Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çoganlydaky hususy jaýlar ýene ýumrulýar


Çoganly
Çoganly

Aşgabadyň demirgazyk böleginde ýerleşýän Çoganly şäherçesinde ýaşaýyş jaýlarynyň nobatdaky tapgyry ýumrulyp başlandy.

‘Jygyllyk’ atlandyrylýan ozalky bazarynyň golaýyndaky “tüwi bazary” adyny alan ýerde şu günler ýaşaýyş jaýlarynyň 100-e golaýy ýumrulyp, sowuk howada ilaty ýaşaýan ýerlerinden göçmäge mejbur edýärler.

Ýaşaýjylaryň sözüne görä, häkimlikler ýumrulýan jaý eýeleriniň käbirini ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etseler-de, olaryň köpüsi wagtlaýyn kireýine jaýlarda ýaşamaga mejbur edilýär.

“Ýaşaýyş jaýlary gurulyp ýetişmeýär. Emma muňa garamazdan, ýaşaýjylaryň jaýlaryny gyssagly ýumrup, ilaty köseýärler. Jaýy umrulanlara ‘jaýlar taýyn bolýança garaşyň’ diýmek, häkimlere adaty bir zat ýaly endik bolupdyr. Ilatyň ‘iki göç – bir talaň’ bolup kösenýändigine, olaryň wagtlaýyn kireýine jaýlarda ýaşamaly bolýandyklaryna üns berýän ýok. Olar diňe jaý pylança günde ýykyp aýrylmaly diýip görkezme berýärler. Özüň meýletin ýumrup başlamasaň, häkimlik öz işgärlerini we tehnikasyny getirip, jaýyňy ýumrup başlaýarlar” diýip, özüni Ataş diýip tanyşdyran ýaşaýjy aýdýar.

Ataşyň aýtmagyna görä, ýumrulýan jaýlaryň gurluşyk materiallaryny ujypsyz baha satmaly bolýarlar. Ýyldan ýyla gurluşyk materiallarynyň hyrydary azalýar.

Jaýy ýumrulýan ýaşaýjylara Köşi massiwinden jaý almak islegi bolsa ýa-da kotež jaýlary almaga mümkinçilik tapsa 1 ýyl, 1,5 ýyl garaşmak teklip edilýär. Parahat-7 massiwinde gurulýan jaýlardan almak islegi bolanlara uzak garaşdyrman jaý berilýär.

Emma Parahat-7 etrapçasynda jaýlaryň juda harsal gurulýandygyndan, olaryň hiliniň pesliginden nägile bolýandyklaryny ýaşaýjylar aýdýarlar. “Şol sebäpli garaşmaly bolsagam Köşi massiwinde gurulýan jaýlardan almaga razylyk berdik” diýip, Ataş aýdýar.

Çoganly şäherçesinde bar bolan tipli jaýlaryň ählisiniň hem ýumrulmak ähtimallygnyň bardygyny aýdýarlar. 1990-1992-nji ýyllarda bölünip berlen mellek ýerlerinde jaý salyp, wagtynda gerekli dokumentlerini düzedip bilmedik ýaşaýjylara indiden soň, häkimlik tarapyndan dokument düzetmäge mümkinçilik berilmeýändigini etrabyň bir ýaşaýjysy Berdi aga aýdýar.

“Häkimlik tarapyndan ýer parçasyny bermek baradaky karardan başga hiç bir dokumenti, ýagny inwentar delosy hem-de öý kitaby bolmadyk ýaşaýjylara dokumentlerini düzetmäge mümkinçilik berilmeýär. Häkimlige ýüz tutan halatyňda, degişli resmiler dürli bahanalar bilen senden gaçyp başlaýarlar. Haçan-da ýaşap oturan jaýyňy ýumurmaga gelenlerinde, degişli dokumentleriň ýokdugyny sebäp edip, seni jaýsyz goýýarlar” diýip, Berdi aga aýdýar.

“Eger-de saňa uzak möhletli ýeňillikli kredit bilen berilýän jaýlardan jaý ýetse, onda bagtyň çüwdigi. Emma şeýle jaýlaryň hem tölegini tölemäge köp ýaşaýjynyň gurby çatman, ýaşaýjylar jaýsyz galýarlar” diýip, ýaşuly sözüne goşýar.

XS
SM
MD
LG