Aşgabatda kebelekler we beýleki mör-möjekler adaty bolmadyk bir möçberde köpeldi. Bu barada habar berýän Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary reňkli kebeleklerden başga-da möjekleriň, şol sanda agaç bitiniň hem ýaýrandygyny aýdýarlar.
Şu günler Aşgabatda mör-möjeklere garşy himiki serişdeleri pürkýän ýörite awtoulaglar hem göze ilýär.
"Maý aýynyň birinji ýarymyndan Aşgabatda kebelekleriň adaty bolmadyk bir ýagdaýda köpelmegi göze ildi. 10-njy maýdan başlap, şäherde gijelerine Aşgabadyň ýaşaýjylary yzyna ýörite guty berkidilen traktorlaryň gatnap başlandygyna we olaryň himiýa serişdelerini pürkýändigine şaýat boldular" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.
Onuň sözlerine görä, şäheriň köçelerinde himiki serişdeleriniň ulanylmagy diňe bir gijelerine däl-de, eýsem günüň dowamynda we köçede adamyň köp wagtynda amala aşyrylýar.
"Merkezi köçeleriň birinde sagat 21-de traktor awtobus duralgasyna golaýlanda signal berdi, duran adamlar muňa düşünmän, gaçyp ýetişmänkä ol olaryň üstüne himiki bir zady pürküp geçdi" diýip, habarçymyz aýdýar.
Aşgabatda kebelekleriň adaty bolmadyk bir möçberde köpelendigi barada hökümetçi saýtlaryň biri hem habar berdi.
"Ine ençeme gün bäri Aşgabadyň ýaşaýjylary, Ýer ýüzündäki iň ajaýyp mör-möjegiň kebelekleriň tansly oýnuna syn edýärler" diýip, Orient saýty 19-njy maýda habar berdi.
Şu ýyl ummasyz möçberdäki kebelekler tutuş Merkezi Aziýa regionynda göze ildi. Kebelekler Täjigistanyň birnäçe regionynda, Özbegistanda we Gazagystanyň, hususan-da, Aktau regionynda peýda boldy.
Merkezi Aziýada kebelekleriň köpçülikleýin peýda bolmagyny şu ýylky tebigy şertler bilen baglanyşdyrýarlar. Şu ýyl regionda ýagyn köp boldy. Ýurtlaryň ençemesinde, şol sanda Türkmenistanda paýtagty, etraplary suw basdy, sil geldi.
Fergana.ru neşiri Merkezi Aziýada baharyň ýagynly bolmagy sebäpli kebelekleriň köpelendigini alymlara salgylanyp düşündirýär.
Özbegistanyň Zoologiýa institutynyň alymy Gülnara Mirzaýewa öz ýurdunda köpelen kebelegiň bürmekçi atlandyrylýandygyny aýdyp, onuň ýurtda şeýle köp möçberde ilkinji gezek peýda bolandygyny belleýärler.
"Bürmekçi ýurdumyzda şu ýyl şeýle uly möçberde ilkinji gezek peýda boldy, sebäbi bahar şu ýyl örän ýagynly, yzgarly boldy, şu sebäpden krapiwa, bürmek ýaly haşal ösümlikler gür ösdi. Bu kebelekler bolsa hut şu haşal ösümlikleriň şiresinden iýmitlenýär. Bu barada alym "Darakchi" atly neşire aýdypdyr.
Şeýle-de, özbegistanly alymyň bellemegine görä, bürmekçi kebelekler migrasiýa ukyply mör-möjek hasaplanýar, şonuň üçin günortadan gelen kebelekleriň amatly tebigy şertli ýerde saklanan bolmagy mümkin.
Täjigistanly alym Nematullo Safarow kebelekleriň köpelmeginiň öz ýurdunda 5-6 ýyl mundan ozal ýüze çykandygyny belledi. Onuň Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna aýtmagyna görä, kebelekleriň howanyň maýlamagy we ýokary derejede yzgarly bolmagy sebäpli köpelmegi duýgur adamlarda we çagalarda allergiýa döredip bilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.