Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Türkmenistany GDA-nyň PAA-syna agzalyga çagyrýar


Rus prezidenti Wladimir Putin bilen Federasiýa geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko
Rus prezidenti Wladimir Putin bilen Federasiýa geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko

Orsýet Türkmenistanyň GDA-nyň parlamentara assambleýasynyň doly bahaly gatnaşyjysy bolmagyna gyzyklanýar.

“Parlamentskaýa gazetanyň” ýazmagyna görä, Orsýetiň Federasiýa geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko bu pikiri 25-26-njy maýda Sankt-Peterburgda, VIII Newskiý ekologiýa kongresiniň çäginde Türkmenistanyň parlamentiniň kanunçylyk komitetiniň başlygy Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşanda aýtdy.

“Biz Türkmenistanyň öz parlament maşgalamyzyň doly hukukly gatnaşyjysy bolmagyna gyzyklanýarys. GDA-nyň parlamentara assembleýasy pikir alyşmak, arkadaşlygyň ýurtlarynyň arasyndaky dostlugy saklamak üçin örän netijeli ýer” diýip, Federasiýa geňeşiniň metbugat gullugy spikeriň sözlerini sitirleýär.

“Biziň ekologiýa forumyna gatnaşmagymyz özara gatnaşyklarymyzyň rowaçlygynyň ýene bir mysaly bolup durýar. Biziň örän gowy ýola goýlan parlamentara gatnaşygymyz bar” diýip, Serdar Berdimuhamedow öz gezeginde aýtdy.

Serdar Berdimuhamedow parlament komitetine başlyk bellenenden soňky ilkinji daşary ýurt saparynyň çäginde mundan öň Kazanda guralan sammite gatnaşdy we Tatarystanyň prezidentiRustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Orsýetiň Federasiýa geňeşiniň başlygy W.Matwiýenko mundan öň, 2015-nji ýylyň aýagynda Türkmenistana sapar edip, prezident G.Berdimuhamedow bileniki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek barada gepleşik geçirdi we orsýetlileri Türkmenistanda dynç almaga çagyrdy.

“Türkmenistan örän gyzykly ýurt, täsin taryhy barwe özboluşly ýadygärliklerini saklap galan ýurt” diýmek bilen, Matwiýenko Türkmenistanyň russiýalylar üçin ýapyk ýurt däldigini nygtady.

Rus metbugatynda bellenmegine görä, Matwiýenko Türkmenistana barýan turistleriň köpelmegi bilen Aşgabadyň berk wiza düzgüniniň gowşamagyna umyt baglady, emma şondan bäri geçen döwürde bu meselede görnetin üýtgeşme bolandygy aýdylmaýar. Şeýle-de W.Matwiýenko 2015-nji ýylyň aýagynda rus metbugaty bilen söhbetdeşlikde rus prezidentiniň Türkmenistana ýakyn wagtda sapar etjekdigini aýtdy.

“Meniň pikirimçe, indiki ýyl, belki-de, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana sapar eder” diýip, ol “Russiýa-24” telekanalyna aýtdy. Emma 2016-njy ýylda Wladimir Putin Aşgabada barmady. Muňa derek, rus lideri 2017-nji ýylyň fewralynda Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparynyň dowamynda, Aşgabada barman, türkmen kärdeşi bilen telefonda gürleşip oňdy we Kreml Putiniň ýakyn geljekde türkmen kärdeşiniň sapar etmek baradaky çakylygyndan peýdalanmaga çalyşjakdygyny habar berdi.

Mundan öň, türkmen prezidenti 2016-njy ýylyň noýabrynda birden Orsýete sapar edip, Soçide prezident Putin bilen ýapyk gapylaryň arkasynda gepleşik geçirenden soň, rus metbugaty “indi Türkmenistan hem karz pul sorap başlady” diýip ýazdy. Emma Berdimuhamedowyň Putinden 2 milliard dollar möçberinde kredit sorandygy baradaky habar tassyklanman galdy. Şonuň bilen bir wagtda rus metbugatynyň habarlarynda Orsýetiň Türkmenistan bilen aradaky gaz söwdasyny dikeltjegini görkezýän hiç bir alamat görünmedi.

Emma muňa garamazdan, Orsýetiň Liberal demokratik partiýasynyň lideri Wladimir Žirinowskiý öz partiýa delegasiýasy bilen aprel aýynda Türkmenistanda bolup, türkmen prezidenti bilen duşuşdy. Bu duşuşykdan soň çap edilen wideoda Türkmenistanda “Hormatly il-ýaşulysy” diýen at bilen sylaglanan Žirinowskiniň prezident Berdimuhamedowyň adyny Nurmuhammedow diýip tutandygy belli boldy.

Ýatladýarys, Orsýetiň federasiýa geňeşiniň başlygy W.Matwiýenkonyň rus metbugatyna aýtmagyna görä, Türkmenistanda rus maýasynyň gatnaşmagynda 190 çemesi firma işleýär.

RF-nyň Federasiýa geňeşi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ylalaşygyna 2015-nji ýylyň aýagynda gol çekildi.

XS
SM
MD
LG