Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HWF-nyň işçi topary Aşgabada eden saparyndan soň, resmi beýanat ýaýratdy


Halkara pul gaznasynyň Waşingtondaky baş binasyndaky nyşany. Arhiwden alnan surat
Halkara pul gaznasynyň Waşingtondaky baş binasyndaky nyşany. Arhiwden alnan surat

1 – 5-nji oktýabr aralygynda Halkara pul gaznasynyň işçi topary Aşgabada sapar etdi. Toparyň ýolbaşçysy ýurduň makroykdysady we maliýe ulgamyndaky ösüşlerine baha bermek, hem-de ykdysady kynçylyklary, wajyp syýasy prioritetleri maslahat etmek maksady bilen amala aşyrylan saparyň netijeleri barada 8-nji oktýabrda beýanat ýaýratdy. Ýöne beýanatyň mazmuny 10-njy oktýabrda jemgyýetçilige mälim edildi.

Beýanatda toparyň agzalarynyň Türkmenistanyň ýokary wezipeli hökümet resmileri we maliýe pudagynyň, biznes jemgyýetçiliginiň, hem-de diplomatiki wekilhanalaryň wekilleri bilen duşuşandygy habar berilýär.

Saparyň jemleri barada Türkmenistanyň döwlet habarlar gullugy guramanyň çap eden beýanatyndan öň 7-nji oktýabrda öňürtiläp, maglumat çap etdi.

Döwlet metbugatyndaky habarda HWF-nyň işçi toparynyň Türkmenistandaky ykdysady ösüşleri ykrar edýändigi aýdyldy.

Halkara pul gaznasynyň işçi topary iňňän ätiýaçly saýlanyp seçilen äheňdäki sözlemleri ulanmak arkaly, Türkmenistanda ykdysady ösüşiň umumylykda alanyňda durnukly saklanyp galýandygyny aýtdy.

“Resmi görkezijilere görä, ykdysady ösüş umuman aýdylanda, durnuklylygynda galýar” diýlip, beýanatyň başynda aýdylýar.

Bu maglumatdan çen tutulsa, halkara pul gaznasy diňe türkmen hökümetiniň özlerine hödürlän resmi sanlaryna esaslanyp, ýurduň ykdysadyýetine baha berýändigini jemgyýetçilige duýdurýar.

“Daşary ýurtlardan import edilýän harytlaryň bahasy bilen baglylykda, [Türkmenistanda] inflýasiýanyň resmi görkezijileri belli bir derejede ujypsyz ýokarlandy, ýöne olaryň sarp edijileriň bazar sebedine edýän täsiri gowşady” diýip, beýanatda aýdylýar.

Deňeşdirmek üçin aýdylsa, Halkara walýuta fondynyň işçi toparynyň geçen mart aýynda Türkmenistana eden saparynyň netijeleri boýunça mundan ozalky ýaýradan beýanatynda ýurtda inflýasiýanyň resmi sanlarda 8 % ýokarlanandygy barada takyk san hödürlenipdi. Ýöne bu sapar ýurtda ýokarlanan inflýasiýa barada anyk san aýdylmaýar.

Guramanyň işçi topary bu gezek Türkmenistanda ýokarlanan inflýasiýa barada anyk san hödürlemedi.

Beýanatda uglewodorod serişdeleriniň bahalarynyň galmagy bilen käbir ulgamlarda ýagdaýlaryň gowulaşandygy, mundan beýläk tebigy gazyň we beýleki önümleriň eksportynyň artdyrylmagynyň ýurduň ykdysady ösüşine goşant goşjakdygy aýdylýar.

Şeýle-de onda mundan beýläk bäsdeşligi ösdürmek üçin, hem-de häkimiýetleriň güýçli, köpugurly we inkluziw ösüşe gönükdirilen maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin, ýurtdaky syýasy sazlamalara dowam etmek maslahat berilýär.

Beýanatda döwlet harçlamalaryny azaldyp, olary esasan ösüşe gönükdirilen infrastrukturalary ösdürmekde ulanmak, hem-de döwlet serişdeleri harçlananda bilim-saglyk pudagynyň ähmiýetini göz öňünde tutmak maslahat berilýär.

HWF-nyň eskpertleri 2019-njy ýyldan başlap, Türkmenistanda suw, gaz, tok we duz mugtçylygynyň ýatyrylmagyny makullýar. Olar munuň döwlet serişdeleriniň tygşytlanylmagyna ýardam bejekdigini belleýär.

“Ýöne bu reformalaryň sosial täsirini göz öňünde tutup, ilatyň gowşak gatlagy gorag astyna alynmaly” diýlip, beýanatda aýdylýar.

Halkara walýuta fondynyň 8-nji oktýabrda ýaýradan resmi beýanaty Türkmenistanyň döwlet metbugatynda 7-nji oktýabrda çap edildi.

Onda ýurduň täjirçilik ulgamyny liberallaşdyrmak, walýuta boýunça bar bolan düzgünleri ýeňletmek, ýurduň pul syýasatyny döwrebaplaşdyrmak, ykdysady we maliýe ulgamlaryndaky statistiki görkezijileriň hilini we elýeterliligini ýokarlandyrmak maslahat berilýär.

Halkara walýuta fondynyň işçi topary Aşgabada etjek nobatdaky saparyny 2019-njy ýylyň martynda amala aşyrar.

XS
SM
MD
LG