Martin Sommeriň baştutanlygynda Halkara walýuta fondunyň (HWF) missiýasy 19-njy fewral – 6-njy mart aralygynda Aşgabatda saparda bolup, onuň dowamynda ýokary derejeli duşuşyklara gatnaşdy. Missiýanyň ýolbaşçysy agzalýan saparyň netijeleri boýunça 9-njy martda beýanat ýaýratdy.
HWF-nyň missiýasy Türkmenistanda ykdysady ösüşe hem-de ilatyň gowşak gatlagyna ýetip biljek oňaýsyz täsirleri peseltmek üçin degişli çäreleri görmegi maslahat berýär.
Paýtagt Aşgabatda ýokary derejeli hökümet resmileri, maliýe we ykdysady pudagyň wekilleri, şeýle-de diplomatiki jemgyýetçiligiň agzalary bilen duşuşan halkara maliýe edarasynyň ekspertler toparynyň baştutany öz ýaýradan beýanatynda türkmen ykdysadyýetiniň kynçylykly, ýöne şol bir wagtyň özünde gowulaşýan daşky ykdysady gurşawa uýgunlaşmaga dowam edýändigini belledi.
Şeýle-de, beýanatyň ätiýaçly mazmunynda ýurduň ykdysadyýetiniň ösüş depginleri boýunça resmi görkezijilere salgylanylýar. Beýanatda Türkmenistanda amala aşyrylýan ýeňillik reformalarynyň durmuşa geçirilýändigi üçin, şeýle-de döwlet bujetinden sarp edilen agramly goýumlaryň maliýeleşdirilmegi sebäpli ýurtda 2017-nji ýylda, resmi maglumatlara görä, inflýasiýanyň ortaça 8 % ýokary galandygy aýdylýar hem-de gelejekde ýurduň ykdysady işjeňliginiň gazy gaýtadan işleýän desgalaryň we beýleki giň gerimli proýektleriň işe girizilmegi bilen goldanjakdygyna ünsi çekilýär.
HWF-nyň Aşgabatda saparda bolan işgärleriniň pikirine görä, ýurduň daşarky defisitiniň göwrümi göz öňünde tutulyp goşmaça çäreleriň görülmelidigi, şol sanda walýutanyň alyş-çalyş bahasynyň düzedilmegi maslahat berilýär. Şeýle-de, import we häzir bar bolan beýleki halkara tölegleri boýunça walýuta alyş-çalyş düzgünlerini gowşatmagyň örän peýdaly boljakdygy beýanatda agzalýar.
Halkara maliýe edarasynyň Aşgabada sapar eden missiýasy, Türkmenistanda ykdysady ösüşe we ilatyň gowşak gatlagyna oňaýsyz täsiri azaltmak üçin syýasy sazlamalaryň depgini we düzümi boýunça çäreleriň meýilleşdirilmelidigine-de ünsi çekýär.
Şol bir wagtyň özünde, HWF-nyň missiýasy türkmen resmilerine administratiw proseduralary ymykly sadalaşdyrmagy, reformalary tijemegi, döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmak prosesini tizleşdirmegi we daşary ýurt maýadarlaryny ýurda çekmegi maslahat berýär.
Agzalýan missiýanyň baştutanynyň ýaýradan beýanatynda aýdylmagyna görä, döwlet inwestisiýalaryny aýawly meýilleşdirmek, harçlamalar boýunça netijeliligi ýokarlandyrmak, ilatyň gowşak gatlagyny goramak bilen bir hatarda ýeňillik reformalaryna dowam etmeklik, ylym-bilim we saglyk pudagynyň çykdajylaryny mundan beýläk hem artdyryp, adam kapitaly boýunça döwlet çykdajylaryna üns bermeklik agzalyp geçilýär.
Şeýle-de, makroekonomik maliýe maglumatlarynyň hilini ýokarlandyryp, olaryň has giň ýaýylmagyny gazanmaklyk ykdysady trendler düşünjesiniň güýçlendirilmegine, daşary ýurtly
maýadarlaryň ýurda çekilmegine we global maliýe bazarlaryna aňsat aralaşylmagyna ýardam berer diýlip beýanatda aýdylýar.
Türkmen häkimiýetleri HWF-dan haraý gözleýär
Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetindäki ynamdar bir çeşmesiniň aýtmagyna görä, Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda ýurduň ýokary derejeli resmileri soňky döwürde HWF bilen has içgin gyzyklanyp başlady. Onuň tassyklamagyna görä, hat-da Türkmenistanyň wekilçilikli topary maliýe kömegini, ýagny karz pul soramak üçin soňky sanlyja aýyň dowamynda HWF-nyň Waşingtondaky edarasyna saparlary amala aşyrypdyrlar.
Umuman, Azatlygyň çeşmesiniň hem bellemegine görä HWF bilen türkmen hökümetiniň arasynda öz-ara gidim-gelimler soňky döwürde has-da ýygjamlaşýar. HWF-nyň konsultasiýa missiýasynyň Türkmenistana mundan ozal 2017-nji ýylyň 1-8-nji noýabrlary aralygynda eden 1 hepdelik saparynyň üstünden heniz doly 3.5 aý hem geçmänkä, öňünden meýilleşdirilen esasda, ýöne bu sapar 2 hepdeläp dowam eden saparyň ýygjamlygy Azatlygyň çeşmesiniň sözlerini tassyklaýar.
“Türkmen hökümetiniň wekilçilikli topary geçen aý pul kömegini sorap HWF-nyň Waşingtondaky edarasyna sapar etdi we guramanyň wekilleri bilen duşuşdy. Ýöne bu duşuşyk heniz netije bermedi” diýip Azatlygyň hökümetdäki bir çeşmesi mälim etdi.
Ol halkara maliýe edarasynyň Türkmenistany öz maliýe goldawy bilen üpjün etmek üçin ýurtda ykdysady tygşytlylyk boýunça berk çäklendirmeli çäreleriň görülmegini talap edýändigi barada gürrüň berdi.
“HWF kredit bermek üçin Türkmenistanda berk ykdysady çäreleriň görülmegini talap edýär, aýratynda-da hökümetiň üpjün edýän ýeňillikleri bilen bagly reformalaryň durmuşa geçirilmegini talap edýär. Türkmenistanda benziniň gymmatlajagy hem şol sebäpden” diýip, çeşme sözüniň üstüni ýetirdi.
Has giňişleýin maglumat bilen gürrüňe dowam eden çeşme: “Geçen dekabr aýyndan bäri türkmenleriň delegasiýasy HFW-nyň wekilleri bilen duşuşmak üçin Waşingtona iki gezek dagy sapar etdi. Birinjisinde milliardlarça dollar karz pul soradylar. Şonda delegasiýadakylaryň özlerem munuň başa barmajagyny bilýärdiler. Ikinji saparda 10 milliarda golaý karz soradylar. Heniz netije ýok” diýip, Azatlyk Radiosyna atlandyrylmazlyk şerti bilen gürrüň berdi.
Şeýle-de çeşme gürrüňdeşligiň dowamynda türkmen häkimiýetleriniň Yslam ösüş bankyndan hem maliýe goldawyny almaga umyt bildirýändigini sözüniň üstüne goşdy.
Maglumat üçin aýdylsa, 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda Reuters habar gullugy Türkmenistanyň döwlet mediasyna salgylanyp, Türkmenistanyň Yslam ösüş bankyndan 15 ýyllygyna 700 million dollar möçberinde pul karz alandygyny habar berdi. Agzalýan serişdäniň Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygyna sarp ediljekdigi mälim edilipdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynda daşary ýurtlaryň TOPH-yň kuwwatyna we bähbitliligine ýokary baha berýändigi, şol sebäpden olaryň käbirleriniň bu halkara taslama maýa goýýandygy barada wagtal-wagtal habarlar çap edilýär.
Sözümiziň başyndaky HWF-nyň Türkmenistana edýän konsultasiýa missiýalarynyň mazmunyna syn salsak, olaryň beýanatlarynda hususan-da, ýurtda, görnüşinden esasan gurluşyk we ş.m pudaklarda, döwlet inwestisiýalaryndan saklanmaklyk maslahat berilýär.
Ýöne muňa garamazdan,Türkmenistanda giň gerimli gurluşyklar, resmi medianyň dili bilen aýdylanda, “bedew bady bilen” dowam edýär.