Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen migrant zenanyny awtoulagdan zyňyp öldürmekde aýyplanýanlar tussag edildi


Stambul şäheri
Stambul şäheri

Türk mediasy soňky bir aýyň dowamynda Stambulda ýene bir türkmenistanly migrant zenanyň öldürilendigi barasyndaky habara giňişleýin orun berýär.

Türkiýäniň “haberler.com” neşiri, 11-nji fewralda reanimasiýada aradan çykan 30 ýaşyndaky Türkmenistanyň raýaty Maýsa Ýazmuradowa bilen baglanşykly tapylan howpsuzlyk kameralarynyň ýazgylaryny barlan türk polisiniň merhumyň söýgülisi bilen ýanyndaky tirkeşýän ýoldaşyny göz astyna alandygyny habar berýär.

Anonim ýagdaýda Azatlyk Radiosyna maglumat beren polis çeşmesiniň aýtmagyna görä, waka 29-njy ýanwarda gije sagat 02:40 töwereginde Stambulyň Beýoglu etrabynyň Müeýýetzade mähellesindäki Kemeralty şaýolunda bolupdyr.

Şonda gidip barýan ýeňil awtoulagdan ýykylan türkmenistanly migrant Maýsa Ýazmuradowa agyr ýaralanypdyr. Şaýatlar türkmen zenanyň awtoulagdan ýykylmagyndan soň iki erkek adamyň ol ýerden derrew gaçyp gidendigini gürrüň berdipdir.

Ýerli-ýerden ylgap türkmen zenanyň dadyna ýetişen adamlar ony derrew keselhana äkidipdir. Agyr ýaralanan türkmen migrant zenanyň ýanynda hiç hili dokumenti bolmany üçin onuň kimdigini anyklamak haçan-da onuň gezýän adamy saklanandan soň başardypdyr we diňe şondan soň metbugata bu barada maglumat berlipdir.

Azatlyk Radiosy türkmen migrant zenanyň aradan çykan Stambulyň ylmy-barlag hassahanasyndan jikme-jik maglumat almaga eden synanşygynda adynyň anonim galmagyny islän keselhananyň bir işgäri wakanyň dogrudygyny tassyklamak bilen, 13 günläp reanimasiýada ýatan Maýa Ýazmuradowanyň ahyrynda gutulyp bilmän, 11-nji fewralda aradan çykandygyny gürrüň berdi.

Stambulyň jenaýaty gözläp agtaryş býurosy ýaş türkmen zenanyň söýgülisi 35 ýaşyndaky Abdülmuttalip H. bilen wakada onuň ýanynda bolan 32 ýaşyndaky Mustafa Ý. atly dostuny tussag edýär.

Şüphelilerden Abdülmuttalip H. “Türkmen zenan bilen 3 aýdan bäri gezýärin. Wakanyň bolan güni onuň bilen Taksimdäki bir gijeki kluba keýp çekmäge gitdik. Türkmen zenan ol ýerde aşa köp alkagolly içgi içdi. Ondan soň aýdymçydan özi üçin bir aýdym aýtmagyny isledi. Şol sebäpli hem aramyzda dawa-jenjel turdy. Onsoň onuň bilen daşaryk çykyp, awtoulaga münip ugranymyzda dawa ula ýazdy we türkmen zenan birden gapyny açyp özüni aşak oklady. Biz bolan ýagdaýdan gaty gorkanymyz üçin gaçyp gitdik” görnüşinde düşündiriş berýär.

Sözi jemläp aýtsak aradan çykan türkmenistanly zenan Maýsa Ýazmuradowanyň migrantlyk ykbaly barasynda degişli taraplardan jikme-jik maglumat almak Azatlyk Radiosyna başartmady.

XS
SM
MD
LG