Şeýle-de, hasabatda hökümediň amala aşyrýan ýeňillik reformalaryny, olaryň sosial täsirini hasaba goşup, durmuşa geçirmegiň zerurdygy bellenilýär.
“Aziýanyň ösüş maglumatlary – 2019” atly soňky hasabatda beýleki Aziýa ýurtlary bilen bir hatarda Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiliklerine syn hödürlenilýär hem-de onuň perspektiwalary babatda maglumat berilýär.
“Bütindünýä bankynyň ‘Makro garyplyk syny – 2018’ atly hasabaty [Türkmenistanda] inflýasiýanyň ýokarlanmagynyň hem-de sosial ýeňillikleriň ýatyrylmagynyň ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini we hojalyklaryň hakyky satyn alyş ukybyny ýaramazlaşdyrandygyny aýdýar” diýip, Aziýanyň ösüş bankynyň hasabatynda Bütindünýä bankyna salgylanylýar.
Türkmen hökümedi 2018-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6.2 %-e barabar bolandygyny mälim edipdi.
Aziýanyň banky “ösüş maglumatlary hasabatynda” Türkmenistanda gurluşyk pudagyndaky böwşeňligiň täsiri bilen, hyzmatlar ulgamyndaky ösüşiň 2017-nji ýyldaky 7.9 prosentliginden 2018-nji ýylda 6.8 prosente haýallandygy bellenilýär.
Şeýle-de hasabatda ýurduň oba hojalyk pudagynyň ösüş depgininiň 2017-nji ýyldaky 5.9 prosentliginden, 2018-nji ýylda ýaramaz howa şertleriniň strategiki hasyllara, hususan-da pagta we bugdaýa ýetiren täsiri sebäpli 4.8 prosente düşendigi habar berilýär.
Ýatlasak, Azatlyk Radiosy 2018-nji ýylyň dowamynda hususan-da maý aýynda ýurduň dürli künjeklerinde turan duzly tupan we onuň daýhanlaryň durmuşyna ýetiren oňaýsyz täsiri barada wagtynda habar berip gelipdi.
Daşoguza maý aýynda gelen duzly tupanda düşürilen wideo
“2018-nji ýylyň ýanwarynda aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň we talyp haklarynyň 10 % ýokarlandyrylandygyna garamazdan, inflýasiýanyň ýokarlanmagy hem-de walýutanyň resmi we gara bazar nyrhlarynyň arasyndaky aratapawudyň giňemegi bilen sarp edijilerde, aýratyn-da hususy sarp edijilerde ösüş pese gaçdy” diýip hasabatda aýdylýar.
Munuň bilen baglylykda, Azatlyk Radiosy tas iki ýyla golaý wagt bäri ýurtda esasy iýmit önümleriniň gytçylygy we gymmatçylygy; un, çörek, ösümlik ýagy ýaly gyt we gymmat harytlary döwletiň ýeňillikli bahasyndan satyn almak üçin döwlet dükanlarynyň öňünde döreýän nobatlar barada habar berip geldi.
Ýurtda ykdysady ysgynsyzlyk täze ýyla geçip hem dowam edýär. Mysal üçin, Azatlyk Radiosynyň aşgabatly habarçysy 7-nji ýanwarda paýtagtyň bazarlarynda söwdanyň pesligi sebäpli, käbir satyjylaryň dükanlarynyň işini wagtlaýyn togtadandygyny habar beripdi.
“2018-nji ýyl üçin resmi inflýasiýa sanlary elýeterli däl, ýöne 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Halkara walýuta fondy ýurtda inflýasiýanyň 2017-nji ýyldaky 8 prosentliginden 2018-nji ýylda 9.4 prosente ýokarlanandygyny habar berdi” diýip, Aziýanyň ösüş bankynyň türkmen ykdysadyýetine synynda aýdylýar.
Geçen ýylyň iýul aýynda Birleşen Ştatlaryň Jon Hopkins uniwersitetiniň ykdysadyýet boýunça professory Stiw Henki Türkmenistanda inflýasiýanyň 124 %-e baryp ýetendigini hasaplapdy.
Muňa parallelikde şol gabatlar dollaryň “gara bazardaky” bahasy tas 29 manada çykyp, Merkezi Bankyň kesgitlän 3.5 manadyndan 8 esse töweregi gymmatlapdy.
“Daşary ýurtly çeşmeleriň çaklaýşy ýaly, ýurtda walýuta bazaryna edilýän basyşyň importa durýan harytlaryň bahalaryny ýokarlandyrmagy bilen, ýurtda inflýasiýanyň hakyky görkezijisi has ýokary bolmagy mümkin” diýip, Aziýanyň ösüş bankynyňy hasabatynda aýdylýar.
Hasabatyň Türkmenistana bagyşlanan bölümini Aziýanyň ösüş bankynyň Aşgabatdaky rezident missiýasyndan Jennet Hojanazarowa ýazypdyr.
Hasabatda hökümetiň döwlet harçlamalaryny ymykly azaldandygy bellenýär. Ýöne beýleki tarapdan Türkmenistanda hökümet kaşaň myhmanhanalara we gymmat bahaly gurluşyklara pul harçlamaga dowam edýär.
Türkmen hökümeti 2019-njy ýyl üçin döwlet býujetiniň 70 %-niň ilatyň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligine, ýagny sosial pudaga gönükdirjekdigini aýtdy.
Hasabatda Türkmenistanda amala aşyrylýan ýeňillik reformalarynyň institutlaýyn reformalar bilen utgaşdyrmak maslahat berilýär. Türkmen hökümeti 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ondan ozal ilata mugt berlen gazy, togy, suwy we beýleki hyzmatlary tölegli etdi.
“Hojalyklaryň hakyky girdejilerini, ilatyň satyn alyş ukybyny, ýurtda işsizligiň derejesini we garyplygy hasaba goşup, olary ösdürmek ugrundaky tagallalary mälim etmek üçin, ýurtda häzirki wagtda amal edilýän sosial goraglylyk maksatnamalaryny gözden geçirmek zerurdyr” diýip, Aziýanyň ösüş bankynyň apreliň başynda çap eden hasabatynda aýdylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýar. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.