Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Size azajyk ekonomika sapagyny bermegi makul bildim"


Arhiw suraty.
Arhiw suraty.

Hormatly Yazyjymyz, sazandamyz, ralli çempiýonumyz!

Size azajyk ekonomika sapagyny bermegi makul bildim.

Soňky döwürlerde dollar alyş we çalyş edýänleri gysýan habarlarňyzdan doly.Dollary beydip gysyp saklap bolanok.

Ekonomikanyň ýer çekim kanuny ýaly kanuny bardyr. Olam Üpjin edijiler we talap edijiler kanuny. Dollaryň erkin bazardaky nyrhyny şolar belleýär. ikisiniň gabatlaşan ýerindäki baha hazirki dollaryň bahasy bolýar.

Talap edijiler köp bolsa bahasy ýokarlanýar, dollar upjinçiligi köp bolsa (muňa turke işlemäge gidip iberýän dollarlardan tut , haryt eksport edyänler, hökümediň daşary döwlede satýan harytlarynyň, neftiniň, gazynyň hemmesi girýär )bahasy arzanlaýar. Muny ne bazardaky dollarçylar, ne guniň aşagynda garalyp eklenji bilen bolýan dollar çalyşýanlar belleýär.

Şeýledigini aýdýanlar diňe bilimsiz , sowatsyz adamlardyr. Dollary duybindena aýryp bolanok.Sebäbi hemme zady özümiz öndürip bilemizok, içerki bazar doly üpjin edip bilemizok ,daşary döwletlere bagly biz. Diýmek näme etmeli?

Eksporty köpeltmeli. Importy belli derejede azaltmaly. (yapmaly däl) Siz welin näme edýäňiz? Dasary döwlede näçe sany eksport edýän bar bolsa bolup bilseňiz böwet bolýaňyz. yani yakinda azyk onumçiligine degisli harytlaryň eksportyny gadagan etdiňiz. Dasary sowdada siziň tereziňiz Import bilen bagly bolmaly.

Çykan girenden köp bolanlygynda Importyňam zyýany ýok. Siziň barlagçylaryňyz bu zatlary bilmeýän bolmaga çemeli telekeçileri kösäp ýör. ol çäre däl.

Beter azyk gytçylygyny döremegine sebäp bolar. Siz eger etmek isleseňiz daşary döwletlerdäki ýaly "Dom yustisiya " yali firma açjak, kärhana gurjak, salgyt, gümrük yali edaralaryň hemmesini bir yerde jemläp, parahorluga mahal bermän 3 sagatda firma açyp boljak ýagdaýa getirseňiz ullakan iş etdigiňiz bolar.

Häzir meniň tanaýan telekeçilerimiň köpüsi " Dokumentasiýa Mafiýasy" ndan ýadanlygy ya-da kelle agyrdasy gelmänligi üçinem hiç hili önümçilik edesi gelenok.

Puly bar ýöne ýassyk astynda dur ýada ulansa Importa ulanýar. Sebäbi Import aňsat. Bu pullary Ekonomika gazandyrmaly özem Eksporta etmäge itermeli. Goýalyň indi fantaziýany, sifrleri aýdyp ösýas diýmäni. Iş edeliň, realny durmuş barada alada edeliň. Siziň ýekeje buýrugyňyza bijek zatlar şular. Alla size azajyk ýüregiňize ynsap bersin. Edip bolmajak zatlar däl eger etmek isleseňiz..

Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

XS
SM
MD
LG