13-nji aprelde Russiýanyň Ukrainanyň Sumy şäherine uran raketa zarbasy netijesinde azyndan 34 adam, şol sanda iki çaga heläk boldy, 117 adam ýaralandy. Bu hüjüm Ukrainanyň ýolbaşçylary, ABŞ, Ýewropa Bileleşigi we BMG tarapyndan ýazgaryldy.
Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Lýayen bu hüjümi “halkara hukugynyň aç-açan bozulmagy” diýip atlandyrdy we “ok atyşlygy bes etmek üçin güýçli çäreleriň zerurdygyny” aýtdy.
BMG-niň baş sekretary Antonio Guterrişiň metbugat wekili Sumydaky hüjümiň “çynlakaý aladalanma we şok” döredendigini aýtdy we bu hüjümiň “soňky hepdelerde Ukrainanyň şäherlerine we obalaryna edilen şunuň ýaly hüjümleriň ýaramaz nusgasynyň dowamydygyny” belledi.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bu hüjümi “elhenç zat” diýip atlandyrdy. Ol žurnalistlere: “Men munuň elhençdigini pikir edýärin. Maňa olaryň ýalňyşlyk goýberendigini aýdylýar. Men munuň elhenç zatdygyna ynanýaryn. Men tutuş urşuň elhenç zatdygyna ynanýaryn” diýip aýtdy. Şol bir wagtda, ol “ýalňyşlyk goýberdi” diýen sözüni aýdyňlaşdyrmady.
Moskwa uruş dowamynda Ukrainadaky raýat nyşanalaryna bilkastlaýyn zarba urmak baradaky aýyplamalary ret edýär. Muňa garamazdan keselhanalara, mekdeplere, energiýa desgalaryna we ýaşaýyş jaýlaryna edilýän dowamly hüjümler dokumentleşdirildi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bu hüjümi “elhenç rus raketa hüjümi” diýip atlandyrdy, Trampyň Ukraina boýunça ýörite wekili Kit Kellogg bolsa Russiýanyň Sumy şäherindäki raýat nyşanalaryna Palmalaryň ýekşenbe güni eden hüjümini “ahlaklylygyň ähli çäklerinden geçýän” diýip häsiýetlendirdi.
Germaniýanyň täze saýlanan kansleri Fridrih Mers Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini “bilkastlaýyn we öňünden meýilleşdirilen uruş jenaýatyny” amala aşyrmakda aýyplady. Ol: “Bu, Putiniň ok atyşyklary bes etmek boýunça onuň bilen gepleşýänlere garşy edýän hereketidir” diýip aýtdy.
Britaniýanyň, Fransiýanyň we Italiýanyň ýolbaşçylary hem bu hüjümi dessine ýazgardylar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy hüjümden kän wagt geçmänkä Sumy şäherine baryp, hüjümiň şäheriň merkezinde, köp adamyň Palmalaryň ýekşenbe güni mynasybetli ybadat üçin ýygnanan wagtynda bolup geçendigini habar berdi.
Forum