Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda ‘adam başyna 3 kg un satylýar’; Boldumsazda çörek aljaklardan ‘pasport soralýar’


Türkmen çöregi
Türkmen çöregi

Demirgazyk Türkmenistanda ilat un ýetmezçiliginden ejir çekýär. Bu barada Azatlygyň welaýatdaky çeşmesi habar berýär.

“Un Daşoguzda pula-da tapdyrmaýar. Häzir raýatlar bir aý öňünden nobata ýazylyp, adam başyna 3 kilogramdan berilýän una garaşýar emma gelýän un ýok. Welaýatymyzyň halky agyr ýagdaýa düşdi” diýip, çeşme habar berdi.

Onuň sözlerine görä, welaýatyň bazarlarynda bugdaý tapdyrmaýar, öz gezeginde ak jöweniň hem-de mekgejöweniň bahalary ep-esli ýokarlandy.

“Gytçylykdan ejir çekýän adamlar etrap häkimliklerine şikaýat edýärler. Olaram boş wadalar bilen adamlary aldap goýberýärler. Indi adamlar jem bolup welaýat häkimligine protest ýörişi bilen arz etmekden başga çäreleriniň galmandyklaryny aýdýarlar” diýip, çeşme ýerli ýaşaýjylaryň ençemesine salgylanyp habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň degişli häkimliklerden agzalýan mesele dogrusynda kommentariýa almak synanyşygy başa barmady.

Çeşme etrap “pekarnylarynyň”, ýagny çörekçileriň öz işlerini togtadandyklaryny, olaryň indi çörek bişirip satmaýandygyny, un gytçylygy sebäpleli hususy telekeçileriň çörek satuwyny bes edendiklerini habar berdi.

“Boldumsazyň etrap merkezinde her ele bir çörek satylýar. Ol çöregi Aşgabatdan getirip satýarlar. Ýöne onuň hyrydary we nobaty ýetik” diýip, çeşme beýleki etraplardan Boldumsaza baryp çörek satyn almakçy bolýanlara muňa rugsat edilmeýändigini, diňe öz etrabynda ýazgyda duran raýatlara çöregiň satylýandygyny aýtdy.

“Çörek satyn almaga baran her bir raýat ýany bilen pasportyny alyp barmaly, şeýle-de, ýaşaýan arçynlygyndan hojalygynda näçe adamyň ýaşaýandygy barada kepilnama görkezmeli” diýip, çeşme sözüniň üstüni ýetirdi.

“Bu kepilnama üçin hem arçynlyklaryň işgärleri raýatlardan 20 manat para alýarlar. Garaz, ‘ýykylanyň ýeňsesine senem dep’ diýlen döwür boldy” diýip, çeşme aýtdy.

Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynda howa şertleri sebäpli bugdaýyň entek bişmändigini aýdan çeşme käbir etrap häkimliklerinde bolup geçýän “emeli gytçylyk” baradaky gürrüňleri häkimlikleriň işgärlerine salgylanyp habar berdi.

Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesiniň bellemegine görä, işsizligiň derejesi boýunça Daşoguz welaýatynda ýagdaý agyrlygynda galýar. Ýerli synçylaryň käbirleriniň bellemegine görä, Daşoguzyň ilaty köpýyllyklaryň dowamynda esasan ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanyp gelýär, ýöne soňky ýyllarda suwarym suwlarynyň ýetmezçiligi, klimatyň üýtgemegi, Aral deňziniň täsiri bilen baglylykda daşky gurşawyň ýaramazlaşmagy sebitde daýhançylyga uly zarba urýar.

Şeýle-de, ýerli ýaşaýjylaryň gürrüňlerinde welaýatly ýaşlaryň aglabasynyň esasan ýurduň paýtagtynda alnyp barylýan gurluşyk meýdanlarynda aýlykly işe ýykgyn etmekleri bilen daýhançylyga; ekerançylyga we maldarçylyga gyzyklanmanyň ýyl-ýyldan azalýandygy habar berilýär.

Türkmenistanyň syýasy durmuşyny yzarlaýan halkara synçylar, ýurduň garaşsyzlyk ýyllaryndaky iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigini belleýärler. Birleşen Ştatlarda ýerleşýän Jon Hopkins uniwersitetiniň amaly ykdysadyýet boýunça professory Stiw Henki (Steve Hanke) häzirki wagtda Türkmenistanyň inflýasiýa derejesiniň Wenezuelladan soň dünýäde ikinji ýerde durýandygyny nygtaýar. Ol Twitterda paýlaşan soňky maglumatlarynda Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň iki gezek agyr inflýasiýany başdan geçirendigini, olaryň birinjisiniň 1992-1993-nji ýyllarda, ikinjisiniň bolsa 1995-1996-njy ýyllarda bolup geçendigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG