Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HORMATLY ARKADAG: Belki sport ulagyňyzda uzakrak bir ýere gidersiňiz!


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Hormatly Arkadag...

Siz walýuta bazarynda tertip-düzgüni haçan ýola goýarsyňyz? Goý bankda walýuta ýok. Walýuta operasiýalary gadagan edilýär. Gara bazar bar, bu-da gowy... goý şeýle bolsun... Niýazow döwründe-de şeýledi. Emma onuň muny hemişe saklamaga mümkinçiligi ýetmeýärdi. 4-5 man. Indi? Näme? 20 man. Bir dollar!

Bar zadyň, hatda dermanlaryň nyrhynyň dowamly aýylganç galýan wagtynda! Meniň aýlygym 50 dollara düşýär üç çagam we aýalym maýyp! Şeýle adamlar köp.

Türkmenistan esasan importyň hasabyna ýaşaýar. Telekeçilere we biznese bar zatda böwet döredilýär! Entek gazanmankaň paýlaş... Belki siz atdan ýykylanda bir zatlaryňyza şikes ýetirensiňiz? Biziň ählimiz etden edilen, iýmek gerek...belki siz öz sport ulagyňyza münersiňiz we uzakrak bir ýere sürüp gidersiňiz... çyndan hiç kim gynanmaz...garyndaşlaryňyzy hem çagyraýsaňyz. Öz ýanyňyza.

Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

XS
SM
MD
LG