Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Gazagystandaky täze kärdeşini gutlady, türkmen mediasy gazak saýlawlaryny agzamaýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji iýunda Gazagystanyň täze prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen telefonda gürleşdi.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji iýunda Gazagystanyň täze prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen telefonda gürleşdi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji iýunda Gazagystanyň täze prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen telefonda gürleşip, ony ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen gutlady, emma türkmen mediasy öňki prezident Nursoltan Nazarbaýewe näme bolandygy hakynda bir söz hem aýtmady.

Bu döwlet eýeçiligindäki türkmen habar serişdeleriniň goňşy Gazagystanda 19-njy martdan bäri bolan wakalar, tas otuz ýyla golaý häkimiýet başynda bolan Nazarbaýewiň birden işden çekilmegi, onuň adynyň paýtagt Astana dakylmagy we Merkezi Aziýanyň ikinji uly ilatly ýurdunda bolan häkimiýet çalşygynyň çäginde gurnalan halk protestleri bilen bagly ilkinji habary boldy.

Berdimuhamedowyň gutlagy 9-njy iýunda prezident saýlanan Tokaýewiň resmi taýdan kasam kabul edip, işe girişen gününe gabat geldi.Şol bir wagtda, türkmen mediasynda protestler beýle-de dursun, hatda Gazagystanda bolan irki prezident saýlawlarynyň güni, Tokaýewiň ozal nähili wezipede işländigi hakyndahem hiç söz aýdylmady

AÝ/AR-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça eksperti Brýus Panniýeriň pikirine görä, “Türkmenistan: Altyn asyr” saýtynyň bu habary okyjylaryna goňşy ýurtda bolan waka barada aýdyňlyk getirmekden geçen, bir topar sorag döreder.

- Men hakykatda näçe türkmen raýatynyň internete girip, hökümet websaýtynda wagt geçirip biljegini bilemok, ýönebu köp adam üçin örän geň habar bolmaly: “Eý, hudaý, Gazagystanda saýlaw boldumy, olaryň indi täze prezidenti barmy?” diýerler - diýip, ekspert türkmen mediasynyň ozal goňşy ýurtda geçirilen saýlawlar barada hiç bir habar-maglumat bermän, birden şeýle maglumaty çap etmeginiň many-maksadyny sorag astyna aldy.

Gazagystanda gürrüňi edilýän döwürde guralan protestleriň çäginde “Hakykatdan gaçyp gutulyp bilmersiň” diýen şygaryň galdyrylmagyýörgünli boldy we bu şygar sebäpli birnäçe adam tussag edildi.

Ekspert Panniýeriň pikiriçe, türkmen mediasynda täze gazak prezidentiniň bolmanda adynyň agzalmagy “hakykatdan gaçyp gutulyp bolmazlygy” bilen bagly.

Gazagystan goňşy ýurt, olar geljekde Gazagystan bilen iş salyşmaly bolar. Sebäbi Gazagystanyň Hazar meselelerinde roly bar, olar serhet ylalaşyklaryna gol çekmeli bolar weirde-giçde bu zatlaryň wideoýazgysyny görkezip, Tokaýewiň prezidentdigini agzamaly bolar” diýip, Panniýer türkmen hökümetiniň bu maglumaty halkdan beýle uzak ýaşyryp saklap bolmajagyna, ony gutulgysyz ýagdaýda aýtmaly boljagyna biraz giç hem bolsa göz ýetirendigini belledi.

Türkmen hökümetiniň tankytçylary türkmen döwlet habar serişdeleriniň diňe bir adamy öwmek, onuň her bir gymyldy-hereketini ideallaşdyrmak bilen aşa gümra bolup, öz hakyky wezipelerini – halky ýurtda we sebitde bolup geçýän möhüm wakalardan habarly etmegi düýpden unudýandyklaryny aýdýarlar.

Brýus Panniýeriň pikirçe, bu ýagdaý Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň näderejede telperdigini, ýüzleýdigini görkezýär.

Goňşy ýurtlarda uly wakalar bolýar, emma olar bu wakalar barada habar bermezlige ýykgyn edýarlar. Olar [Özbegistanyň prezidenti Yslam] Kerimow ýogalanda, onuň ölümi hakynda hem habar bermediler” diýip, Panniýer aýdy.

Ekspertiň pikiriçe, adamlar barybir goňşy ýurtda bolýan zatlary bilýärler, sebäbi olar serhetden geçýärler ýa beýleki ýurtlarda garyndaşlary, tanyşlary bar. Emma hökümet olara bu barada hiç zat aýtmak islemeýär. Olar şeýtmek bilen özlerine duzak guran ýaly bir ýagdaýa düşýärler diýip, B.Panniýer aýtdy.

Olar Gazagystanda bolýan zatlar hakynda näme-de bolsa bir zat aýtmalydylar, sebäbi Nursoltan Nazarbaýewiň kimdigini hemme kişi bilýär, ol o ýerde hemişe boldy” diýip, ekspert sözüniň üstüni ýetirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG