Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Harytlaryň bahalary ýokarlanýar, alyjylar bolsa azalýar


"Gerek bolan harydyny satyn almaga ilatyň elinde pul ýok".
"Gerek bolan harydyny satyn almaga ilatyň elinde pul ýok".

Türkmenistanda azyk harytlarynyň bahalarynyň yzygiderli ýokarlanmagy bilen bir wagtda senagat harytlarynyň hem aşa gymmatlamagynyň dowam ediýändigini ýaşaýjylar aýdýarlar.

Awtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň, gurluşyk harytlarynyň, kir ýuwýan himiki serişdeleriň, geýimlik matalaryň, parfumeriýa we galanteriýa harytlarynyň, umuman, zerur hasaplanýan harytlaryň bahalarynyň aşa ýokarlanmagy bilen bu harytlara ilatyň isleginiň azalýandygyny hem aýdýarlar.

“Sebäbi gerek bolan harydyny satyn almaga ilatyň elinde pul ýok. Iň bir zerurlary azyk önümleri. Bokurdagy bogup bolmaýar. Beýleki zatlary çäklendirip oňmaly bolýarys” diýip, bir ýaşaýjy aýdýar.

Özüni Polat diýip tanyşdyran Mary welaýatynyň ýaşaýjysynyň sözüne görä, welaýatyň çäginde bar bolan awtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satýan dükanlaryň alyjysy juda azalypdyr. Güzeran ýagdaýlary kyn hojalyklar özlerinde bar bolan köneje awtoulaglaryna ätiýaçlyk şaýlaryny satyn alyp bilmeýändikleri sebäpli, hojalyklaryň gapylarynda münülmän duran awtoulaglaryň sany artýar.

“Awtoulaglar üçin ozal 5 litrlik bahasy 70 manat bolan motor ýaglarynyň bahasy häzir 200 manada, 9 manatlyk süzgüç, ýagny filtr ýaglary häzir 20 manada, tormoz gundaglary, ýagny tormoz nakladkasy ozal 30 manat bolsa, ol häzir 100 manada, ozal bahasy 90 manat bolan amartizatorlar häzir 200 manada durýar” diýip, Polat gün-günden ýokarlanýan zerur bolan ätiýaçlyk şaýlaryny sürüjileriň köpüsiniň satyn alyp bilmän, awtoulaglaryny sürmekden galýandyklaryny hem sözüne goşýar.

Awtoulaglar üçin ätiýaçlyk şaýlaryň bahalarynyň gymmatlamagynyň üstesine, Mary welaýat polisiýasynyň ýol-gözegçilik gullugynyň işgärleri tarapyndan sürüjilere bolgusyz bahanlar bilen azar berilýändigi hem aýdylýar.

“Her ýylda awtoulagyňy tehniki gözegçilikden geçirmäge barsaň, polisiýanyň welaýat ýol-gözegçilik gullugynyň işgärleri ilki bilen awtoulagyň yzky belgisiniň dakylýan ýerini tekizledip gelmegiňi talap edýärler. Daşary ýurtlarda öndürilýän awtoulaglaryň köpüsiniň yzky belgisi dakylýan ýerleri dörtburçluk bolup, Türkmenistanda sürüjilere berilýän awtoulag belgileri bolsa uzynak görnüşinde ýazgyda berilýär. Ony nirä nähile edip dakyp boljakdygyny bilmän sürüjiler kösenýärler. Her kim awtoulag belgisini oňardygyça dakyp barýar. Emma polisiýanyň ýol-gözegçilik gullugynda, belginiň dakylmaly ýerini tekizletmek talap edilýär. Sürüjiler ussahanalara baryp, bu işi ýerine ýetirenlerinden soň bolsa, bir hile gelşiksiz ýagdaý emele gelýär. Belgini ýagtylandyrýan çyra tekizlenen ýeriň aşagynda galýar. Iň bir geň ýagdaý bolsa, şeýle talabyň beýleki welaýatlarda göze ilmeýänligi. Lebap, Balkan welaýatlaryna degişli awtoulaglarda belgini dakmaly ýeriniň tekizledilmegi sürüjilerden talap edilmeýär. Bu ýerde Mary welaýat polisiýasynyň ýol-gözegçilik gullugynyň işgärleri özbaşdak hokga çykaryp, eden-etdilige ýol berýäne meňzeýärler. Eýsem şeýle talaplar üçin bir kanun bar bolsa, ol Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda deň-derejede bolardy” diýip, Polat aýdýar.

“Ätiýaçlyk şaýlaryň bahalarynyň ýokarlanyp durmagy bir ýandan, polisiýanyň ýol-gözegçilik gullugynyň işgärleriniň talaby bilen edilýän çykdajylar beýleki ýandan, ilaty halys çökerip, sürüjileriň köpüsi awtoulaglaryny münmekden hem saklanmaly bolýarlar. Bu bolsa hojalyga zerur bolan halatynda, awtoulaglaryndan peýdalanyp bilmeýän ýaşaýjylar üçin artykmaç alada” diýip, Polat nygtaýar.

XS
SM
MD
LG