowy, men muny size görkezip bilýärin” diýmekligi aňladýardy. Onuň edýän tansynyň aňyrsynda ýatan esasy sebäp şoldy” diýip, ol aýtdy.
2-nji maýda “Dünýä Türkmenleri” gepleşigine beren telefon interwýusynda häzirki wagtda Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally Türkmenistanda prezidentiň ýerine ýetiren täze rep aýdymy baradaky garaýyşlaryny şeýle beýan etdi:
Rep
“Türkmenistanyň prezidenti rep usulynda aýdym aýdýar, rep aýdymlaryny aýdýar. Ýöne bu gaty geň ýagdaý. Sebäbi rep owal başda dörände garamaýak halkyň sesi hökmünde ýüze çykdy, ýagny protestçiler şeýle aýdymlary aýdyp başladylar. Häzir ol bütin dünýä ýaýrady. Rep üçin aýratyn owaz, ýa bolmasa saz gerek däl. Iň ýönekeý usul bilen içki duýgyňy, aýratyn-da protestleri aýdýarlar. Ýöne Türkmenistanyň prezidentiniň näme üçin rep usulynda aýdýandygyna düşünmek kyn. Sebäbi Türkmenistanyň prezidentinde hiç hili protest ýok. Ýa-da bolmasa öz sözüni başga birine düşündirmek aladasy ýok. Ol kimdir birine seredende hatda Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary-da zöwwe ýerinden galýar. Şonuň üçin hem oňa rep aýtmagyň geregi ýok; adaty aýdym aýdanda bolýar diýip düşünýärin. Beýleki bir tarapdan şeýleräk aýdymlary aýdýan adamlar bar. Olaryň özleri goşgy düzýärler, özleri saz ýazýarlar, şol esasda-da aýdym aýdýarlar. Meselem, 1-2 ýyllykda Amerikadaky belli aýdymçy hem şahyr Bob Dylan Nobel baýragyna mynasyp bolupdy. Ol hatda Nobel baýragy berlende şol sylagy almak dabarasyna-da gelmedi, baýragy aldy, ýöne baýrak gowşurylyş dabarasyna gelmedi. Türkmenistanyň prezidentini Bob Dylana deňemegem mümkin däl, ýa-da bolmasa köçä çykyp öz protestini mälim edýän, nägileligini aýdýan, durmuşdan närazy bolýan adamlaryň, aýratyn hem ýaşlaryň çykyşyna-da meňzänok. Şonuň üçin hem men-ä dogrusy kesgitli bir zat diýip bilemok” diýip, ýazyjy aýtdy.
"Taý atym"
Ol täze dörän “Rowaç” atly aýdym bilen türkmen halkynyň arasynda ozaldan meşhurlyk gazanan “Taý atym” atly aýdymy deňeşdirdi:
“Indi şol at, takyk alnanda taýçanakdyr. Prezident hem taýçanagy, Rowajy wasp edýär, ýöne dogrymy aýtsam ol aýdym meniň ýüregime ýaramady. Sebäbi, türkmen halkynyň arasynda “Taý atym” diýen bir aýdym bar. Ol aýdymy iň gowy aýdýanlaryň biri Ilaman Annaýew – Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Ilaman Anna. Ol “Taý atymy” şeýle bir gowy edip aýdýar, şeýle bir milli ol aýdym, üstesine-de onda bir häsiýet bar. Onda milli aýratynlyk bar. Onda nähilidir bir peýzaž diýjekmi, ýa-da şol atyň, taýyň bir çaltlygy bar. Şol aýdymy Ilaman Anna aýdanda demini alman tutuş aýdymy ähli içindäki çeküwli owazlary bilen, ähli bezegi bilen demini almany aýdýar. Bir demde aýdýar, yzly-yzyna. Hakykatdan-da, ol taý. Hakykatdan-da ol “Taý atym”. Ol hakykatdan-da edil bir ata bagyşlanan gimn ýaly, şeýle ajaýyp aýdym. Şolar ýaly gowy aýdym barka, elbetde “Rowaç” barada aýdylýan aýdymlar gaty br gülkünç diýjekmi, ýa-da bir ýürege ýetmeýärmi. Şolar ýaly bir gaty bärden gaýdýar. Meniň göwnüme bolmasa, kütek! Gaty kütek!”
"Meleguş"
Senariýsini Anna Paýtygyň ýazan “Meniň dostum Meleguş” atly 1972-nji ýylda “Türkmenfilm” tarapyndan döredilen kinofilmde-de Meleguş atly ata bagyşlanan bir aýdym bar. Onuň sazyny Çary Nurymow sözlerini Ata Atajanow ýazypdy.
Ýazyjy Hudaýberdi Hally Türkmenistanda aýdym-sazyň syýasatlaştyrylýandygyny aýdýar:
Dutarçylaryň mekdebi
“Ilki bilen-ä aýdymyň syýasatlaşdyrylandygyny aýtmak gerek. Sebäbi häzirki Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty öňki Saparmyrat Nyýazowyň ýola goýan syýasaty. Saparmyrat Nyýazow aýdym-sazy radioda-telewideniýede gaty köp bermeli diýip talap edipdi. Sebäbi telewideniýe-de radio-da problema, nähilidir bir mesele gozgaýan, halkyň hal-ýagdaýyny beýan edýän gepleşikleri däl-de, gije-gündiz ýöne aýdym saz bermeli. Şeýdip hem halkyň göwnüni aýdym bilen awlamaly. Şol syýasat hem dowam edýär. Bu ýerde munuň bir tarapy bar, ol hem türkmen milli saz sungatyna täzeden bir janlanyş berdi. Elbetde, häzir türkmen halkynyň arasynda ösüp gelýän täze Sahyp Jepbar hem ýok, Magtymguly Garly-da ýok. Olar ýaly tanymallar ýok, ýöne dutar senedinde gowy ýaşlar bar, gaty eli ýiti ýaşlar bar. Olar men ýalňyşmaýan bolsam, dürli ugurlar boýunça kämilleşýärler, meselem, Mylly Täçmyradyň mekdebi diýip, şol mekdebi dowam etdirýän ýaşlar bar. Pürli Sarynyň mekdebi diýen bir mekdep bar, dutar äleminde. Şol mekdebe eýerip saz çalýan ýaşlar bar. Elbetde men bulara guwanýaryn, bular gaty gowy zat. Beýleki bir tarapdan estrada bar. Estrada türkmençe dikdurma aýdymlar, ýa-da toý aýdymlar diýdiler. Soňky döwürdäki estrada örän uly, özi hem gaty köp!” diýip, Hudaýberdi Hally aýtdy.