Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda ekerançylyk ýaplarynyň boýunda suw garawullary goýulýar, gowaçalar suwsyz, tüwi gymmatlaýar


Daşoguz, Ruhubelent etraby.
Daşoguz, Ruhubelent etraby.

Türkmenistanda uzak ýyllar bisarpa ulanylan we gowaça meýdanlaryna hasapsyz kowlan suw barha ýakasyny tanadýana meňzeýär, ýerli häkimiýetler bu meseläni onlarça kilometre uzaýan ekerançylyk ýaplarynyň boýunda ýörite suw garawullaryny goýmak bilen çözmäge çalyşýarlar.

Читайте также на русском

Azatlyk radiosy ýurduň demirgazygynda barha ýitileşýän suw problemasy barada ýylyň başynda hem habar beripdi. Daşoguzdaky çeşme şonda adatça regionyň ekerançylyk ýaplaryna suwuň fewralyň birinden öň berlendigini, emma bu ýyl onuň näme üçindir hepdeläp gijikýändigini aýtdy.

Soň çeşmeler Daşoguzda gowaça ekiljek ýerlere tutulmaly ýuwuş suwunyň iki aý gijikdirilendigini gürrüň berdiler.

Daşoguzdaky suw ýetmezçiligi barada gelen iň soňky maglumatda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky ekerançylyk ýaplarynyň suwunyň juda azdygy habar berilýär.

“Häkimligiň tabşyrygy boýunça, her brigadadan her gün iki adam çen bilen 100 km aralyga uzaýan ýabyň boýunda gije-gündiz garawul durup, suwa gözegçilik etmeli, olar oba adamlarynyň ýa daýhan hojalyklarynyň nasos goýup, ýapdan suw almagyna ýol bermeli däl” diýip, çeşme 8-nji awgustda habar berdi. Onuň sözlerine görä, ýönekeý raýatlaryň mellek ýerlerine suw bermek dilden berlen görkezme esasynda gadagan edilipdir.

Mundanam başga, çeşme S.Türkmenbaşy etrabynda şaly ekilýän 7 töweregi uly hojalykda kärendeçileriň bir toparynyň kärende ýerleriniň elinden alnyp, ol ýerlere ýokarda goldawy bar adamlaryň şaly ekendiklerini habar berýär.

Onuň sözlerine görä, şu ýagdaýlar bilen baglylykda 3 daýhan hojalygynyň şalysy suwsuzlykdan gurady we indi galan şaly ekinlerini halas etmek üçin halky gysýarlar. “Şu sebäpden ýaplarda suw ýok” diýip, çeşme Azatlyk radiosyna aýtdy.

Şol bir wagtda häzir welaýatyň Akdepe etrabynda gowaça meýdanlarynyň aglaba bölegine birinji suwuň hem tutulyp bilinmeýändigi habar berilýär. Azatlygyň ýerli habarçysy bilen anonim şertde gürleşen ýerli resmi bu ýagdaýy suwuň bolmaly mukdaryndan gaty az bolmagy bilen düşündirýär.

“Was kanalynda suw az. S.Türkmenbaşy etrabyna barýan Hanýap kanalynda hem suw bolmalysyndan 80 prosent az” diýip, Azatlygyň çeşmesi ýerli halkyň bolanja suwdan hem peýdalanyp bilmeýändigini aýdýar.

Onuň tassyklamagyna görä, gowaça eken daýhanlar Gubadag, Boldumsaz, Köneürgenç etraplarynyň üstünden geçýän suwdan hem peýdalanyp bilmeýärler, olaryň gowaça meýdanlarynyň köp bölegi entek bir gezegem suwarylanok.

Munuň sebäbi, kärendeçileriň düşündirmeklerine görä, ozalam az gelen suwuň S.Türkmenbaşy etrabynda ýönekeý adamlaryň kärende ýerlerine şaly eken adamlardan artmazlygy bilen bagly.

“Ýönekeý adamlaryň ekin meýdanlaryna, melleklerine suw diňe artan ýagdaýynda berilmeli, ilkinji nobatda S.Türkmenbaşy etrabynda şaly eken arkaly adamlaryň ekinleri suwdan ganmaly, hala suwy bedre bilen daşaň, hala-da ýönekeý halka suw bermäň” diýip, häkimleretabşyryk berlipdir diýip, Azatlygyň çeşmesi aýdýar.

Türkmenistandaky suw ýetmezçiligi diňe Daşoguz welaýatynda däl, eýsem ýurduň beýleki ýerlerinde hem barha ýiti duýulýar. Munuň sebäbi bir tarapdan sowet döwründen gelýän suw bisarpalygy bilen bagly bolsa, ikinji sebäbi ýurtdaky suw desgalaryna edilýän eýeçilik bilen bagly.

Azatlyk radiosy bilen gürleşýän ýerli synçylaryň köpüsiniň tassyklamagyna görä, soňky ýyllarda Garagum kanalyny arassalamak işleri juda gowşadyldywe barha kän gyrmança basýan ulydesga soňky on ýylda suw ýitirmek, ýerlei şorlatmak meselesinde oýnaýan roluny has ulaldana meňzeýär.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň 7-nji awgustda geçirilen mejlisinde ekerançylyk meýdanlaryndaky suw ýetmezçiligi barada bir söz hem aýdylmady.

Şu aralykda Daşoguzda 1 kg tüwiniň bahasy 20 manada çykdy, ýokary hilli “Lazer” sortundaky tüwiniň bolsa 1 kg 34 manatdan satylýar diýip, çeşme habar berýär.

XS
SM
MD
LG