Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda näbelli adamlar gije 'köçe germewlerini goparýar'


Köçe hereketine seredýän polisiýa işgär. Arhiwdan alnan surat.
Köçe hereketine seredýän polisiýa işgär. Arhiwdan alnan surat.

Türkmen paýtagtynda agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynyň gapdalyndan güýçlendirilen hereket çäklendirmeleri hem dowam edýär we bu ýagdaý kähalatda ýaşaýjylaryň sabyr käseleriniň dolmagyna, köçelerde goýlan demir germewleriň gijelerine goparylyp aýrylmagyna sebäp bolýar.

Berilýän maglumatlara görä, geçen ýylyň sentýabrynda Aziýa oýunlary geçirilmezinden öň mikroraýonlara girilýän ýerleriň köpüsinde, awtoulaglar girip-çykmaz ýaly, turbalar dikildi. Indi, Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty bilen baglylykda, öňki beklenmedik köçeleriň hem köpüsini baglap çykdylar.

Mysal üçin, Parahat 2/1 etrapçasynda maşynly bolsaň diňe bir köçeden, Ýunus Emre köçesi tarapdangirip we çykyp bolýar. Galan ýerlerden girmek-çykmak gadagan, ýogsa bu etrapçada 40-45 sany köp gatly jaý bar diýip, bu ýerde ýaşaýan Myrat aga Azatlyga gürrüň berdi.

Şeýle ýagdaýy Parahat 2/2 etrapçasynda hem görse bolýar. Bu ýerdäki ýagdaý has-da çylşyrymly, sebäbi Moskowskiý/10 ýyl abadançylyk köçesinden gelip, çörek bişirýän kärhananyň deňinde aşak düşmeli, galan ýerden bu iki etrpaçanyň gapdalyndan geçýän Mir köçesine çykmak mümkinçiligi düýpden ýok diýip, Myrat aga sözüniň üstüni ýetirdi.

Munuň üstesine 10 ýyl abadançylyk köçesi köplenç ýapyk bolýar diýip, ýerli ýaşaýjylar Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdylar.Sebäbi bu köçe Olimpiýa stadionynyň gapdalyndan geçýär.

Aşgabatda dowam edýän hereket çäklendirmeleri, soňky döwürde ýüz urulýan käbir hereketlerden çen tutulsa, ýaşaýjylaryň sabyr käselerini doldurýana çalym edýär.

Gije, il ýatyp, it uklandan soň, näbelli adamlar asfalta myh bilen berkidilen demir germewleri güýç ulanyp, bir tär bilen goparyp zyňýarlar. Bu bolan waka irden, uçastok polisiýasynyň, ýol gözegçilik polisiýasynyň işgärleri gelende belli bolýar. Olar şol ýerde maşynly duranlara azgyrylyp, germewi kimiň ýykandygyny soraýarlar” diýip, Azatlygyň ýene bir söhbetdeşi, adyny Ulugberdi diýip tanadan ýaşaýjy gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, polisiýa bu işi men etdim diýip aýadýan ýok we hemme kişi maşynyny gün ýaşmanka getirip goýandygyny aýdýar. Ýöne ol demir germewleri goparyp zyňýan näbelli adamlaryň köçelere turba dikilip goýlan böwetleri aýryp bilmeýändiklerini, sebäbi olaryň çuň we betonlanyp gömlendigini hem sözüne goşdy.

Aşgabatda protokol köçeler diýilýänlerde, döwlet ýolbaşçysynyň işe gelip-gidýän wagtynda girizilýän hereket çäklendirmeleri, prezidentiň gatnaşmagynda geçirilýän dabaraly çäreler, baýramçylyklar we sport çäreleri bilen bagly ýapylýan köçeler bireýýäm adaty zada öwrüldi. Emma şu wagta çenli köçelerde goýlan germewleriň goparylyp aýrylýandygy, raýatlaryň bu çäklendrmeleri azaltmak üçin güýç ulanyp başlandygy eşidilmeýärdi.

Soňy gelmeýän hereket çäklendirmeleri “Tiz kömek” maşynlarynyň, ýangyn söndürijileriň hem ýoluny baglaýar, hatda merhumy gonamçylyga eltip, jan berene jaý bermek dessuryny berjaý etmägi hem gijikdirýär. Bu ýagdaý adamlary indi halys ýadadana meňzeýär, olar bolmanda gije protest bildirmek kararayna gelen bolarly” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy, 45 ýaşyndaky sürüjiAzatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Onuň pikiriçe, hereket çäklendirmeleriniň köpeldilmegi häkimiýetleriň emele gelen sosial ýagdaýlar bilen baglylykda adamlary barha kän gözegçilik astynda saklamak isleýändigini, ýagny çözgüdi diňe kontrollygy güýçlendirmekde görýändigini görkezýär.

Türkmenistanda ýurduň birinji prezident ýogalyp, häkimiýet çalşanda welaýatlaryň arasyndaky hereket çäklendirmeleri aýryldy we adamlar bu üýtgeşikligi gowulyga ýordular.

Emma soňra raýatlaryň hereket çäklendirmeleri, halkara hukuk toparlarynyň hasabatlarynda aýdylmagyna görä, ýurtdan çykmak we ýurda dolanyp gelmek hukuklarynyň yzygiderli bozulmagy bilen bir hatarda, ýurduň içinde, ozaly dürli çäreler sebäpli köçe-ýol hereketine girizilýän dowamly çäklendirmeler we welaýatlardan gelýän awtoulaglaryň paýtagta goýberilmezligi bilen, has giň gerime eýe boldy.

XS
SM
MD
LG