Üstümizdäki ýyl Türkmenistan 1 million 600 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamagy maksat edinýär. Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugynyň ýazmagyna görä, 17-nji awgustda geçirilen hökümet maslahatynda prezident Berdimuhamedow karara gol çekip, kärendeçiler üçin degişli bugdaý plan borçnamasyny kesgitläpdir.
Bu karara laýyklykda, 2019-njy ýylda Türkmenistan boýunça “güýzlük bugdaý üçin jemi 760 müň gektar meýdan ýeri bölüp bermek hem-de 1 million 600 müň tonna däne taýýarlamak göz öňünde tutulýar” diýip, TDH ýazýar. Bellemeli ýeri, Türkmenistanda geçen aý tamamlanan galla oragynyň netijeleri boýunça anyk sanlar mälim edilmedi. Resmi metbugatda diňe töwerekläp, bugdaý meýdanlaryndan “1 milliondan gowrak hasyl ýygnaldy” diýilýär.
Geçen ýyl Türkmenistan boýunça 1 million 600 müň tonna galla hasylyny öndürmek göz öňünde tutulypdy.
Ýöne “häzir galla oragy tamamlandy diýen ýaly... Gallanyň özümizden artyk galýan möçberini daşary ýurtlara eksport etmek bolar” diýip, TDH 5-nji iýulda türkmen prezidentiniň sözlerini getirdi.
Azatlyga ýurduň içinden gelip gowuşýan habarlardan mälim bolşuna görä, häzirki wagtda ýurduň dürli künjeklerinde un ýetmezçiligi dowam edýär.
Şeýle-de, tamamlanan bugdaý oragynyň netijeleri boýunça takyk sanlar agzalmaýan wagty, resmi metbugatyň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň prezidenti 30-njy iýulda ýurtda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna bagyşlap, häkimler bilen geçiren wideo şekilli iş maslahatynda bu pudagy tankyt etdi, ýerlerde traktorlaryň we beýleki tehnikalaryň üstümizdäki pagta ýygymyna we güýzki bugdaý ekişine taýýarlyk işleriniň derejesiniň pesdigine nägilelik bildirdi.
Şol maslahatdan takmynan 1 hepde geçenden soň, 6-njy awgustda häkimler bilen geçiren nobatdaky ýygnagynda prezident “ýerli býujet” bilen bagly diýip, Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryň häkimlerine “käýinç” yglan etdi. TDH-nyň maglumatlaryna görä, şol maslahatyň dowamynda möwsümleýin oba hojalyk işlerine-de garaldy.
Bu maslahatyň gabadynda Azatlygyň ýurduň içindäki habarçylary bilen söhbetdeş bolan daýhanlar tamamlanan bugdaý oragynda aglaba kärendeçiniň döwlete bergili çykandygyny habar berdi.
“Meniň tanaýanlarymdan bugdaý planyny dolan kärendeçä duş gelmedim. Welaýatyň kärendeçileriniň 90 göterimi bergidar çykypdyr” diýip, daşoguzly bir daýhan aýyň başynda Azatlygyň welaýatdaky habarçysyna gürrüň berdi.
Atsyz çykyş eden daşoguzly kärendeçi berjaý edilmedik bugdaý plan borçnamasy sebäpli onlarça daýhanyň prokuratura çagyrylýandygyny habar beripdi.
Onuň sözlerine görä, galla borçnamasyny dolup bilmedik kärendeçiler döwlete bergili çykansoň, olar bugdaý tabşyrygynyň öwezini dolmaly edildi.
Olaryň hatarynda pensiýasy bolan kärendeçiler alýan pensiýa haklaryny dolmadyk gallanyň öwezine döwlete geçirýär, pensiýasy ýoklar bolsa emläklerini satyp, döwletiň öňünde dolup bilmedik bugdaý plan borçnamasynyň öwezini dolmaga çalyşýar diýip, Azatlygyň habarçysy maglumat beripdi.
Bu ýylky galla oragynyň gysga hronologiýasyna ser salynsa; 21-nji maýda Türkmenistanyň prezidenti karara gol çekip, 2018-nji ýylyň galla hasylyny ýitgisiz ýygnamak, hem-de gallaçylar bilen wagtynda hasaplaşmak barada döwlet toparyny döretdi, 25-nji maýda häkimler bilen göni aragatnaşykda ýurduň welaýatlarynda galla oragyna başlanmaly günleri kesgitledi. 27 – 28 -nji maý gijesi Daşoguz we Lebap welaýatlaryny duzly tupan gurşap aldy. Agronomlar bu tebigy hadysanyň ýurduň oba-hojalygyna oňaýsyz täsir edendigine ynanýar. 6-njy iýunda Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynyň gallaçylary, 13-nji iýunda Daşoguz we Balkan welaýatlary galla oragyna girişdiler. Oraga girişilmegi bilen Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar serişdelerinde ýurt boýunça galla oragynyň barşy barada berilýän habarlaryň depgini güýçlendi. Ýöne iýun aýaklaberende döwlet metbugatyna galla baradaky habarlar boýunça dymyşlyk aralaşdy. 5-nji iýulda prezident anyk sanlary agzamazdan ýurtda bugdaý oragynyň tas tamamlanandygyny yglan etdi. 17-nji iýulda garaşsyz habar serişdeleri türkmen metbugatyndaky galla dymyşlygyna ünsi çekdi. 30-nji iýulda prezident ýurduň oba-hojalyk pudagyny tankyt etdi, 6-njy awgustda “býujet bilen bagly” diýip, dört welaýatyň häkimine “käýinç” yglan etdi.
Azatlygyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ýerli kärendeçileriň köpüsi, ekerançylyk üçin zerur bolan suwarym suwlarynyň, mineral dökünleriň we tehnikalaryň ýetmezçiliginden şikaýat edýärler.
Görnüşinden, geçen ýyllardan tapawutlylykda bu ýyl türkmen telewideniýesinde bankomatlardan maňlaýyna sylyp pul nagtlaşdyrýan bugdaý planyny dolan daýhanlar baradaky reportažlar heniz efire berlenok.