Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Etiň bahasy “günsaýyn gymmatlaýar”


Aşgabadyň bazarlarynyň et dükanlarynda indi 10-15 günden bäri mal etleri, süňkli etler 27 manatdan satylýar
Aşgabadyň bazarlarynyň et dükanlarynda indi 10-15 günden bäri mal etleri, süňkli etler 27 manatdan satylýar

Aşgabadyň bazarlarynda mal etleriniň bahalarynyň ýokarlanmagy dowam edýär. Mal etleriniň bahalarynyň diňe bir Aşgabadyň bazarlarynda däl, Türkmenistanyň ähli etraplarynda hem ýokarlanýandygy barada maglumatlar aýdylýar.

Mary welaýatynyň ýaşaýjysy telekeçi Annanyň aýtmagyna görä, Maryda ozal bir kilogramy 17 manat bolan mal etleriniň häzir bir kilogramy 22 manatdan satylýar. Ozalrak oba ýerlerindäki bahalar bilen, şäherdäki bahalaryň hem 2-3-manat ara tapawudy bolardy.

Oba ýerlerinde mal öldürip satýanlar şähere garanda arzanrak bahadan satýardylar. Indi bahalar deňleşdi diýseňem bolýar. Kä halatlarda oba ýerlerinde her kilogramynda 1-2 manat bahalaryň ýokary aýdylýan ýerleri hem bolýar.

“Oba ýaşaýjylarynyň iým meselesi häzirki wagtda agyr mesele bolup durýar. Meýdanlarda ot ýok, oba ýerlerinde iým tapdyranok. Otuň bolaýanda hem diňe ot bilen maly geregiçe semredip bolmaýar. Semizligi ýetmedik maly öldürip, onuň etini satuwa çykaran halatyňda bolsa, onuň alyjysy hem az bolýar” diýip, Anna Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Aşgabatly ýaşaýjy Selbi daýzanyň aýtmagyna görä bolsa, Aşgabadyň “Teke bazarynyňam”, “Gülüstan” söwda merkeziniňem et dükanlarynda indi 10-15 günden bäri mal etleri, süňkli etler 27 manatdan satylýar. Çylka etiň bir kilogramy bolsa 38 manatdan satylýar.

“Bahalaryň ýokarlanmagy indi Türkmenistanda geň zat däl. Bahalar hepdede däl-de, günde ýokarlanyp dur. Emma, et dükanlaryna gireniňde etleriň bahasy 18 manat diýip ýazylgy dur. Ýöne, 18 manatdan et satylýan ýerine duşmaýarys. Öňler bu bahany emeli görnüşde gözegçilikde saklamaga çalyşýardylar. Şeýle halatlarda satyjylar 18 manatdan çylkasy aýrylan süňkli etleri, mäzli iç ýaglary, malyň öýkenini goýup, ‘Ynha, 18-manatdan şeýle et berýäris, diýip, alyjynyň göwün islegine görä diýen ýerinden eti çekip bermeýärdiler. Alyjylarda uly närazyçylyklar döreýärdi. Şeýle bolanda ‘bahasyny näçeden alsaň alaý, ýöne maňa eti gowja ýerinden çapyp ber’ diýseňem, satyjylar gözi bilen ümläp, gözegçileri görkezip, ‘Bolanok, berip bilemok’ diýýärdiler. Netijede alyjy kösenýärdi” diýip, Selbi daýza gürrüň berdi.

Ol sözüni dowam etdirip: “Indi şol satyjynyň işine gözegçilik edip, direnip duran gözegçiler hem görünmeýärler. Satyjy islän bahasyny aýdyp, söwda edip dur. Ozalkylar ýaly 4 kilogram et alsaň, üstüne bir kilogram öýken goýup duran satyjy hem ýok. Islän ýeriňden eti çekip berýärler. Bahalar ýokary bolsa-da, gerekmejek zatlary terezä goýmaýandyklary üçin alyjy hem hoşal bolup gaýdýar. Satyjy hem eti islän bahasyndan satyp hoşal bolup dur” diýip, Selbi daýza sözüne goşýar.

Döwlet tarapyndan mal etleriniň satuwa çykarylmagy indi düýpli aradan aýryldy diýseňde bolýar. Türkmenistanyň guş toplumlarynda öndürilýän bir kilogramy 13 manatdan satylýan towuk etlerinden başga zat bazarlarda göze ilmeýär.

Daşary döwletlerden getirilýän towuk budy, çylka mal etleri eýýäm satuwdan ýitdi. Kä ýyllarda “baýramçylyk mynasybetli” diýip, uly nobatlary döredip, ilata arzan bahadan satylýan mal etleri hem indi 2-3 ýyldan bäri baýramçylyklarda hem satuwa çykarylmaýar. Şeýle-de şu günki gün hem, bazarlaryň et dükanlarynda mal etleri hem çäkli bolup, olar sanalgyja tekjede satylýar.

XS
SM
MD
LG