Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda jaýlar ýumrulýar, ýaşaýjylar ýaşara ýer gözleýärler


"Türkmenbaşy" ýolunyň ugrunda ýumrulýan jaýlar.
"Türkmenbaşy" ýolunyň ugrunda ýumrulýan jaýlar.

Aşgabatda jaýlaryň ýumrulmagynyň täze tapgyry başlandy. Aşgabadyň “A.Niýazow” şaýoly bilen ozalky “Atabaýew” köçesiniň aralygynda, “Türkmenbaşy” şaýolunyň gündogar böleginde ýerleşýän onlarça ýaşaýyş jaýlary ýumrulyp başlandy.

Читайте также на русском

Bu etrapçada ýaşaýan Orazgül daýzanyň aýtmagyna görä, her birinde 30-a golaý öýler ýerleşýän bu iki gatly ýaşaýyş jaýlary, irki gurlan jaýlar hasaplansa-da, soňky 4-5 ýyldan bäri olaryň daşky durky abatlanyp, üçekleri gyzyl reňke boýalyp, ýaşaýjylary hem uly çykdajylara goýupdyrlar.

Her kim talap edilişine görä penjirelerini täzelediler. Ozalky agaç penjireler goparylyp, ýerine plastik penjireleri oturtmagy talap etdiler, sebäbi bu jaýlaryň aglabasy hususylaşdyrylan öýler bolup durýardy.

Häzirki wagtda jaýlaryň ýumrulyp, ilatyň başga ýerlere göçürilmeginden ýaşaýjylar juda nägile bolýarlar.

Heniz suw bilen üpjün edilmedik, liftleri işläp başlamadyk, ýa elektrik togy berilmedik jaýlaryň açarlary berilýän halatlary hem kän bolýar. Goşuny geçirmäge başga ýeri bolmadyk ýaşaýjylaryň şeýle jaýlara göçüp baryp, jaýlar doly ulanyşa taýýar bolýança görgi baryny görýänleriniň hem sany agdyk.

Jaýlaryň ýumruljakdygy barada duýduryş hatlaryny paýlap berdiler. Gerek bolan resminamalary düzetmeklige görkezme berdiler. Jaýlary ýumrulýan ýaşaýjylara Parahat-7-de gurulýan köp gatly jaýlardan jaý beriljekdigi aýdyldy.

Hatda haýsy jaýdan haýsy öýüň beriljekdigini hem bellige alnandygy aýdylýar. Emma Parahat-7-de gurulýan jaýlar gurlup ýetişýänçä, başga bir ýere göçüp, ýaşap oturan jaýyňy boşatmaga görkezme berýärler. Gyssagly ýumurylmaly diýip, ýaşaýjylary gyssap, goşlaryny bir ýerlere alyp gitmäge mejbur edýärler.

Ýaşaýjylar özlerine beriljek jaýlar ýetişýänçä, wagtlaýynça kireýine jaýlarda, ýa bolmasa dogan-garyndaşlarynyň jaýlarynda ýaşamaga mejbur bolýarlar.

“Goş-golamyň weýrançylyga düşýär. Sebäbi jaýlar ýetişýänçä goş-golamyňy bir ýere göçürmeli, jaýlar ýetişenden soňra ýene-de goşuňy täze jaýa alyp barmaly; ýükläp-düşürilýän mebeller sypjyrylyp, döwülip-ýenjilip zaýa bolýar” diýip,öz adynyň efirde tutulmazlygyny sorap, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjy aýdýar.

XS
SM
MD
LG