Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Benziniň gymmatlamagy adamlaryň un, çörek aladasyny güýçlendirýär


Tamdyrda çörek bişirýän aýal.
Tamdyrda çörek bişirýän aýal.

Türkmenistanda benziniň 50% gymmatlamagy durmuşyň hem azyndan 50% gymmatlajakdygyny aňladýar diýip, Azatlygyň söhbetdeş bolan ýerli synçylary aýdýar.

“Türkmenistanda benziniň gymmatlamagy täzelik däl we Berdimuhmaedow häkimiýet başyna geleli bäri birnäçe gezek gymmatlady we bu ýagdaý her gezek bazaryň-da, durmuşyň-da gymmatlamagyna getirdi” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly synçy, 67 ýaşyndaky intelligent aýtdy.

Öňki ýyllardaky benzin gaymmatlamalaryndan soň bolan özgerişlerden çen tutulsa, Türkmenistanda ýangyjyň 1-nji fewraldan 50% gymmatladylmagy hem durmuşyň ähli pudagyna öz täsirini ýetirer diýip, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen synçylar pikir edýär.

“Sebäbi benziniň 50% gymmatlamagy bilen, ozaly adamlaryň zerur bolanda münýän taksileriniň nyrhy 50% gymmatlaýar, soňra bazardaky önümleriň bahasy hem gymmatlaýar. Çünki bazara getirilýän harytlar awtoulaglar bilen getirilýär we awtoulag eýeleri özleriniň benzine çykaran artykmaç çykdajylaryny bazarçylaryň jübüsinden almaly bolýar” diýip, aşgabatly Aman aga aýtdy.

Mundan başga, önüm öndürilende benzin ýa dizel ýangyjy ulanylýan bolsa, bu hem önümiň bahasynyň galmagyna getirýär. Geçen ýylyň noýabryndan tebigy gazyň, elektrik togunyň we suwuň täze nyrhlarynyň girizilmegi hem durmuşyň gymmatlamagyna öz täsirini ýetirýär.

Aman aga şu gün irden, 1-nji fewralda, benziniň bahasynyň gymmatlamagy bilen, dollaryň “gara bazarda” biraz aşaklan bahasynyň hem eýýäm ýokaryk galandygyny, ýagny dollar söwdagärleriniň dollary 11,20-den satyn alyp, 11,60-11,70-den satýandyklaryny aýtdy. “Dollaryň “gara bazardaky” bahasynyň iş gününiň ahyrynda näçe boljagy belli däl” diýip, Aman aga aýtdy.

Azatlygyň çeşmesi şu gün irden Aşgabadyň iň uly bazarlarynyň biri “Mir bazara” aýlanyp ýapylýan ýa işlemän duran söwda nokatlarynyň barha köpelýändigini habar berdi.

Mir bazarda” orta hasap bilen 500-e golaý söwda nokady bar. Şu gün şol söwda nokatlarynyň 30-a golaýy ýapyk dur” ýerli çeşme aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ýapyk söwda nokatlarynyň gapdalynda söwda edýänler “10-a golaý söwda nokadynyň eýesiniň ‘howa sowuk, alyjy ýok, biderek üşäp duranyň, howa maýlaýança işe çykjak däl’ diýendigini, 20 çemesi söwda nokadynyň eýesiniň bolsa, 2018-nji ýyl üçin söwda patentini uzaltmandygyny aýtdylar.

Ýerli synçylar ýurduň beýleki bazarlarynda hem şeýle ýagdaýy görse bolýandygny tassykladylar.

Azatlygyň başga bir çeşmesi bazarda soňky günler tamdyr çöreklerini satýanlaryň hem 50-60% prosent azalandygyny habar berdi.

Bu ýagdaý ozaly unuň gymmatlygy we gytlygy, energiýa bahalarynyň ýokarlanmagy bilen bagly, benziniň gymmatlamagy bilen çörekli ýagdaý ýene çylşyrymlaşar” diýip, ýerli çeşme pikir edýär.

Türkmenistanda un, çörek önümleri köp iýilýär we ýylyň gurak gelmegi, ýagynyň ýeterlik bolmazlygy netijesinde, eýýämden bu ýylyň bugdaý planynyň, diýmek, halkyň iýjek nanynyň aladasyny edýänler hem bar.

Eger howa şu gidişine gitse, onda bu ýyl ýerden alynjak hasylam az bolar” diýip, Azatlyk radiosyanonim şertde gürleşen publisist ýazyjy aýtdy.

Türkmenistan geçen ýyl hem bugdaý boýunça göz öňünde tutulan planyny dolup bilmedi we munuň üçin resmileriň birnäçesine ilki käýinç berildi, soň iki welaýatyň häkimi wezipesinden boşadyldy.

Ýylyň gurak gelmegi diňe bugdaý hasylynyň az alynmagyna däl, gowaça ekişine we pagta hasylyna hem ýaramaz täsirini ýetirer, netijede, wagtynda zerur çäreler görülmese, ilatyňun, çörek, pagta çigideinden alynýan ýag ýaly önümler bilen üpjünçiliginde problema döräp biler” diýip, Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolan aýry-aýry çeşmeler häzir adamlaryň galagoply pikirleri başdan geçirýändigini gürrüň berdiler.

Şu aralykda Daşoguzdaky çeşme adamlaryň köpüsiniň unuň gymmatlamak ähtimallygyndan alada galýandyklaryny habar berdi.

XS
SM
MD
LG