Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda Çempionatdan öň towuk eti köpeldi, emma olar 'agaç çeýnän ýaly'


Aşgabat, et bazaryndan bir görnüş.
Aşgabat, et bazaryndan bir görnüş.

Türkmenistanyň uly bazarlarynda we döwlet dükanlarynda daşary ýurtlardan getirilen towuk etleri köpeldi we olar çäklendirmezden satylýar. Emma ýaşaýjylar “ýagdaýy bar adamlaryň” bu etden almajak bolýandygyny aýdýarlar.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy satuwa çykarylan towuklaryň göwrüminiň adaty towuklaryňka garanda örän uludygyny,bir towuk budunyň agramynyň bir kilograma golaý, üç sany buduň iki kilogram bolýandygyny, butlaryň kilogramynyň 8 manatdan satylýandygyny habar berýär.

Towuk etiniň nobatdaky “bolçulygy” Aşgabatda agyr atletika boýunça geçirilýän Dünýä çempionatynyň öň ýanyna gabat geldi.

Mälim bolşy ýaly, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda geçirilýän baýramçylyklaryň we sport çäreleriniň öňünden bazarlarda azyk bolçulygynyň döredilmegini yzygiderli talap edýär.

Ýöne bu gezekki “towuk bolçulygy”, häzirki görnüşinden, alyjylary o diýen begendirmedige meňzeýär, arzan bahaly towuk eti uzyn nobatlaryň döremegine getirmedi. Munuň sebäbi, Azatlygyň habarçysy bilen anonim şertde gürleşen aşgabatly ýaşaýjylaryň sözlerine görä, towuk etiniň hili bilen bagly.

“Birinjiden, satuwa çykarylan towuklar örän uly görünýär, ikinjiden, onuň eti juda ýagly bolup, alan towugyň üçden birine golaýy ýag. Munuň üstesine, bu towukda et tagamy hem az. Wagtynda bişmänsoň, üç sagat dagy gaýnatmaly bolýar” diýip, Ogulsona atly öý hojalykçy aýalAzatlyga gürrüň berdi.

Täze getirilen towuk etiniň “et tagamynyň” ýokdugyny Gulmyrat atly ýaşaýjy hem tassyk etdi. “Towugyň ýagy çorbada ereýär, galan eti iýjek bolsaň, edil agaç çeýnän ýaly bolýarsyň” diýip, ol aýtdy.

Gulmyradyň pikiriçe, bu towuklar “gaty köne bolmaly”. “Towuklaryň derisi sap-sary bolup gidipdir. Sygyr etini aljak bolamyzda hem, ýagy saralan bolsa almaýarys” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ikinji tarapdan, bahalar gymmatlansoň, täze getirilen we biraz arzan bahadan satylýan towuk etinden alýanlar hem bar.

Gulmyradyň tassyklamagyna görä, “güzeranyny zordan aýlaýan adamlar, ýokdan gowy diýip, bu etden almaga mejbur bolýarlar”.

Aşgabadyň “Mir” bazarynda, “Gülüstan” söwda merkezinde bu towuklar üç-dört ýerde satylýar, emma hyrydar az diýip, Azatlygyň biri-birinden garaşsyz iki çeşmesi habar berdi.

Şol bir wagtda, Azatlygyň gürleşen adamlarymyň köpüsi ýurduň özündäki guş toplumlarynda öndürilen towuklaryň etiniň häzirki arzan towukdan "kän gowudygyny" aýtdylar. Emma ýurt içindäki uly guş toplumlarynda öndürilen towuk etiniň iň arzanynyň bahasy, aýdylmagyna görä, 21 manatdan başlanýar.

“Öz guş toplumlarymyzyň towuklary, birinjiden, beýle betnyşan uly däl, ikinjiden, çalt bişýär we et tagamy bar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran söhbetdeşimiz aýtdy.

Ýöne ol bazarda daşary ýurtdan getirilen arzan towuklaryň peýda bolmagynyň ýerli guş toplumlarynyň satýan towuklarynyň bahalaryna az-da bolsa täsir edendigini, mysal üçin, ozal süňki aýrylan towuk döşüniň kilogramynyň 35 manat bolandygyny, häzir 32 manatdan satylýandygyny belledi.

Emma bu ýagdaýyň näçe wagt saklanjagy belli däl. Ikinji tarapdan, towuk etine çenli daşary ýurtdan getirilmegi prezident Berdimuhamedowyň importuň öwezini tutýan we eksport edilýän önümleri öndürmegi köpeltmek baradaky ideýalaryna ters gelýär.

Türkmenistandan soňky ýyllarda ilatyň esasy sarp edýän azyk önümleriniňýetmezçiligi, bahalaryň yzygiderli ýokarlanmagy we uzyn we dawaly azyk nobatlarynyň döremegi adaty ýagdaýa aýlandy.

Ýerli synçylar ekerançylyk we öri meýdanlaryna baý, ýyly klimatly ýurtda dörän azyk ýetmezçiligini ykdysady azatlygyň ýoklugy bilen düşündirýärler.

XS
SM
MD
LG