Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin düýpli bidüzgünçilikler we raýatlara görkezilen basyş üçin tankyt edilen saýlawlarda Orsýetiň prezidenti wezipesiniň dördünji möhletine eýe boldy.
Saýlawlarda galplyklara ýol berilmegi bilen bagly tankytlara garamazdan, Putin Moskwanyň öňki sowet diktatory Iosif Stalinden has uzak oturan liderine öwrüldi we alty ýyllyk prezidentlik möhletine eýe boldy.
Orsýetiň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Ella Pamfilowa 18-nji martda geçirilen saýlawlarda sesleriň 99.8%-niň sanalmagynyň netijesinde Putiniň 76.7% ses toplandygyny yglan etdi.
Saýlawlarda beýleki kandidatlar Putinden öran uzakda galdy.
“Ses berijileriň gatnaşyk derejesi 67.47%, ýa-da 73.36 million adama barabar boldy” diýip, Pamfilowa 19-njy martda telewizion çykyşynda aýtdy.
Saýlawlaryň öňüsyrasynda Orsýetiň mediasynyň Kremliň ady agzalmadyk çeşmelerine salgylanyp, habar bermegine görä, hökümet ilatyň gatnaşyk derejesiniň 70% boljagyna we sesleriň 70%-niň Putine berilmegine garaşypdyr.
Orsýetiň oppozision kandidatlarynyň biri Kseniýa Sobçak orsýet saýlawlaryny Türkmenistanyň saýlawlary bilen deňeşdirdi. "Bize örän agyr alty ýyl garaşýar. Özüni ses berijileriň ýokary derejesi we tas "türkmen netijeleri" bilen üpjün eden häkimýet azatlykdan mahrum etmek boýunça has köp ygtyýara eýe boldy" diýip Sobçak belledi.
Türkmen prezidenti öz kärdeşini gutlady
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Wladimir Putini prezidentlik saýlawlaryndaky ýeňişi bilen gutlady. Berdimuhamedowyň öz adyndan we hökümetiň adyndan Putine ýollan gutlagynda, “orsýet halkynyň eden saýlawy, Wladimir Putiniň alyp barýan we ýurduň syýasy, sosial durnuklylygyna we ykdysady ösüşe gönükdirilen ugruna bolan uly ynamynyň we goldawynyň alamaty bolup durýar” diýlip bellenýär.
Türkmenistanyň prezidenti wezipesine üç gezek saýlanan Gurbanguly Berdimuhamedow Putiniň goly astynda Orsýetiň has uly üstünliklere eýe boljagyna we halkara sahnasynda öz abraýyny has berkitjegine ynam baglady.
“Biz Türkmenistanda türkmen-orsýet gatnaşyklarynyň ösüşine siziň şahsy goşandyňyza uly gadyr goýýarys we dostlukly halklarymyzyň bähbidi üçin iki taraplaýyn ähli gatnaşyklary ösdürmek boýunça mazmunly dialogyň hem bilelikdäki konstruktiw gatnaşyklaryň dowam etdiriljegine ynam baglaýarys” diýlip, türkmen prezidentiniň Orsýetiň prezidentine ýollan hatynda aýdylýar.
Türkmenistanda Orsýetiň prezidentiniň saýlawlary aktiw geçdi
Orsýetiň prezidentiniň Türkmenistanda geçirilen saýlawlarynda ses berijileriň rekordly gatnaşyk derejesiniň hasaba alnandygy habar berildi. 18-nji martda Aşgabat wagty bilen sagat 12-de 1.2 müň adamyň ses berendigini Orsýetiň RIA-Nowosti agentligi habar berdi. Saýlaw uçastoklar Türkmenistanyň paýtagtynda we dört welaýat merkezinde işledi.
Читайте также на русском
Hususan-da, Aşgabatda Orsýetiň ilçihanasyndaky saýlaw uçastogynda ses berijileriň ýüzlerçe adamlyk nobatlary emele geldi.
“Irden howa ýagyşly boldy. Emma adamlar gelip durdy. Adamlar üç sagatlap, garaşyp durmaly boldy, nobat örän haýal ýöredi. Gartaşan we garry adamlar köp, olary nobatsyz geçirdiler. Gelenleriň köpüsi soňuna çenli durdular” - diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy gürrüň berdi.
Ses berip çykanlaryň biri saýlaw uçastogyndaky ýagdaý barada şeýle gürrüň berdi: “Men içine girenimde, dört sany kabinka bardy we içi görnüp duran gapyrjak. Adatdakysy ýaly sanaw bolmady we her geleni orsýet pasporty boýunça ýazga alýardylar we adresini sorap ýazýardylar. Sumkalary daşarda galdyrmagy soradylar we pasport boýunça barlag ramkasyndan geçirip, içine saldylar. Sanawa alnan wagtynda gelenler üçin stollarda gymmatbahaly süýjüli tarelkalar goýlupdyr” diýip, 18-nji martda Orsýetiň Aşgabatdaky ilçihanasyndaky saýlaw uçastogynda ses beren saýlawçy gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysynyň maglumatyna görä, Orsýetiň ozalky prezidentlik saýlawlarynda şeýle aktiwlik bolmandyr. Şol bir wagtda-da, soňky ýyllarda ýurduň daşyna göçüp gidýän orsýetlileriň sany gitdigiçe köpelýär.
Köp adam öz jaýlaryny eýýäm satdy, ýa-da satuwa çykaryp, gitmäge taýýarlanýar diýip, habarçymyz belleýär.
Türkmenistanda ýaşaýan orsýet raýatlarynyň takyk sany nämälim galýar. Dürli maglumatlara görä, häzirki wagtda Türkmenistanda Orsýetiň onlarça müň raýatynyň ýaşaýandygy aýdylýar.