Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň MTS kompaniýasy Türkmenistany 'çekdiren zyýany' üçin suda berýär


MTS-iň Türkmenistandaky hyzmat merkezi. Arhiw suraty
MTS-iň Türkmenistandaky hyzmat merkezi. Arhiw suraty

Russiýanyň mobil telefon operatory MTS, Türkmenistanda işleýän aragatnaşyk hyzmaty kärhanasynyň 2017-nji ýylda ýurduň telefon ulgamyndan kesilendigi üçin,Türkmenistanyň üstünden suda şikaýat etdi. MTS Türkmenistanyň gelen karary esasynda azyndan $750 million zyýan çekendigini aýtdy. Bu aralykda, türkmen hökümetine ýakyn Ashgabad.net internet neşiri rus operatorynyň bildiren şikaýatynyň “geljeginiň ýokdugyny” aýdyp, Türkmenistanyň radioýygylyklar boýunça döwlet gullugynyň jogapkär işgäriniň sözlerini getirdi.

Ýatlatsak, MTS kompaniýasynyň Türkmenistandaky abonentleriniň aragatnaşyk hyzmatlary 2017-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda kesilipdi. MTS-iň Moskwadaky baş edarasynyň metbugat wekili Dmitriý Solodownikow şol gün Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde Aşgabadyň zerur bolan käbir rugsatnamalaryň möhletini uzaltmandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol MTS-iň işini dikeltmek boýunça “Türkmentelekom” bilen gepleşýändigini, sebäbi kompaniýanyň Türkmenistanda işlemegine berlen ygtyýarnamanyň möhletiniň 2018-nji ýylyň 26-njy iýulynda tamamlanýandygyny aýtdy.

MTS-iň Inwestisiýa dawalaryny çözýän halkara merkezine, Bütindünýä banky tarapyndan maliýeleşdirilýän halkara arbitraž edarasyna şikaýat bilen ýüz tutmagy “MTS-Türkmenistanyň” Türkmenistanda işlemek boýunça alan ygtyýarnamasynyň möhletiniň hakykatda dolýan wagtynyň bir gün soňuna gabat geldi.

Türkmen hökümetine ýakyn internet neşiri bolsa, bu maglumatlaryň hakykata bap gelmeýändigni aýdyp, “Türkmenistanyň radioýygylyklar boýunça döwlet gullugynyň jogapkär işgäri” diýlip tanyşdyrylanyň sözlerini getirýär.

“Aslynda, hiç kim kompaniýany hyzmatlary hödürlemek lisenziýasyndan mahrum etmedi. Meniň pikirimçe, MTS-iň wekilleri öz abraýyny saklajak bolup, agressiw goranyşa geçip, gyzyklanýan taraplara we jemgyýetçilige bilkastlaýyndan ýalňyş pikirleri ornaşdyrjak bolýarlar. MTS-iň Türkmenistanda işini togtatmagy onuň Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen radioýygylyklary bölüp bermek baradaky baglaşan ylalaşygynyň 2017-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda dolmagy bilen bagly bolup, onuň telekomunikasiýa hyzmatlaryny hödürlemek baradaky lisenziýasy bilen ilteşigi ýokdur” diýip, şahsyýeti aýdyňlaşdyrylmadyk türkmen hünärmeniniň sözleri sitirlenýär.

Türkmen wekili mobil operatorynyň bölünip berlen ýygylyk kanallaryny ulanmak dogrusyndaky şertnamanyň möhletini uzaltmak boýunça “bähbitli” şertleri hödürläp bilmändigini hem sözüne goşupdyr.

MTS geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistandaky mobil aragatnaşyk hyzmatlaryny bes etmegi netijesinde çeken zyýanynyň 2017-nji ýylyň üçünji çärýeginde 1,1 milliard rubl, ýagny 18,3 million amerikan dollary möçberinde bolandygyny habar beripdi.

Rus kompaniýasynyň maglumatyna görä, onuň Türkmenistandaky müşderileriniň sany 2017-nji ýylyň 2-nji çärýeginde 1 million 700 müň adama barabar bolupdyr.

MTS Türkmenistandaky işini 2010-njy ýylda hem togtatmaly bolupdy. Şonda kompaniýa öz iş ygtyýarnamasynyň togtadylmagynyň “hiç wagt doly esaslandyrylmandygyny” aýdypdy. Ýöne ol soňra, 2012-nji ýylda ýene türkmen bazaryna dolanyp geldi we işi, geçen ýylyň sentýabrynda, ikinji gezek togtadylýança işledi.

Türkmen hökümetine ýakyn internet neşiri “Türkmenistanyň radioýygylyklar boýunça döwlet gullugynyň jogapkär işgäri” diýlip, tanyşdyrylan şahsyýetiň sözlerini ýene sitirledi: “Türkmenistan barada aýdylanda, 2010-njy ýylda MTS-iň lisenziýasynyň möhleti ilkinji gezek uzaldylmanynda, geçirilen gepleşikleriň netijesinde, täze şertnamada kompaniýanyň arz-şikaýatlarynyň ýokdugy bellenip geçilipdi. Şol sebäpli, mobil operatorynyň halkara arbtiraž sudundaky ýagdaýy gowşak bolup, onuň bildiren şikaýatynyň hem geljeginiň ýokdugyny aýdyp bileris”.

Ýeri gelende bellesek, resmi Aşgabadyň özi bu ýagdaýlar dogrusynda häzirlikçe hiç hili beýanat bilen çykyş etmedi.

MTS-iň Türkmenistandaky işiniň geçen ýyl togtamagy bilen bir hatarda Aşgabatda “Aý Nazar” atly täze mobil aragatnaşyk operatorynyň işe başlajakdygy, onuň “MTS-Türkmenistanyň” infrastrukturasyndan peýdalanmagyna rugsat berilmegi baradaky ylalaşygyň teklip edýändigi barada maglumatlar çykypdy.

Azatlygyň türkmen hökümetine ýakyn çeşmeleriniň, şol sanda “MTS-Türkmenistan” mobil aragatnaşyk operatorynyň käbir resmileriniň beren maglumatlaryna görä, rus kompaniýasynyň iş rugsadynyň uzaldylmajakdygy geçen ýylyň iýun aýynda duýdurylypdyr.

Bu kararyň arkasynda ýokary derejeli hökümet wekilleriniň goldawy esasynda döredilýän “Aý Nazara” artykmaç mümkinçilik döretmek niýeti gizlenýär diýip, hökümete ýakyn çeşme Azatlyga maglumat beripdi.

Türkmen metbugaty ýurtda işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň ygtyýarnamalarynyň möhletinden öň togtadylmagy, daşary ýurt maýadarlarynyň Türkmenistanda häkimiýetleriň kanuny taýdan esaslandyrylmak kararlary esasynda çeken zyýanlary we halkara arbitraž sudlaryna edilýän şikaýatlar barada maglumat bermeýär.

Şol bir wagtda, ekspertleriň pikirlerine görä,nebit bahalarynyň arzanlamagy, Aşgabadyň Moskwa, Tähran ýaly gaz alyjylaryny ýitirmegi, munuň üstesine ýurtdaky köp milliard dollarlyk gurluşyk proýektleriniň dowam etdirilmegi netijesinde Türkmenistan barha köp daşary ýurt maýasyna mätäç bolýar.

XS
SM
MD
LG