Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nagt ýetmezçiliginden ejir çekýän Türkmenistanda daşary ýurtly firmalar kösenýär


Aşgabadyň halkara aeroporty
Aşgabadyň halkara aeroporty

Türkmenistanyň gaz söwdasynyň bady ýatyp, ýurtda ykdysady ysgynsyzlygyň ýaramazlaşmagy bilen ol ýerde iş alyp barýan käbir daşary ýurtly kompaniýalar dürli kösençlikleri başdan geçirýärler.

Türkmenistanda durnukly ösüşiň dowam edýändigini görkezýän resmi statistiki sanlardan özge salgylanara ykdysady maglumat ýok diýen ýaly, ýöne käbir daşary ýurt firmalarynyň ýolbaşçylary ýurduň ykdysadyýetiniň nagt ýetmezçiliginden ejir çekýändigini aýdýar.

Muňa garamazdan, tebigy gaz baýlygy boýunça dünýäde dördünji ýerde durýan Türkmenistan daşary ýurtly we ýerli firmalara kontrakt hödürlemäge dowam edýär. Ýöne käbir proýektler häzirki wagtda togtady. Halkara pul gaznasy ýurduň döwlet harçlamalaryny çäklendirmelidigini ýa-da manadyň dewalwasiýasyny amala aşyrmalydygyny aýdýar.

“Hökümet maliýe kynçylyklaryny başdan geçirýär. Şol sebäpden täze kontraktlaryň tölegi beýlede dursun, hatda tamamlanan proýektleriň-de töleglerini geçirip bilenok” diýip, Türkmenistanda işini bes eden Çakiroglu Grup atly metal we gurluşyk pudagynda iş alyp barýan türk kompaniýasynyň ýolbaşçylaryndan Oguzhan Çakyrogly aýtdy.

Haçan-da Orsýet 2016-njy ýylda gazyň bahasy bilen bagly nägileligini, şeýle-de global energiýa bazaryndaky özgerişleri aýdyp türkmen gazyny satyn almakdan ýüz öwrende, Aşgabadyň güni agyrlaşyp başlady.

Türkmenistan Hytaýa satýan gazyndan gelýän girdeji bilen Orsýetden gelmeli girdejiniň öwezini dolup bilmeýär. Ýurduň daşarky söwdadan gelýän jemi girdejisi 2016-2017-nji ýyllar aralygynda 8-8.5 milliard dollara düşdi. 2000-2014-nji ýyllar aralygynda Türkmenistan her ýylyň dowamynda agzalýan mukdaryň iki essesini gazanýardy.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň häzirki we öňki ýagdaýy bilen şu çelgidäki grafika arkaly tanyşmak mümkin.

Ykdysady kynçylyklara prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hökümeti daşary ýurt walýutalarynyň alyş-çalşygyny tapgyrlaýyn çäklendirip, maliýe serişdelerini wajyp proýektlere aýamak arkaly jogap gaýtardy.

Gara bazarda 1 dollaryň bahasy 2016-njy ýylyň aýagynda 7 manat bolan bolsa, şu ýylyň başynda onuň nyrhy 13-14 manatdan 17-18 manada çykdy. Resmi kurs 3.5 manatlygynda saklanýar.

Gündelik sarp edilýän harytlary ýurda getirýän ýerli hususy kompaniýalara ujypsyz mukdarda dollary resmi kursdan çalyşmaga rugsat berilýär, diýip ýerli telekeçiler aýdýarlar. Çakyroglynyň sözlerine görä, hökümetiň daşary ýurtly kompaniýalara töleg tölemäge ýagdaýy ýok.

“Hökümet eýýäm üç ýyl bäri firmalara töleg geçirip bilenok. Gara bazaryň bahasynyň resmi kursdan 3-4 esse ýokary galmagyna getirmek bilen hökümet bazary has agyr güne salýar” diýip, ol aýtdy.

“Biziň birnäçe million dollar algymyz bar, ýöne biz muny almak üçin 4-5 ýyl bäri garaşyp gelýäris diýip, Çakyrogly aýtdy. “Şonuň üçin biz Türkmenistan işleri tutuş togtatdyk” diýip, ol sözüne goşdy.

Ol hökümetiň tölegleri gijikdirmeginiň sebäbiniň nämedigi barada anyk maglumat bermekden saklandy.

2016-njy ýylda Aşgabatda bahasy 2.3 milliard dollara barabar bolan howa menziliniň gurluşygyny tamamlan Polimeks türk kompaniýasy hem paýtagtdan Hazaryň kenaryndaky Türkmenbaşy şäherine çenli çekilmeli garaýoluň gurluşygyny togtatdy.

Polimeks özüniň Türkmenistan bilen gatnaşygy barada kommentariý bermekden ýüz öwürdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Ankaradaky türkmen ilçihanasy hem hökümetiň daşary ýurtlara bolan bergisi barada özlerine berlen soraglara jogap gaýtarmady.

Her döwlet boýunça maýa goýum görkezijilerini hödürleýän Türkiýäniň Ykdysadyýet ministrliginiň websaýtynda Türkmenistana gezek gelende “duýduryş” häsiýetli maglumatlar çap edilipdir.

“Salgyt gözegçiligi duýdansyz talaňçylyk ýaly amala aşyrylýar”, “wiza boýunça ýüztutmalar ret edilýär”, “mundan öňki ýyllarda käbir inwestisiýalary döwletiň çemeleşigi” Türkmenistan baradaky biznes töwekgelçilikleriniň hatarynda agzalýar.

Türkiýäniň Ykdysadyýet ministrligi [Türkmenistanda] türk kompaniýalaryň tölegleriniň köplenç gijikdirilýändigini, firmalaryň öz bank hasaplaryndan daşary ýurt walýutasy bilen edýän amallarynda kynçylyklaryň döreýändigini aýtdy.

“Täze ýagdaýlar”

Belki-de Aşgabadyň iň köp bergisi türkiýeli kompaniýalaradyr, sebäbi Türkiýe uzak ýyllaryň dowamynda türkmen importynyň esasy çeşmesi bolup gelýär. Türk kompaniýalary 2002-2016-njy ýyllar aralygynda Türkmenistanda jemi 1.5 milliard maýa goýdy. Başga kompaniýalar-da zyýan çekdi.

Belarus hökümetindäki çeşmeler Roýterse beren gürrüňinde Aşgabadyň 2017-nji ýylyň mart aýynda işe girizilen dökün-himiýa zawodyny guran Belarusyň döwlet eýeçiligindäki kompaniýa doly tölegi amala aşyrmandygyny aýtdy. Çeşmeleriň biri Türkmenistanyň Belarus kompaniýasyna bergisiniň 52 million dollardygyny aýdan bolsa, olaryň beýlekisi algynyň mukdarynyň “ep-eslidigini” aýtdy.

Nebit-gaz, mineral dökünleri we gurluşyk pudagynda tehniki enjamlaryň alyş-satyş işlerini amala aşyrýan düýbi ABŞ-daky DRC-International kompaniýasy 2004-nji ýyldan bäri Aşgabatda işleýär.

“Irki ýyllarda biziň işimiz gowudy. Biziň ýerine ýetiren iň uly taslamamyz Gämi ussahanasynyň gurluşygy bolup, biz ony 2015-njy ýylda Hyudai Amko kompaniýasy bilen bilelikde ýerine ýetirdik” diýip, DRC kompaniýasynyň baş dolandyryjysy Stiw Krabtri (Steve Crabtree) elektron hat arkaly gürrüňdeşlikde aýtdy.

“Ýöne gynansagam ol günler yzda galdy. Indi ýagdaýlar tutuşlygyna başga” diýip, ol aýtdy. “Men çykdajylary gysyp, dolandyryjy kadrlary çalşyp, öňe gitmek üçin gaýrat edýärin. Men bu ýurtda ýagdaýlar we şertler üýtgär, şeýdibem biz öňküsi ýaly iri taslamalary goldarys diýip umyt edýärin” diýip, ol belledi.

Günbatarly beýleki bir kompaniýanyň atlandyrylmazlygyny soran ýolbaşçysy geçen ýyl Türkmenistandaky edarasyny ýapandygyny aýdýar. Onuň firmasy-da nebit-gaz enjamlarynyň üpjünçiligi bilen iş salyşýar.

Agzalýan firmanyň ýolbaşçysy ýurtda daşary ýurt walýutasynyň ýetmezçiligi sebäpli mundan beýläk türkmen müşderileriniň özlerinden önüm satyn alyp bilmeýändigini aýtdy.

Türkmenistanly bir migrant yzda galan dogan-garyndaşlarynyň howpsuzlygyny alada edip, anonim şertlerde beren gürrüňinde iş gözläp daşary ýurtlara, esasan Türkiýä çykmaga synanyşýan adamlaryň sanynyň gün-günden köpelýändigini aýtdy.

Türkiýäniň Içeri işler ministrliginiň maglumatlaryna görä, Türkiýede talyp we maşgala wizalaryndan daşgary gysga möhletli orutym rugsadyna ýüz tutýan türkmenleriň sany geçen ýylka garanyňda iki esse köpelip 25 müň 693-e ýetipdir.

Mart aýynda Berdimuhamedow adaty bolmak göçüm edip, ýurduň merkezi bankyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine dökün zawodynyň hem-de garaýolyň gurluşygyny ýerine ýetirmek üçin 3 milliard dollar möçberinde kredit bermegi buýruk berdi. Agzalýan gurama kommentariý soralyp edilen haýyşa jogap bermedi.

Ozallar, hökümet şeýle şertnamalary daşary ýurtly kompaniýalara berýärdi. Ýöne käbir daşary ýurt firmalary henizem türkmen kontraktlaryny almaga dowam edýär.

Koreýanyň Hyundai kompaniýasy bahasy 3 milliard dollara barabar nebit-himiýa desgasynyň üstünde işleýändigini, bu pudakda jemi bahasy 4.8 milliard dollara barabar ýene-de iki taslama boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini aýtdy.

Hyundai Türkmenistanyň tölegler boýunça bökdençlik döretmeýändigini, hökümetiň özlerini goldaýandygyny aýtdy.

Fransiýanyň Bouygues Construction kompaniýasy hem özüniň Türkmenistanda kynçylyk çekmeýändigini aýtdy. Oňa fewral aýynda ýene-de iki taslama, ýagny bir oteliň we bankyň iki binasynyň gurluşygy ynanyldy. Kompaniýa olaryň bahasyny aýan etmekden saklandy.

Täze bazarlar

Ýylyň-ýyly özüniň jemi içerki önüminiň ösüşini 6 göterimden ýokary diýip hasabat berýän Türkmenistan 2019-njy ýylyň aýagyna çenli täze eksport bazarlaryny, ýagny häzirki wagtda gurluşygy dowam edýän Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisini açmagy göz öňünde tutýar.

Orsýetiň Gazprom kompaniýasy Türkmenistan bilen gaz söwdasyny täzeden ýola goýup-goýmazlyk boýunça özleriniň göz öňünde tutýan meýilnamalary barada kommentariýa bermekden saklandy.

Türkmenistan özüniň mawy ýangyjynyň belli bir böleginden ýangyç we himiki serişdeleri öndürmek arkaly ýurduň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmaga synanyşýar. Şeýle-de, ol geçen aý Hazaryň kenarynda bahasy 1.5 milliard dollara barabar bolan täze port açdy.

Halkara walýuta fondunyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa bölüminiň müdiriniň orunbasary Ýuha Kahkonen golaýda Reuters habar agentligi bilen gürrüňdeşlikde, “Türkmenistan ýa manady dewalwasiýa etmeli, ýa-da döwlet çykdajylaryny azaltmaly” diýip, ýurtda dowam edýän ykdysady ýagdaýlar dogrusynda çykyş etdi.

Ýeňil günlerde bir gyra üýşürilen rezerwler hökümete agyr günde kömek eder, “ýöne onuň syýasy sazlamalary amala aşyrmalydygy görnüp dur” diýip Kahkohen Roýterse beren gürrüňinde aýtdy.

Halkara pul gaznasynyň maglumatlaryna görä, soňky üç ýylyň dowamynda Türkmenistanyň hasap defisiti iki sifrli sanlar boldy, ýöne geçen ýyl jemi içerki önümiň 11.5 göterimine ýa-da 4.4 milliard dollara barabar bolan hasap defisitiniň bu ýyl 9 göterime ýagny 3.8 milliard dollara düşmegine garaşylýar.

Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça baş ykdysatçysy Hans Timmer Türkmenistanyň häzirki hasap defisitiniň “uzagyndan durnukly däldigini we daşary ýurt walýutanyň ýetmezçiliginiň önümçilik potensiýalyny pese gaçyrjakdygyny” aýtdy.

“Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Aşgabat bilen Bütindünýä banky “has intensiw gatnaşyklary” ýola goýdy, ýöne Türkmenistan bankdan maliýe kömegini almak üçin has köp iş bitirmeli, hususan-da has ygtybarly ykdysady maglumatlary we aç-açanlygy üpjün etmeli” diýip, Timmer aýtdy.

XS
SM
MD
LG