Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda oturdylan gaz ölçeýji gurallar bibat bolup çykýar


Aşgabatda gaz ölçeýji gurallary oturdýan ussalar. Arhiwden alnan surat
Aşgabatda gaz ölçeýji gurallary oturdýan ussalar. Arhiwden alnan surat

Aşgabadyň hususy eýeçilikdäki howly jaýlarynda gaz ölçeýjiler oturdylandan birnäçe wagt soň, ýaşaýjylar olaryň bibatdygyny bilip galýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.

“Hususy eýeçilikdäki howly jaýlardaky gaz ölçeýjileriň käbirleri sähel wagt işländen soňra hatardan çykyp başlady. Olardan gaz syzyýar” diýip, anonim şertde maglumat beren habarçy aýtdy.

Ýatladyp geçsek, Aşgabadyň “Hitrwoka” ýaly käbir etrapçalaryndaky howly jaýlara gaz ölçeýji gurallary oturtmak çäresine 2014-nji ýylda başlanyp, onuň soňky tapgyry şu ýyl hem dowam edýär.

Habarçynyň sözlerine görä, käbir ýaşaýjylaryň gaz ölçeýjileri oturdylan mahaly-da işlemeýär. Şonda bu ýaşaýjylaryň gaz ölçeýjileri döwletiň hasabyna çalşyrylyp berilýär. Ýöne oturdylandan sähel wagt soňra bibatdygyny bilip galan ýaşaýjylardan gaz ölçeýjileri täzeden satyn almak talap edilýär.

Gaz ölçeýji gurallary oturtmak işi köplenç “Türkmengaz üpjünçilik” birleşiginiň Aşgabat gaz müdirligi tarapyndan gurnalyp, munuň üçin ýaşaýjylardan 260 manat möçberinde töleg alynýar.

Türkmenistanda gazyň sarp edilişini ölçeýän gurallary oturtmak çäresi şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Halk maslahatynda ilata gazy, suwy we togy belli bir möçberde mugt bermek boýunça öňki ýeňillikleri ýatyrmak kararyna gelnenden soň, oktýabr aýynyň başynda güýçlendirildi.

Häzirki wagt habarçy soňky aýlarda öz ýaşaýyş jaýlaryna gaz ölçeýjiler oturdylan ýaşaýjylaryň hem öz gurallarynyň abat ýa-da bibatdygyny bilmeýändigini aýdyp, olaryň howsalaly ýagdaýdadygyny, sebäbi köp gatly jaýlardaky gaz ölçeýjileriň ýanwar aýyndan işläp başlamalydygyny aýdýar.

Şeýle-de, habarçy Aşgabadyň gaz edarasynyň käbir işgärlerine salgylanyp, gaz ölçeýjileriň bibat çykmagy bilen baglanyşykly problemanyň köpçülikleýin häsiýete eýe bolandygyny hem belledi.

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda “Türkmengaz üpjünçilik” birleşiginiň Aşgabat gaz müdirliginden kommentariýa almak başartmady.

Ýöne noýabryň ahyrynda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri ölçeýjileriň köpçülikleýin we gyssagara oturdylmagy sebäpli gazyň syzmagy bilen bagly ýagdaýlaryň köpelendigini habar beripdiler.

“Ölçeýjileriň pes hünärli ussalar tarapyndan oturdylmagyndan soň ondan gaz syzyp çykýar, emma bu ýagdaýda ussany soň tapyp bolmaýar. Öý dolandyryş edaralaryň işgärleri bolsa “04-de jaň ediň” diýip gygyrýarlar. Bu köp sanly kemçilikleri “Aşgabatgaz” edarasynyň ussalary soň düzedýärler, emma olara birnäçe sagatlap garaşýançaň aýnalary açyp jaýyň içini şemallatmaly bolýar” diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy öz başdan geçiren ýagdaýlaryny Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

6-njy dekabrda Azatlygyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri resmileriň we gaz edarasynyň wekillerine salgylanyp, köp gatly jaýlaryň ýaşaýjylaryna ölçeýjileri oturtmak üçin 15-nji dekabra çenli möhlet berlendigini habar beripdi.

Ýaşaýjylara öz öýlerinde ölçeýjileriň oturdylandygyny subut etmezden, döwlet edaralaryndan resminamanyň, şol sanda iş ýerinden kagyzlaryň berilmeýändigini, 18-nji dekabrda Azatlygyň ýene bir habarçysy aýtdy.

Türkmenistanda gaz ölçeýji gurallaryň 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan işläp başlajakdygy yglan edilse-de, sarp edilen tebigy gaz üçin nyrhlar heniz hem halk köpçüligine ýetirilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG