Azatlygyň Mary welaýatyndaky çeşmesi ýerli gaz edarasynyň işgärleri bilen ýyladyşhanalarda gök önüm ýetişdirýän daýhanlaryň arasynda ulanylan gazyň bahasy üstünde dawa dörändigini habar berýär.
Bu dawa daýhanlaryň ulanýan energiýalarynyň bahasynyň ölçeýjisiz, möçberi anyk hasaplanylmazdan we çak bilen tölediljek bolmagy sebäp bolýar diýip, redaksiýamyza gowşan habarda aýdylýar.
Azatlygyň Marydaky çeşmesi mundan öň Garagum etrabynyň Baýramaly daýhan birleşiginiň çäginde şugundyr kabul edilýän ammarlarda dörän dawa barada maglumat berdi we şondan gysga wagt soň bu iş boýunça derňew başlandy. Aýdylmagyna görä, etrabyň prokuratura işgärleri häzir Marynyň şeker öndürýän kärhanasynyň ýolbaşçylaryndan sorag-ideg edýärler.
Ýöne Mary welaýatynda daýhanlar, kärendeçiler bilen häkimiýet wekilleriniň arasyndaky dawa diňe tabşyrylýan şugundyr hasylyny öz hakyky agramyndan has azaldyp kabul etmekdegutarmaýar.
Aýdylmagyna görä, Murgap etrabynyň ilaty gyş aýlarynda ýyladyşhanalarda önüm ýetişdirmek üçin uly tagalla edýär. Bu habary Azatlyk radiosy bilen anonim şertde gürleşen diňleýjileriň hem birnäçesi tassyklady. “Daýhanlar sowuk diýmän, gije ýa ir ertirdiýmän ekine ideg edýärler” diýip, diňleýji aýtdy.“Olaryň zähmetiniň netijesi bazarlarda we gök önümleriň bahalarynyň belli bir derejede elýeterli saklanmagynda hem görünýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Murgaply kärendeçileriň Azatlygyň habarçylaryna gürrüň bermegine görä, sosial ýeňillikleriň ýatyrylmagy we gaz, elektrik energiýasy we suw üçin täze nyrhlaryň girizilmegi, şu aralykda hojalyklarda ölçeýji gurallaryň hemme ýerde oturdylyp ýetişilmezligi Marynyň gaz edarasynyň işgärleriniň käbirinde ‘pursatdan peýdalanmak’ pikirini döredýär.
“Görnüşinden, gaz edarasynyň halkdan gaz töleglerini çöpläp alýan işgärleriniň käbiri Murgap etrabynda ýyladyşhanalarda gök önüm ýetişdirip, maşgalasyny eklemäge çalyşýan adamlaryň talaňçylaryna öwrülýär” diýip, çeşme aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, gaz edarasynyň işgärleri ölçeýji oturdylan ýyladyşhanalarda hem bahana gözleýärler we ‘peçleriň sany kän, ölçeýjiler dogry işlemeýän bolmaly” diýip, diňe öz diýenlerine tutýarlar. Şu gürrüňden soň olar “ýyladyşhanadaky her peç üçin aýda 70 manat ýa-da 600 manat töläň” diýýärler.
Bu talap bilen ylalaşmadyk daýhanlaragazynyň kesiljekdigi duýdurylýar.
Bu ýagdaý Şordepe we Gyzyl baýdak obalarynda ýyladyşhanada ekin ýetişdirýän hojalyklaryň ellerini işden sowadýar diýip, çeşme habar berdi. Sebäbi, eger öz ulanan gazyndan artyk pul tölese, daýhanyň asla ýeňil bolmadyk şertde işläp alýan girdejisi kemelýär.
Bu mesele boýunça oba arçynlaryna, etrap häkimine hem ýüz tutanlar boldy, daýhanlaryň käbiri etrap prokuraturasyna hem şikaýat etdi, emma adamlaryň arzyny diňlän bolmady diýip, murgaply kärendeçileriň biri Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Ýyladyşhanalarynda gaz ölçeýji oturdylan hojalyklaryň wekilleriniň tassyklamagyna görä, eger ýyladyşhanada 25 peç ýakylýan bolsa, olaryň bir aýlyk tölegi hakykatda 150-170 manat aralygynda bolýar we gaz edarasynyň işgärleriniň talap edýän tölegleri düýpden esassyz.
“Gaz edarasynyň işgärleri bu tölegi az görýärler we hasaplaýjy enjamy aýyrdyp, has köp pul töletmegiň dawasyny edýärler; biziň hasabymyza görä töleg tölemeseň, gazyňy keseris, özüňi hem organlaryň öňünde jogap bermeli ederis diýýärler” diýip, murgaply daýhan Azatlygyň Marydaky çeşmesine gürrüň berdi.
Azatlyk bu dawany gözegçilikde saklaýar we goşmaça maglumatlar gelip gowşan halatynda diňleýjilerini we okyjylaryny wakanyň dowamy bilen tanyş eder.