14-nji fewralda döwlet ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde we Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe obasynda gurlan täze binalaryň açylyşyna bagyşlanyp geçirilen dabarlar ýerli ilat üçin bir topar amatsyzlyk döretdi.
Aşgabadyň gaýrasyndaky Gylyç Kulyýew köçesiniň ugrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan gurlan 96 sany işewürler toplumy binalarynyň we Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe obasynda gurlan aýna önümleri kärhanasynyň açylyş dabaralary aşgabatly ýaşaýjylaryň gündelik durmuşyna juda ýaramaz täsir etdi diýip, Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan aşgabatlylar aýtdy.
Mundan bir hepde ozal, 7-nji fewralda Aşgabadyň gaýrasyndaky “Täze Zaman” obasynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasy bolanda hem, edara-kärhanalaryň işgärleri, medeniýet we sungat işgärleri, mekdep okuwçylary, çagalar baglarynyň körpeleri we talyplar açylyş dabarasyna gatnaşdyrlyp, sowuk howada birnäçe sagatlap aýak üstünde durmaga mejbur edilipdi.
14-nji fewraldaky açylyş dabaralarynyň geçirilýän wagty bolsa Aşgabatda ýagyn ýagyp, juda çygly howa boldy. Emma şol çärä gatnaşdyrylýan talyplardan köçäniň gyralarynda, döwlet ýolbaşçysynyň geçmeli ugrynda janly koridor hem ddüzülip, ýüzlerçe adam ýagynyň aşagynda birnäçe sagatlap durmaga mejbur edildi diýip, bu çärä gatnaşan aşgabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Şeýle-de ýaşaýjy, ol ýa-da beýleki açylyş dabarasynyň geçirlýän güni iş günlerine gabat gelse, şol gün edara-kärhanalaryň işgärlerniň işden, talyplaryň we mekdep okuwçylarnyň bolsa okuwlaryndan galýandygyny gürrüň berdi.
Açylyş dabarasy geçiriljek güni ir ertirden, dabaranyň başlanmagyna entäk birnäçe sagat bardygyna seretmezden, Aşgabadyň köçelerniň ýapylmagy hem bir topar köçenülik döretdi diýip, aşgabatlylar gürrüň berdiler.
Ozalky açylyş dabarasynda hem, soňky açylyş dabarasynda-da ir ertirden, entäk ýaşaýjylar işe barýan wagty ýollar ýapylyp, soňra günorta bolýança şäheriň gaýraky bölegine ne girip boldy, ne-de çykyp boldy diýip, Çoganlynyň ýaşaýjysy, sürüji bolup işleýän Geldi aýtdy.
Şäherden Çoganla tarap gitjeklerem, Çoganlydan şähere gaýtjaklaram gaty kösendi, ýollar esasan “Altyn Asyr bazaryna” barjaklar üçin ýapyk boldy diýip, ýaşaýylar aýtdylar.
Azatlygyň başga bir söhbetdeşi bolsa, polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň Çoganlydan şähere gaýtjak bolup uly ýola çykan ýaşaýjylaryň ýol gyrasyndaky awtoduralgalarda garaşmagyna hem rugsat bermän, ýolagçylary zor bilen ýörite çagyrlan awtoulaglara mündürip, Çoganlynyň çetki köçelerine ugradandyklaryny, şol ýolagçylaryň içinde özüniň hem bolandygyny gürrüň berdi.
Bu ýagdaýlardan bez bolan ýaşaýjylar şäherde we şähere golaý ýerlerde gurulýan haýsydyr bir binanyň gurluşygnyň tamamlanyp barýandygyny görenlerinde, öňünden onuň açylyş dabarasynyň guraljak gününi, özlerine görkeziljek görgüleri alada edip başlaýarlar diýip, sürüji Geldi aýdýar.
Iki we üç gatdan ybarat bolup, birinji gatlary Türkmenistanda öndürilýän azyk we senagat harytlary, mebeller üçin niýetlenen dükanlardan, ikinji we üçünji gatlary telekeçileriň edara jaýlary üçin niýetlenen, “Ak Toprak”, “Ajaýyp bina”, “Aýdyň ýol”, “Altyn mebel”, “Beýik bina”, “Hazyna gurluşyk” ýaly dürli we manydaş atlar berilen binalar toplumy üçin Gylyç Kuliýew köçesiniň ugrynda ozal bar bolan hususy dükanlaryň ýüzlerçesi 2016-njy ýylyň başynda ýumrulyp aýryldy. “Emma täze gurlan işewürler binalaryndan ozal dükanlary ýumrulan telekeçilere dükan edinmek mümkinçiligi döredilmedi” diýip, işsiz galan telekeçiler Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdiler.
“Täze binalaryň kireýleri aşa gymmat. Ol binalardan has arkalyrak telekeçiler iş ýeri edinäýmese,ozal dükanlary ýumrulyp, aýlawsyz galan telekeçilere bu binalardan iş ýerini açmak asla ýeňil iş däl” diýip, özüni Myrat diýip tanyşdyran telekeçi aýtdy.
Azatlygyň habarçysy bilen anonim şertde gürleşen başga bir aşgabatly bolsa, “Türkmen telewidenýesinde mahabatlandyrylýan gurluşyklardan, desaglaryň açylyş dabarlaryndan ýönekeý halka kynçylykdan başga peýda gelmeýär diýdi.