Türkmenistanyň TOPH proýektine Gazagystan hem gyzyklanma bildirýär we Astana bu barada hem Aşgabady, hem Delini habarly etdi, ýöne Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Owganystanyň üstünden Pakistana we Hindistana gurulmakçy bolýan gaz geçirijisiniň üstünlikli boljagyna şübheli garaýar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen hepde Owganystanyň we Pakistanyň prezidentleri bilen telefonda gürleşip, olary geljek ýylyň fewralynda TOPH geçirijisiniň owgan böleginiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada türkmen metbugaty hem habar berdi.
Emma “Hronika Türkmenistan” neşiri Berdimuhamedowyň Hindistanyň prezidentine hem telefon edendigini, emma hindi lideriniň bu dabara gatnaşmak meselesini entek tassyklamandygyny habar berdi. Türkmen metbugaty bu telefon söhbetdeşligi barada hiç bir maglumat bermedi.
Şu aralykda türkmen prezidentiniň rus kärdeşi Wladimir Putin bilen hem telefonda gürleşendigi we Moskwany TOPH proýektine gatnaşmaga çagyrandygy belli boldy. Interfaks we TASS habar gulluklarynyň maglumatyna görä, prezident Putin TOPH proýektini durmuşa geçirmegiň näderejede mümkindigine seretmeli diýdi.
Rus lideriniň pikirine görä,Owganystanda “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň peýda bolmagy we olaryň eýýäm “Talyban” bilen gapma-garşylyga girmegi bu ýurtdaky howpsuzlyk ýagdaýlaryny has agyrlaşdyrýar.
Bellemeli ýeri, hindi prezidenti bilen bolan telefon söhbetdeşligi barada dymşy ýaly, türkmen metbugaty Putin bilen bolan telefon söhbetdeşliginde TOPH proýektine bildirilen şübhe barada hem dymmagy saýlap aldy. Mundanam başga, Kremliň metbugat gullugy türkmen prezidentiniň Putin bilen söhbetden soň GDA-nyň ýolbaşçylarynyň 26-njy dekabrdaky sammitine gelmeýändigini habar berdi.
Eýsem, Türkmenistanyň birden TOPH geçirijisiniň gurluşygyny tizleşdirmek kararyna gelmegi, ikinji tarapdan oňa Orsýetiň çagyrylmagy we Putiniň Berdimuhamedow bilen söhbetden soň Owganystandaky ýagdaý barada aýdan sözleri nämäni aňladýar.
Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça eksperti Brýus Panniýeriň pikirine görä, Putiniň TOPH-yň geçjek ýolundaky howpsuzlyk barada aýdýanlarynyň jany ýok däl.
“Meniň ilkinji aýtjak zadym, Orsýetiň aňtaw gulluklary demirgazyk Owganystandaky, Türkmenistan bilen serhediň aňry ýüzündäki ýagdaýlar barada has gowy habarly bolup biler. Bu meselede käte çişirmeler hem bolsa, demirgazyk Owganystandaky problemalar barada Putin gürrüň edip başlan bolsa, bu pikir etmeli ýagdaý” diýip, Panniýer aýtdy.
“Biz hem TOPH-yň owgan bölegini gurmagyň mümkin däldiginiuzak wagt bäri aýdyp gelýärdik, indi Orsýet, Kreml we prezident Putin hem häzir TOPH-y gurmagyň mümkin däldigi baradaky pikir bilen razylaşýan ýaly” diýip, ekspert sözüniň üstüni ýetirdi.
Mälim bolşy ýaly, prezident Putiniň noýabr aýynda Eýrana eden saparynda “Gazprom” bilen Eýranyň milli nebit kompaniýasynyň arasynda Eýrandan Pakistan üstaşyr Hindistana gaz geçiriji gurmak baradaky proýektiň tehniki-ykdysady esaslaryny taýýarlamak barada ylalaşyk gazanyldy. Prezident Putiniň TOPH geçirijisiniň geçjek ýolundaky howp baradaky aladasyny şeýle açyk aýdyp başlamagy Moskwanyň Aşgabady gaz bazaryndaky bäsdeş hökmünde görmegi bilen bagly bolup bilmezmi?
Brýus Panniýer bu soraga Aşgabady diňe Moskwanyň däl, eýsem Tähranyň hem bäsdeş hökmünde görýändigini we bu iki ýurduň indi Hindistana gaz ibermekde birleşýändigini aýdyp jogap berdi.
“Elbetde, Eýran köp wagt bäri Pakistana gaz ibermegi planlaşdyryp gelýär we eýranlylar eýýäm öz geçiriji paýlaryny hem gurdular, onsoň Orsýet Eýrana Hindistana gaz ibermäge kömekleşse, bu TOPH-yň köp sebäbe görä başa barmajagynyň alamaty bolup görünýär” diýip, Panniýer aýtdy.
Ekspertiň ynanjyna görä, bu sebäpleriň biri Owganystandaky howpsuzlyk meselesi bolsa, ikinji sebäp Eýranyň esasy gaz gorlarynyň Pars aýlagynda we ofşor ýataklarda ýerleşmegi. Eger Eýranyň gazy çäksiz görnüşde Pakistana we Hindistana olaryň satyn alyp biljek möçberinde ýetirilip bilse, töwekgelçilikli TOPH geçirijisini gurmagyň kommersiýa manysy püçege çykýar diýip, Panniýer aýtdy.
1814 kilometr aralyga uzamaly TOPH geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy 2015-nji ýylyň dekabrynda başlandy. Onuň owgany böleginiň gurluşygynyň gelýän ýylyň fewralynda başlanmagy planlaşdyrylýar.