Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzdaky ekinler 'suw tygşytlamak we ýerli emeldarlaryň bazar bähbitleri üçin' sökülýär


Türkmenistan, ekin meýdany
Türkmenistan, ekin meýdany

Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynda oba adamlarynyň ekinleriniň zor bilen sökdürilmegi, ikinji tarapdan bazarlardaky harytlaryň bahasynyň öňki ýyllarda görülmedik derejede gymmatlamagy dowam edýär.

Soňky gelip gowşan maglumatlara görä, häzir Daşogzuň bazarlarynda iň pes hilli tüwiniň kilogramy 17 manat bahalanýar we Aşgabatdan Daşogza soň bazarda satmak üçin tüwi almaga gelýän adamlar yzlaryna boş gaýdyp başladylar diýip, Azatlygyň çeşmesi habar berýär.

Azatlyk radiosy daşoguzly daýhanlaryň melleklerinde we kärende ýerlerinde, gyrka-bujakda eken ekinleriniň traktor bilen sökülýändigini ozal hem habar beripdi.

25-nji awgustda Aşgabatda Azatlygyň habarçysy bilen duşuşan iki daşoguzlynyň tassyklamagyna görä, bu mesele barada Azatlyk radiosynda berlen habarlar “entegem bärden gaýdýar”.

Adamlaryň bazara çykarmak üçin däl, öz maşgalasy üçin kiçiräk ýerlere eken şalylary hem traktor salnyp sökülýär; aý ýarym wagt bäri hasyla duran, günde 20-25 kilogram pomidor, hyýar ýygyp, bazara çykaryp satmaga mümkinçilik berýän mellek ýerleri hem sökülýär; ekin dolanyşygyna girizilmedik ýerde, gyrak-bujakda düme ekilen gawun-garpyzlar hem sökülýär” diýip, 70 ýaşlaryndaky daşoguzly raýatlar Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdiler.

Olaryň sözlerine görä, sökülip aýrylýan gawunlaryň köpüsi boýy ýetip ugran gyş gawunlary, geljek ýylyň martyna çenli saklanjak “garrygyzlar” bolup, häzirden gawun nyrhlarynyň ýokarlanmagyna, gyş aýlary satyljak gawunlaryň bahasynyň has ýokary bolmagyna esas goýýar.

Şonuň bilen bir wagtda, daşoguzly ýaşaýjylar hemme obalynyň ekininiň sökülmeýändigini, bu meselede aýry tutulýan we goragly adamlaryň hem bardygyny aýdýarlar.

Hususy melleklerdäki we kärende ýerleriniň gyrasynda, gyrak-bujakda ekilen ekinleriň sökülmeginiň bir sebäbi suw ýetmezçiligi hem-de emeldarlaryň öz bähbitlerini ýönekeý adamlaryň hajatlaryndan ileri tutmagy bilen düşündirilýär.

Eger-de ýaplardan daýhanlaryň ekinleri üçin ogryn-dogryn suw alynsa, bu diňe döwletiň hasabynda durýan ekin meýdanlaryna däl, eýsem emeldarlaryň öz bähbit görýän ekin meýdanlaryna barýan suwuň hem azalmagyna getirjek” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran daşoguzlylar gürrüň berdi.

Olaryň sözlerine görä, welaýat, etrap derejesindäki resmileriň köpüsiniň oba ýerlerinde kimdir birleriniň atlaryna ýazylan 50, 100 gektar çemesi ýerleri bar we ol ýerlerde suw ýetmezçiligi bolmaly däl. Eger-de ekini sökülen daýhanlar beýleki ýerlerdäki ekiniň sökülmezliginiň sebäbini sorasalar, häkimiýetler olara ol ýerleriň eýeleriniň dokumentleriniň düzüwdigini aýdyp jogap berýärler.

Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan daşoguzly ýaşaýjylar daýhanlaryň ekinleriniň sökülmeginiň ikinji sebäbini bazar monopoliýasy, emeldarlaryň ekinini bazara çykarýan adamlaryň öňündäki bäsdeşligi bikanaun, eden-etdilikli aradan aýyrmak synanyşygy bilen düşündirýärler.

Eger bazara çykarylýan haryt näçe azalsa, olaryň şonça-da arzysy artýar we bahasyny gymmatlatmak mümkinçiligi köpelýär. Şu sebäpden bu häzir garyp-gasarlaryň bazara haryt çykarmagyny azaltmak üçin oýlanyp tapylan iň täze usul bolup durýar” diýip, Azatlygyň daşoguzly söhbetdeşleri aýtdy.

Olaryň tassyklamagyna görä, welaýatda häzir tüwiniň kilogramynyň iň pes bahasy 17 manada çykdy.

Bu bahadan ozal Daşoguz bazarynda iň ýokary sortly tüwiniň-de satylan ýeri ýok, Aşgabatdan, Balkandan tüwi söwdasyny etmäge gelýänleriň köpüsi indi yzyna boş, tüwi alman gaýdýar, sebäbi olar soň onuň üstüne goşmaça nyrh goýup, peýda görüp boljagyna ynanmaýar” diýip, Azatlygyň daşoguzly söhbetdeşleri gürrüň berdi .

XS
SM
MD
LG