Aşgabadyň döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň nobatlary artýar, welaýatlarda çörek pasport boýunça satylýar, ilat unuň nobatlaryna bir aý öňünden ýazylýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary aýdýarlar.
"Köp adam irden agşama çenli toparlanyşyp durýar. Düýn agşam öýe barýarkam Türkmenbaşy şaýolundaky "Milli Marketiň" öňünde märeke durdy. Irden işe barýan wagtymda märeke dargamadyk ýaly ýene durdy. Esasy azyk önümleriniň ählisi gyt, şäker, un, ösümlik ýagy, emma adamlar şu günler köplenç şeker satyn almak üçin durýarlar" diýip, 15-nji iýunda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýtdy.
Munuň bilen bir wagtda, Aşgabatda ýurduň döwlet dükanlarynda her adam başyna bir kilogram şekerden we 10 sany ýumurtgadan köp satylmaýandygyny "Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri" neşri habar berdi. Maglumata görä, üstesine, bu agzalan harytlar diňe kämillik ýaşyna ýeten raýatlara berilýär. "Satyjylaryň sözlerine görä, eger çagalara-da satylyp başlansa, onda ene-atalar öz perzentlerini çagalar baglaryndan alyp, gyt azyk önümlerini satyn alarlar" diýip, neşir belleýär.
Azatlyk Radiosynyň welaýatlardaky habarçylarynyň maglumatyna görä, regionlaryň ençemesinde un satywda asla ýok. Hususan-da, Daşoguzda häkimiýetler tarapyndan kesgitlenen möçberde un satyn almak üçin ýaşaýjylar bir aý öňünden nobata ýazylmaly bolýarlar.
"Daşoguzda un tapdyrmaýar. Häzirki wagtda ýaşaýjylar her adam başyna 3 kilogramdan kesgitlenen möçberde un satyn almak üçin bir aý öňünden nobata ýazylýarlar, emma un gelmeýär. Ilat örän agyr ýagdaýda, bazarda galla ýok, mekgejöweniň we akjöweniň bir kilesiniň bahasy gymmatlap 13 manada ýetdi. Adamlar häkimlige ýüzlenýärler, emma olara boş wadalardan başga hiç zat aýtmaýarlar" diýip, Azatlygyň Daşguzdaky habarçysy aýdýar.
Onuň sözlerine görä, unuň gytçylygy sebäpli regiondaky çörek bişirýän kärhanalar çörek bişrimegini we satmagyny azaltdylar. Şol bir wagtda-da, käbir ýerlerde çörek Aşgabatdan getirilip satylýar. Olam her adam başyna birden we diňe ýerli ýaşajylara pasport boýunça satylýar, diýip habarçylarymyz aýdýarlar.
Türkmenistanda azyk önümleriniň gytalmagy we gymmatlamagy ýurtda gara bazarda amerikan dolarynyň çürt-kesik gymmatlamagynyň fonunda dowma edýär. Soňky birnäçe günüň dowamynda amerikan dollarynyň türkmen manadyna bolan resmi däl gatnaşygy üýtgäp durýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň 15-nji iýunda habar bermegine görä, günüň başynda Daşoguzda dollar elden satylmandyr, emma öňküsinden has pes bahadan 13 manatdan satyn alnypdyr. Iýun aýynyň başynda amerikan dollarynyň "gara bazardaky nyrhy" nobatdaky rekorda ýetip 30 manada golaýlapdy.
Türkmenistanda dollaryň resmi kursy Merkezi Bankyň 2015-nji ýylyň ýanwarynda kesgitleýşi ýaly 3.5 manat derejesinde üýtgewsiz galýar. Daşary ýurt walýutasynyň nagt çalyşygy bolsa, hökümetiň 2016-njy ýylda girizen gadagançylygynyň esasynda bikanun bolmagynda galýar.
Synçylar Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyny yglan edeli bäri iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýändigini aýdýarlar. Türkmenistanyň ýaşaýjylary bolsa häzirki kynçylyklaryny 1990-njy ýyllardaky gytçylyk bilen deňeşdirýärler we şol döwrüň açlygyny ýatlaýarlar.
ABŞ-nyň John Hopkins uniwersitetiniň professory Stewen Hanke häzirki wagtda Türkmenistanyň dünýäde iň güýçli inflýasiýaly ýurtlaryň biridigini belleýär. "Türkmenistan dünýäde inflýasiýanyň möçberi boýunça ikinji ýerde, 294% derejesinde. Manat gowşaýar we örän üýtgeýär. Giperinflýasiýa howp salýar. Türkmenistan mundan öň iki giperinflýasiýany başdan geçirdi 1992-93 we 1995-96" diýip professor Stewen Hanke 9-njy iýunda Twitter ulgamynda çap eden maglumatynda belleýär.