Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýylyň jemleri 2024: Türkmenistan transmilli repressiýada "öňe saýlanan" ýurtlaryň biri boldy


Orusow türkmen režimi bilen ýakyn gatnaşyk saklaýan Russiýa we Türkiýe ýaly döwletlerde türkmen aktiwistleriniň has uly howplara duçar bolup biljekdiklerini aýdýar.
Orusow türkmen režimi bilen ýakyn gatnaşyk saklaýan Russiýa we Türkiýe ýaly döwletlerde türkmen aktiwistleriniň has uly howplara duçar bolup biljekdiklerini aýdýar.

Adam hukuklaryny depelemekde tankytlanýan Türkmenistan, şu ýyl özüniň garşylyk pikirli raýatlaryna ýurduň çäginiň daşynda basyş etmekde, transmilli repressiýada dünýä ýurtlarynyň arasynda ilkinji bäşlige girdi. Bu türkmen tankytçylarynyň diňe bir ýurduň içinde däl, eýse daşynda hem häkimiýetleriň yzarlamalaryna we basyşlaryna sezewar bolup biljekdigini aňladýar. Soňky ýyllar Berdimuhamedowlaryň ýurduň daşyndaky tankytçylarynyň öz isleglerine garşy, zor bilen Türkmenistana äkidilmegi ýaly ýagdaýlar ýygjamlaşdy.

Ynsan hukuklaryna gözegçilik edýän “Freedom House” (Azatlyk Öýi) guramasynyň 2024-nji ýylyň fewralynda çap eden barlagy hökümetleriň özge ýurtlarda ýaşaýan syýasy sürgünçileriň ýa-da diaspora jemgyýetleriniň arasynda özge pikirliligi ýok etmek üçin barha köp transmilli repressiýadan, fiziki we sanly taktikalar toplumyndan peýdalanýandygyny görkezdi. Bu hili basyp ýatyrma hereketlerini amal etmekde bäş döwlet – Türkmenistan, Russiýa, Hytaý, Mýanma we Kamboja – öňe saýlandylar.

Türkmenistanyň hökümeti ýurduň içinde özge pikirleri basyp ýatyrmakda, we hatda türmelerde ýitirim etmekde uzak wagtdan bäri “ýakasyny tanadyp” gelýär. Şol bir wagtda, soňky döwür Berdimuhamedowlaryň daşary ýurtlardaky türkmenistanly tankytçylary hem, türkmen hökümetiniň basyşlary netijesinde, Türkmenistana has köp alnyp gidilip başlandy.

2023-nji ýylda Farhat Meýmankulyýew (Durdyýew) Türkiýeden, Mälikberdi Allamyradow Russiýadan alnyp gidildi. 2021-nji ýylda Azat Isakow hem Russiýadan alnyp gidildi. 2018-nji ýylda Türkiýede türkmen studentleriniň raýdaşlyk guramasyny esaslandyran Ömrüzak Omarkulyýew “türkmen häkimiýetleriniň guramaçylygynda, aldaw ýoly bilen” Türkmenistana alnyp gidildi.

Azatlygyň habarçysy Reýimberdi Gurbanow 2024-nji ýylyň dekabryna çenli azyndan ýene 5 aktiwistiň Türkmenistana deport edilendigini belleýär.

"2023-nji ýylyň dowamynda Röwşen Kylyçow, Döwran Imamow, Maksat Baýmyradow we Serdar Durdylyýew dagylar deportasiýa edildi. 2024-nji ýylyň iýulynda Türkiýeden aktiwist Merdan Muhammedow deportasiýa edildi. Onuň egideşleriniň beren maglumatyna görä, oňa Türkmenistanda birnäçe jenaýat işi hem gozgalypdyr" diýip, Gurbanow belledi we aktiwistleriň Türkmenistana getirilenden soňky ykbalynyň nämälim bolup galýandygyny nygtady.

2024-nji ýylyň dowamynda Türkiýede ýaşaýan türkmen aktiwisti Dürsoltan Taganowa hem Türkmenistana deportasiýa edilmek howpy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Hukuk goragçylarynyň we aktiwistleriň alyp baran kampaniýasy netijesinde, ol deporatisiýadan halas boldy.

Synçylar, türkmen aktiwistleri režimiň tankytçylarynyň Türkmenistana getirilenden soň basyşlara, şol sanda gynamalara, türme tussaglygyna hem duçar edilip bilinjekdigine alada bildirýärler. Tussag edilen bendileri zor bilen ýitirim etmek soňky onlarça ýylda Türkmenistanda yzygiderli bir ýagdaýa öwrüldi. Ýitirim bolan adamlaryň ykbalyny yzarlaýan "Olary diri görkeziň!" atly halkara kampaniýasyna görä, 2002-nji ýyldan bäri uzak möhletli azatlykdan mahrum edilen, şol sanda syýasy we dini sebäplerden ýitirim bolan ýüzlerçe adam hasaba alynypdyr. Emma türkmen hökümeti halkara basyşlaryna garamazdan, bu pidalaryň ykbaly baradaky soraglaryň köpüsine üns bermezligi saýlap alýar.

Türkiýede ýaşaýan türkmen aktiwisti Abdylla Orusow daşary ýurtlarda türkmen häkimiýetleriniň yzarlamalaryndan kanuny ýagdaýda goranmagyň ýollarynyň bardygyny, başpena ýüz tutup bolýandygyny belleýär. Ýöne ol, türkmen režimi bilen ýakyn gatnaşyk saklaýan Russiýa we Türkiýe ýaly döwletlerde türkmen aktiwistleriniň has uly howplara duçar bolup biljekdiklerini duýdurýar.

“Türkmen hökümetiniň [daşary ýurtlardaky] repressiýalary bilen göreşmek mümkin. Çünki, biz aktiwistleriň ozal äkidilmeginden soň, tejribe topladyk. Ýöne biziň ykbalymyz ýaşaýan ýerimiziň hökümetiniň adalatyna bagly. Meselem, Russiýa Federasiýasyndan Mälik Allaberdiýew äkidilende, onuň hemme dokumentleri düzüwdi. Ol şol ýerde kanuny taýdan galyp bilýärdi. Ýöne, muňa seretmezden, ony ogurladylar, alyp gaçdylar. Farhat Durdyýew babatynda, onuň Türkiýede dokumentleri düzüw däldi. Şonuň üçinem, [muny bahanalap] ol alnyp gidildi. Ýöne, barybir, ýaşaýan ýerlerimiziň hökümetlerine ynam ýok. Belli bir derejede, hemişe mediada çykyş edip durmaly bolýar, hemişe hereketde bolmaly bolýar, gorkmaly bolýar...”

Türkmenistanyň daşary ýurtlarda režimiň tankytçylaryny barha köp nyşana alyp başlamagy bilen, ýylyň dowamynda hukuk goragçylary, oppozisiýa wekilleri we beýleki aktiwistler hem bu ýagdaýlara ünsi çekip, beýanat ýaýratdylar, protest aksiýalaryny geçirdiler.

Türkmen aktiwisti Orusow daşary ýurtlarda tankydy sesleriň yzarlamalara sezewar edilmegi özlerinde howatyr döretse-de, munuň demokratik gymmatlyklar, adalat ugrundaky alyp barýan ‘göreşlerini’ saklap bilmejekdigini nygtady.

“Aktiwistleriň äkidilmegi biziň üçin uly ýitgi boldy. Biz köp ruhy çökgünlige uçradyk. Biz kän zyýan çekdik. Bu biziň üçin bir hasrat boldy. Ýöne biz, muňa seretmezden öz halkymyzyň azatlygy üçin öňe gidýäs, hereket edýäs.”

Türkmenistanyň hökümeti özge pikirleri basyp ýatyrmakda, tankyda çydamsyzlykda, söz, metbugat, hereket, din-wyždan azatlygyny basgylamakda we zenan hukuklaryny depelemekde yzygiderli tankyt edilýär. Synçylar türkmen režiminiň özge pikirli adamlara basyş edip, olary gorkuzmak üçin, dürli assyryn tärlerden we taktikalardan peýdalanýandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG