Ozalky Köşi atlandyrylýan paýtagta birleşip oturan obanyň ýaşaýyş jaýlarynyň nobatdaky ýumrulyşyklary başlandy.
Häzire çenli 100-den gowrak ýaşaýyş jaýlary ýer bilen ýegsan edilip, ýaşaýjylar köp gatly jaýlara mejbury göçürilýär.
Özüni Atamyrat diýip tanyşdyran Köşi obasynyň ýaşaýjysynyň aýtmagyna görä, olaryň maşgalasyna Parahat-7 etrapçasynda gurulýan köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndan, 3 otagly kwartira beriljekdigi aýdylypdyr. Emma ol jaýyň heniz ulanyşa taýýar däldigi sebäpli, olar kireýne jaýda ýaşamaga mejbur bolupdyrlar.
“Maşgala sanymyz kän, ozal giň howluda birnäçe goşmaça otag gurup, ýeterlik ýagdaýda ýaşaýardyk. Indi bolsa iki sany hojalyk bolan oglum-gelnim, olaryň 5 çagasy, aýalym we durmuşa çykmadyk gyzym bilen 3 otagly jaýa garaşýarys.
Jaýlar ulanyşa taýýar däl, emma ýaşaýjylary gyssap, jaýlarymyzy ýumurýarlar. Jaýlaryň gurluşyk materiallarynyň alyjysy hem ýok diýen ýaly. Gurluşyk materiallaryny ujypsyz baha satyp, goş-golamlarymyzyň hem bir bölegini ýumrulýan howlymyzda taşlap gaýtmaga mejbur bolduk.
Kireýne ýaşamaly jaýymyza özümiz zordan ýerleşýäris, gelinlerimiz çagalaryny alyp, jaýlar taýýar bolýança häzirlikçe atasy öýlerine gitdiler.Öňümizem gyş. Bu bir sergezdançylyk boldy” diýip, Atamyrat aýdýar.
Köşi obasyndaky ýumrulan jaýlarynyň aglabasy ýaşaýjylaryň öz serişdesine gurlupdy, indi bolsa olaryň jaýlaryny ýumrup, Parahat-7, Parahat-8 ýaşaýyş massiwinde gurulýan jaýlardan jaý berilýändigini aýdýarlar. Munuň ýaşaýjylarda nägilelik döredýändigini hem olardan eşitmek bolýar.
“Her kimiň dogduk obasy. Her kim öz dogduk ýerinde ýaşasy gelýär. Öz obaňda jaý gurlup dursa-da, adamlary başga ýere göçmäge mejbur edýärler. Eger Köşüden jaý aljak bolsaň, 1-2 ýyllap kireýne jaýlarda ýaşamaly. Şol sebäpli haýsy etrapçadan jaýlar bahymrak ýetişse, şol jaýlara göçmäge mejbur bolýarys” diýip, ýaşaýjylar nägileliklerini bildirýärler.
Degişli makalalar
Iň köp okalan
1