Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘MTS’ bilen türkmen häkimiýetleriniň arasyndaky gepleşikler ‘dowam edýär’


MTS kompaniýasynyň Türkmenistandaky edaralarynyň biri. Arhiwden alnan surat
MTS kompaniýasynyň Türkmenistandaky edaralarynyň biri. Arhiwden alnan surat

“MTS-Türkmenistan” bilen türkmen häkimiýetleriniň arasyndaky gepleşikleriň 8-nji oktýabra çenli dowam etjekdigini we şol gepleşikleriň netijesinde mobil aragatnaşyk kompaniýasynyň ýurtda öz hyzmatlaryny dowam etdirjegi ýa-da etdirmejegi dogrusynda Türkmenistan tarapyndan anyk jogabyň beriljekdigini, MTS-iň Aşgabadyň 11-nji mikroraýondaky merkezi ofisiniň käbir jogapkär işgärleri aýtdylar.

Adynyň efirde agzalmazlygyny soran işgärleriň 3-nji oktýabrda Azatlygyň ýurt içindäki çeşmelerine aýtmagyna görä, merkezi ofisiň ýokary derejeli ýolbaşçylary olara müşderilere resmi kommentariý bermezligi we öz telefon belgilerinde galan puly nagtlaşdyrmak isleýänleriň 8-nji oktýabrdan başlap kabul edilmelidigini tabşyrypdyrlar.

“Eger şol MTS-iň şertnamasy uzaldylmajak bolsa, aýyň 8-ne çenli Türkmenistan döwleti tarapyndan anyk jogap bermelimişin. [MTS-iň işgärleri] ‘Türkmentelekom’ we beýleki edaralar bilen gepleşikleri dowam etdirýär diýýärler. Ýöne merkezi ofisiň menejerleri operator gyzlara ‘şundan başga düşündiriş bermäň, galan ýagdaý aýyň 8-ne çenli belli bolar. Aýyň 8-ne çenli Türkmenistanyň hökümeti şertnamanyň dikeldiljegi-dikeldilmejegi barada anyk jogap berer. Şondan soňra, eger dikeltjek däl diýseler, öz müşderilerimiziň hasaplaşyk şýotynda galan pullaryny yzyna öwürmek kampaniýasyna başlaýarys’ diýip aýdypdyrlar” diýip, aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew MTS-iň Türkmenistandaky işgärlerine salgylanyp gürrüň berdi.

Ýokardaky gürrüňi edilen meseleler dogrusynda, Azatlyk Radiosy Russiýanyň MTS kompaniýasynyň Türkmenistandaky edarasyna we Moskwaky baş edarasyna ýüzlenende, haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.

Ýatladyp geçsek, sentýabr aýynyň 28-den 29-na geçilen gije MTS kompaniýasynyň Türkmenistandaky abonentleriniň aragatnaşyk hyzmatlary kesildi. Günüň başynda “MTS-Türkmenistan” kompaniýasynyň paýtagtdaky müşderileriniň internetiniň öçürilendigi, soňra-da MTS-iň Türkmenistandaky ähli hyzmatlarynyň kesilendigi mälim boldy.

Şol güni MTS-iň Moskwadaky baş edarasynyň metbugat wekili Dmitriý Solodownikow kompaniýanyň Türkmenistandaky aragatnaşyk hyzmatlaryny türkmen tarapynyň ýatyrandygyny we türkmen kärhanalarynyň aragatnaşygy üpjün etmek üçin zerur bolan käbir rugsatnamalaryň möhletini uzaltmandygyny Azatlyk Radiosyna mälim etdi.

Şeýle-de, MTS-iň wekili kompaniýanyň öz müşderileriniň aragatnaşyk hyzmatlaryny dikeltmek boýunça “Türkmentelekom” bilen gepleşik alyp barýandygyny belläp, MTS kompaniýasynyň Türkmenistanda işlemegine degişli lisenziýanyň möhletiniň 2018-nji ýylyň 26-njy iýulynda dolýandygyny nygtady.

MTS kompaniýasynyň Türkmenistandaky abonentleriniň aragatnaşyk hyzmatlary kesilenden üç gün soň, ýagny 2-nji oktýabrda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin resmi sapar bilen Aşgabada bardy.

Onuň türkmen paýtagtyna eden bu saparynyň öň ýanynda, rus we türkmen liderleriniň “MTS-Türkmenistan” aragatnaşyk kompaniýasynyň ýurtda hereket etmek mümkinçilikleri barada gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýardy. Emma resmi habarlarda türkmen we rus ýolbaşçylarynyň bu mesele barada maslahat edendigi ýa-da etmändigi barada kelam söz aýdylmady.

“Biz Putiniň Aşgabada eden saparynyň dowamynda, iki ýurduň liderleriniň bu meseläniň maslahatlaşmagyny we bu babatda oňyn netijeleriň gazanylmagyny umyt edýärdik” diýip, MTS-iň Aşgabatdaky edarasynyň käbir işgärleri aýdýarlar.

MTS kompaniýasy Türkmenistandaky müşderileriniň sanyny 2017-nji ýylyň 2-nji çärýeginde 1 million 700 müň diýip kesgitledi.

Türkmenistanda MTS kompaniýasynyň aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanan türkmenistanlylaryň şu günler “TMCELL”, ýagny “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamyna geçip başlandygy aýdylýar.

3-nji oktýabrda “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri “Altyn Asyr” kompaniýasynyň käbir ofis edaralarynyň öňünde adamlaryň uly nobatynyň emele gelendigini habar berdi.

Şu ýylyň iýul aýynyň aýagynda Russiýanyň MTS kompaniýasy özüniň Türkmenistanda işlemeginiň şertleri boýunça, türkmen häkimiýetleri bilen gepleşikleriň dowam etdirilýändigini habar beripdi. Şol pursat, türkmen tarapynyň “Aý Nazar” atly täze mobil aragatnaşyk operatorynyň “MTS-Türkmenistanyň” infrastrukturasyndan peýdalanmagyna rugsat berilmegi baradaky ylalaşygy teklip edýändigi aýdylypdy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri MTS-iň ýurtda alyp barýan işine degişli öz planlaryny henize çenli resmi taýdan mälim etmän gelýärler.

Ýatladyp geçsek, MTS kompaniýasynyň Türkmenistanda işlemeginiň bes edilmegine degişli tejribeler öňem bolupdy. MTS 2010-njy ýylyň dekabrynda, Türkmenistanyň aragatnaşyk bazarynda ilaty mobil hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça 2005-nji ýyldan bäri amala aşyran işini durzupdy. Şol pursat, MTS bilen hyzmatdaşlygyny bes eden Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi öz kararyny MTS bilen şertnamasynyň möhletiniň dolmagy bilen düşündiripdi.

XS
SM
MD
LG