Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow 60 ýaş toýuny toýlaýar, Putin kärdeşini orden bilen sylaglady


 Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 60 ýaşynyň toýy toýlanýar.

Prezident Wladimir Putin bu toýa gabat türkmen kärdeşini Orsýetiň Aleksandr Newskiý ordeni bilen sylaglady. Bu sylagyň oňa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy berkitmäge goşan goşandy üçin berlendigi aýdylýar.

Berdimuhamedow bu söweş ordeni bilen sylaglanan ýedinji türkmenistanly bolýar. Aleksandr Newskiý ordeni 1941-45-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan 6 türkmene, şol sanda frontçy ýazyjy Seýitnyýaz Ataýewe berlipdi.

Ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazowyň doglan güni tötänden Baýdak gününe gabat gelen bolsa, ikinji prezidentiň doglan güni tötänden medeniýet işgärleriniň güni mynasybetli guralýan Medeniýet hepdeliginiň yz ýanyna gabat gelýär.

Ýöne oňki ýyllardan tapawutlylykda, bu gezek hepdeligiň soňundan “Awazada” medeniýet işgärlerine hormatly atlary we sylaglary gowşurmak dabaralary bolmady. Ýogsa öňler Medeniýet hepdeliginiň yzy prezidentiň doglan gününe, uly baýramçylyk dabarasyna ýazýardy we ol türkmen we daşary ýurt aýdymçylarynyň uly konserti bilen soňlanýardy.

Mysal üçin, 2013-nji ýylda şeýle konserte amerikan estrada ýyldyzy Jenifer Lopez hem gatnaşyp, Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady we hukuk goraýjylaryň tankydyna sezewar boldy.

Türkmen metbugaty, adat bolan mahabatlandyrmalaryndan tapawutlylykda, Berdimuhamedowyň prezidentliginiň tutuş on ýylyna (2007 – 2017) baha bermäge synanýar we bu döwür içinde halkyň durmuş-ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli ösdürilendigini belleýär.

TDH-nyň tassyklamagyna görä, bu on ýylda Berdimuhamedowyň tagallasy bilen “müňlerçe” täze zawod-fabrik, mekdep, hassahana, ýaşaýyş jaýy, muzeý hem-de kitaphana guruldy,awtomobil ýollarynyň we polat ýollaryň, turbageçirijileriň onlarça müň kilometri çekildi.

Şeýle-de TDH, anyklaşdyrmazdan we ýurt bazarlarynyň daşary ýurt önümlerine näderejede garaşly bolandygyny agzamazdan, Türkmenistanda “dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň ýüzlerçe hem-de millionlarça tonnasynyň öndürilendigini”, ýurduň keşbiniň düýpli özgerendigini nygtaýar.

Mundanam başga, TDH şu ýylyň fewralynda bolan prezident saýlawlaryny ýatlap, “Berdimuhamedow ynamly ýeňiş gazandy” diýip ýazýar we oňa raýatlaryň 97,69 göteriminiň ses berendigini belleýär. Emma garaşsyz synçylar Türkmenistanda hiç wagt azat we adalatly diýlip ykrar edilen saýlawlaryň bolmandygyny aýdýarlar.

Halkara hukuk toparlarynyň hasabatlarynda Türkmenistan syýasy-ykdysady azatlyklar babatda iň yzky orunlarda getirilýär, ýurtda hakykatda söz, metbugat, ýygnaklar we bileleşikler azatlygyna ýol berilmeýär diýip, hukuk goraýjy Farid Tuhbatullin aýdýar.

“Berdimuhamedow öz prezidentliginiň başynda, on ýyl öň käbir ädimleri ätdi, biz olary gutladyk. Hususan-da ol syýasy sebäpler esasynda basylan birnäçe tussagy azat etdi, ýurt içindäki hereket çäklendirmesini aýyrdy, reformalaryň zerurdygyny, hususan-da bilim pudagynda özgerişleriň gerekdigini aýtdy, şonda ol çagalary köpçülik çärelerine çekmezligi hem tabşyrdy” diýip, Tuhbatullin soň hemme zadyň Nyýazow döwründäki ýagdaýa dolanyp gelendigini belledi.

Adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy soňky ýyllarda Türkmenistanda adam hukuklarynyň bozulmagynyň has köpelendigini, bu ýagdaýyň Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryndan öň has gözçykgynç häsiýete eýe bolandygyny aýtdy.

Ikinji tarapdan, ýerli synçylar soňky on ýylda işsizligiň derejesiniň ýokarlanandygyny, daşary ýurtlara iş gözläp gidýänleriň köpelendigini, korrupsiýanyň we parahorlugyň ýaýrawynyň has giňändigini belleýärler. Korrupsiýa meselesi barada aýdylanda, bu fakt hökümet başlygy derejesinde hem boýun alyndy we maý aýyndan bäri onlarça jogapkär işgär jenaýat jogapkärçiligine çekildi.

Mundanam başga, prezident Berdimuhamedow 60 ýaş toýunyň öň ýanynda ilata 1993-nji ýyldan bäri berilýän sosial ýeňillikleriň ýatyrylmagy baradaky karara geldi. Ol bu kararyny halkyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanandygy, ýeňillikleriň bazra geçilmegine päsgel berýändigi bilen delillendirdi.

Ýerli synçylar ýönekeý halkyň ýadyna ne prezidentiň, ne-de onuň doglan gününiň düşýändigini, sebäbi ozalam az aýlyklaryň wagtynda berilmeýändigini, adamlaryň “gara gündedigini” aýdýarlar.

Emma TDH “Gahryman Arkadagymyz tutuş dünýä bileleşiginiň öňünde milli bähbitleri häzirki döwrüň wehimlerinden goraýar” diýip ýazýar.

XS
SM
MD
LG