Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Orsýete media hakyndaky kanunyň üsti bilen azatlygy çäklendirmezligi duýdurdy


Orsýetiň parlamentiniň Aşaky öýi hökümete daşary ýurtlardan maliýeleşdirilýän media guramalaryny “daşary ýurt agenti” hökmünde bellige almaga ygtyýar berýän kanunçylygy biragyzdan tassyklady.
Orsýetiň parlamentiniň Aşaky öýi hökümete daşary ýurtlardan maliýeleşdirilýän media guramalaryny “daşary ýurt agenti” hökmünde bellige almaga ygtyýar berýän kanunçylygy biragyzdan tassyklady.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti Orsýetiň daşary ýurt media serişdelerini nyşana alýan kanunçylygyny synlaýandygyny we bu kanuny media azatlygyny çäklendirmekde gural hökmünde ulanmazlygy Moskwa öňünden duýdurandygyny mälim etdi.

16-njy noýabrda Döwlet departamentiniň metbugat wekili Maria Olson “täze kanunyň kabul edilişini, onuň nähili berjaý ediljekdigini Waşington ýakyndan üns bilen synlaýar” diýdi.

Orsýetli kanun çykaryjylar täze kanuny, Waşingtonyň ‘Russia Today’ telekanalynyň amerikan potratçysyndan ABŞ-da hereket edýän “Daşary ýurt agentlerini hasaba almak boýunça aktyň” talaplaryna laýyklykda hasaba durmagy we özüniň maliýe maglumatlaryny aýan etmegi talap etmegine gaýtarylan jogap hökmünde häsiýetlendirýärler.

Olson Birleşen Ştatlardaky kanunyň ýurduň syýasy debatyna täsir etmegiň ugruna çykan guramalaryň hemaýatçylaryny jemgyýetçilige äşgär etmegi göz öňünde tutýandygyny we hasaba duranlaryň aýtjak ýa-da etjek zatlaryny çäklendirmeýändigini aýtdy.

“Orsýetli söhbetdeşlerimize-de aýtdyk; biziň Daşary ýurt agentlerini hasaba almak boýunça aktymyz söz azatlygyny çäklendirmezden, aç-açanlyga hemaýat edýär” diýip, Olson belledi.

“FARA, ýagny ‘Daşary ýurt agentlerini hasaba almak boýunça akt’ çap edilýän maglumatlary çäklendirmeýär. Agzalýan akt diňe hasaba durmagy, bellik etmegi we hasap ýöretmegi talap edýär. Käbir hökümetler FARA syýasy azatlyklary çäklendirmek üçin ulanylýar diýen pikiri öňe sürýärler. Aýdylýan bu gürrüňler düýbünden nädogry” diýip, Olson aýtdy.

Media azatlygyny we adam hukuklaryny synlaýan toparlar Orsýetiň kanunçylygyny-da ABŞ-yň FARA-nyň talaplaryna laýyklykda, ‘RT-den’ hasaba durmagy talap etmegini-de tankytladylar.

Orsýetiň Adalat ministrliginiň öz websaýtynda çap eden sanawy kanunçylygyň ilkinji nyşanalarynyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy we Amerikanyň sesi bilen ilteşikli dokuz media şahamçalarynyň boljakdygy barada pikir berýär.

Mundan ozal ministrlik Birleşen Ştatlar tarapyndan maliýeleşdirilýän media guramalarynyň dykgatyna özleriniň agzalýan kanunçylykdan täsirlenip biljekdikleri barada maglumat ýetirdi.

15-nji noýabrda Orsýetiň parlamentiniň Aşaky öýi hökümete daşary ýurtlardan maliýeleşdirilýän media guramalaryny “daşary ýurt agenti” hökmünde bellige almaga ygtyýar berýän kanunçylygy biragyzdan tassyklady. 22-nji noýabrda Dumanyň Ýokary öýüniň bu çäräni tassyklamagyna garaşylýar.

“Russia Today” telekanalynyň ABŞ-daky potratçysynyň “daşary ýurt agenti” hökmünde hasaba durmagyndan bary-ýogy iki gün soň “Serhetsiz reportýorlar” guramasy Orsýetiň Waşingtona “berýän jogabyndan hopugandygyny” beýan etdi.

“Biz bu biri-birinden pes durmaýan jedele berlen gaýtawuly ýazgarýarys, sebäbi munuň pidasy diňe media azatlyklary bolar” diýip, “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň başlygy Ýohan Bihr aýtdy.

“Muny ilkinji bolup Birleşen Ştatlaryň başladandygyna gaty gynanýarys. Propaganda garşy göreşmek häzirki döwürde örän wajyp, ýöne legitim žurnalizmiň nähili bolmalydygyny kesgitlemek hökümetiň işi däl” diýip, ol aýtdy.

Serhetsiz reportýorlar agzalýan kanunçylyk Orsýetiň 2012-nji ýylda bähbit aramaýan toparlara garşy girizen “öte agyr talaplaryny” daşary ýurt media serişdelerine hem girizip, olaryň çap edýän ýa-da ýaýlyma berýän her bir maglumatyna “daşary ýurt agenti” diýen masgaraçylykly tagmanyň basylmagyny talap eder diýdi.

Gurama media hakyndaky kanunyň 2012-nji ýylda çykarlan kanundan has gümürtikdigini, rus häkimiýetleriniň gürrüňi edilýän kanuny Kremliň göwnünden turmadyk media kompaniýalaryna garşy ýarag hökmünde ulanyp bilinjekdigini aýdyňlaşdyrdy.

“Bu kanunyň aşa gümürtik talaplary munuň selektiw, eden-etdilikli we aňrybaşy syýasy matlaplar üçin berjaý edilmegine ýol berer. Media garşy ozal görlüp-eşidilmedik derejede basyşyň bolan halatynda, bu kanunçylyk rus raýatlarynyň azat mediadan peýdalanmaklaryny has kynlaşdyrar” diýip, Bihr nygtady.

“Munuň ilkinji nyşanalarynyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy, BBC we Deutsche Welle ýaly habar serişdeleriniň boljakdygyny çaklasa bolýar. Sürgündäki rus mediasyny hem bu sanawa goşmak mümkin” diýip, ol aýtdy.

“Orsýetiň bu kanuny media azatlyklaryna edilen ýokary tizlikli hüjümdir” diýip, Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktory Hýu Williamson aýtdy.

“Bu kanun selektiw, ýagny adam saýlap berjaý edilýän, syýasy matlaplara niýetlenilen we rus halkyna eşitdirilmegi islenilmeýän sesleri ýatyrmak üçin ýörite çykarlypdyr” diýip, Williamson aýtdy.

15-nji noýabrda Duma entek ýaňy bir kanunçylygy tassyklap-tassyklamanka, Orsýetiň Adalat ministrligi eýýäm Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Rus hem-de Tatar-Başgyrt gulluklaryna, şol sanda Orsýetiň merkezi Wolga regionyna gönükdirilen Ideal.realii we Sibir regionyna gönükdirilen Sibir.realii atly rus dilindäki websaýtlaryna Duýduryş hatyny ugratdy.

Şeýle-de, AÝ/AR-yň Amerikanyň sesi kanaly bilen hyzmatdaşlykda rus dilinde efire berilýän “Current Time TV” telekanalyna we AÝ/AR-yň 2014-nji ýylda Orsýetiň Ukrainadan basyp alan regionyna gönükdirilen Kry.Realii atly websaýtyna Duýduryş hatlary iberildi.

Hatlarda anyk haýbat atylmaýar, ýöne olarda bu habar serişdeleriniň alyp barýan işleriniň täze kanunçylygyň esasynda çäklendirilip bilinjekdigi duýdurylýar.

AÝ/AR 15-nji noýabrda ýaýradan beýanatynda “ABŞ-da hereket edýän rus mediasy we Orsýetde iş alyp barýan amerikan mediasy boýunça ýagdaýlar aşa deňsizliginde galýar” diýdi.

“ ‘Russia Today’ we ‘Sputnik’ Birleşen Ştatlarda öz işlerini azat-erkin ýaýlyma berýärler. AÝ/AR bolsa administratiw basyşlar sebäpli öz ýaýlym şahamçalaryndan mahrum boldy hem-de AÝ/AR-a kabel ýaýlym mümkinçilikleri elýeterli däl. AÝ/AR-yň habarçylary Orsýetde gorkuzmalara we hatda fiziki hüjümlere-de sezewar bolýarlar” diýip, beýanatda aýdylýar.

Şeýle-de onda, “AÝ/AR-yň missiýasy bütin dünýädäki rus dilinde gepleýän halklara, şol sanda Orsýete dogry we obýektiw žurnalistikany ýetirmek. Biz öz işimizi dowam ederis diýip umyt edýäris” diýilýär.

XS
SM
MD
LG