Türkmenistanyň metbugaty Daşoguz welaýatynyň kärendeçileriniň ýyllyk şaly hasyl borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendigini we munuň göz öňünde tutulandan has köp bolandygyny habar berýär. Emma Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçysy şu ýyl däneçi daýhanlaryň suwsyzlykdan kösenendigini we welaýatdaky şaly önümçiliginiň türkmen hökümetindäki täsirli adamlaryň kontrollygyna geçendigini aýdýar.
“Türkmenistan Altyn Asyr” websaýtynyň 27-nji noýabrda çap eden maglumatyna görä, şu ýyl 8 müň 100 gektar meýdandan planlaşdyrylandan has köp, ýagny 35 müň 106 tonnadan gowrak hasyl alyndy. Ýöne habarda göz öňünde tutulan şaly hasylynyň mukdary barada hiç zat aýdylmaýar.
Şeýle-de, türkmen mediasy “ýokary hilli şaly hasylyny almak üçin kärendeçilere ähli zerur şertleriň döredilendigi, dürli gӧrnüşli tehnikalaryň zerur mukdarynyň çekilendigi we bu çäräniň günde üns merkezinde saklanandygy” habar berildi.
Ýöne Azatlygyň habarçysy bilen anonim ýagdaýda söhbetdeş bolan daýhanlaryň onlarçasy şu ýyl şaly önümçiliginiň türkmen hökümetindäki täsirli adamlaryň kontrollygyna geçendigini, olaryň şaly önümçiligi bilen meşgullanýan daýhanlara basyş edendigini gürrüň berdi.
“Diňe S.Nyýazow etrabyndaky 10 iri daýhan birleşikde şaly ekişliginiň kontrollygy hökümetdäki täsirli adamlaryň kontrollygyna geçdi. Her dürli bahanalar bilen, kärendeçileriň şaly ekinlerine suw goýbermediler. Käbir kärendeçileriň şaly meýdanlary elinden alyndy” diýip, anonim şertde maglumat beren habarçy kärendeçilere salgylanyp gürrüň berdi.
Habarçy şaly ekişliginde suwuň esasy rol oýnaýandygyna ünsi çekip, ekin meýdanlaryny suwa ýakmak islän käbir kärendeçilere bolsa, suwuň berilmändigini we olara berk çäre görlendigini hem sözüniň üstüne goşdy.
Ýatladyp geçsek, awgustyň başynda Azatlyk Radiosy ýurduň demirgazyk welaýatyndaky suw problemasy, ýerli häkimiýetleriň bu problemany onlarça kilometre uzaýan ekerançylyk ýaplarynyň boýunda suw garawullarynyň goýmak arkaly çözmäge synanyşýandygyny habar beripdi.
Şonda Azatlygyň çeşmesi S.Türkmenbaşy etrabynda şaly ekilýän 7 töweregi uly hojalykda kärendeçileriň bir toparynyň kärende ýerleriniň elinden alnyp, ol ýerlere ýokarda goldawy bar adamlaryň şaly ekendiklerini gürrüň beripdi.
“Ýönekeý adamlaryň ekin meýdanlaryna, melleklerine suw diňe artan ýagdaýynda berilmeli, ilkinji nobatda S.Türkmenbaşy etrabynda şaly eken arkaly adamlaryň ekinleri suwdan ganmaly, hala suwy bedre bilen daşaň, hala-da ýönekeý halka suw bermäň” diýip, häkimlere tabşyryk berlipdir" diýip, Azatlygyň çeşmesi gürrüň beripdi.
Mundanam başga, iýun aýynda Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi türkmen häkimiýetleriniň Boldumsaz, Akdepe, Ýylanly etraplarynda boş ýatan mellek ýerlerine şaly eken daýhanlaryň ekinlerine reýd geçirip, olara pul jerimesini salýandygyny habar berdi.
Şonda söhbetdeşimiz bu reýdleriň suw ýetmezçiliginiň barha ýitileşmegi bilen baglanyşyklydygyny, bularyň, hususan-da, ýokary wezipeli adamlaryň we olaryň ýakynlarynyň müňlerçe gektar ýere eken şalysyny wagtynda suwarmak üçin alnyp barylýandygyny gürrüň berdi.
Türkmen hökümetiniň soňky hepdelerde geçiren hökümet maslahatlarynda ýurtda oba-hojalygy ösdürmek meselesine berk gözegçilik edilýändigi barada çykyşlar edilse-de, ýokarda agzalan meseleler barada hiç zat aýdylmaýar.
Maglumat üçin aýtsak, “atlas.media.mit.edu” websaýtynyň “Ykdysady çylşyrymlylyga syn” atly bölüminde 2016-njy ýylda Türkmenistanyň şaly importynyň 14,7 million amerikan dollaryna barabar bolandygy habar berilýär. Maglumata görä, Türkmenistanyň daşary ýurtlardan satyn alan şalysynyň 87%-ni Orsýetiň, 10%-ni Gazagystanyň, 2%-ni Pakistanyň we 0,62%-ni Hindistanyň tüwüsi emele getirýär.