Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasynyň öň ýanynda geçirilen maşklar 21 ýaşly türkmen studentiniň ölümine sebäp boldy. Şeýle-de, repetisiýalaryň biriniň dowamynda basa-baslyk döräp, köp sanly adamyň ejir çekendigi barada berlen maglumatlaryň käbir jikme-jikleri belli boldy.
Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, 26-njy sentýabrda baş repetisiýanyň dowamynda 21 ýaşly student özüni erbet duýupdyr we ýüregi tutup ýogalypdyr. Bu ýigit Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň biriniň studenti bolandygy üçin, Aşgabat oýunlaryna görlen taýýarlyklara çekilipdir.
Ýogalan ýigidiň okan jaýynyň mugallymynyň aýtmagyna görä, ony stadionda girizilen çäklendirmeler zerarly saglygy ýaramazlaşanda, köp wagtlap daşary çykarylyp bilmändikleri bilen bagly bolmagy ähtimal.
“Bu ýapylyşa bir gije-gündiz galanda, ýagny 26-njy sentýabrda boldy. Yssydan we dymyklykdan onuň ýüregi tutdy. Ony, belki-de, halas edip bilerdiler, emma uzak wagtlap çykarmak islemediler, soňam giç boldy. Ol studentdi, köpçülikleýin çäreleriň gatnaşyjysy. Olary irden agşama çenli repetisiýa geçmäge mejbur etdiler, käte gijelerine-de şol ýerde sakladylar. Yssyda suw we iýmit getirmäge rugsat bermediler. Arakesmeler diňe düzgün boýunça edildi. Ine-de, netije” diýip, ýokary okuw jaýynyň ýagdaýdan ygtybarly işgäri aýtdy.
Ýogalan studentiň okan ýokary okuw jaýynyň ady Azatlyk Radiosyna mälim, emma bu waka barada habar berenleriň haýyşy boýunça biz ony mälim etmekden saklanýarys.
Azatlyk Radiosyna bu hadysany “Aşgabat - 2017” oýunlarynyň guramaçy komitetindäki çeşmelerden tassyklatmak başartdy.
“Hawa, şeýle ýagdaý boldy. Emma bu hadysany paş etmezlik hakynda instruksiýanyň berk düzgünleri bar. Gynansak-da, massowkalaryň bir gatnaşyjysy dogrudanam ýogaldy. Meniň bilşime görä, ol guramalaşdyrylan tomaşaçylaryň arasynda bolupdy. Olary birnäçe sagatlap tribunanyň güneşli tarapynda sakladylar. Howpsuzlyk maksatly olary hiç ýere, hatda tebigy zerurlyklar üçin hem goýbermediler, olar repetisiýalaryň dowamynda mydama öz ýerlerinde galmalydy” diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabat oýunlarynyň guramaçy komitetindäki çeşmesi gürrüň berdi.
Türkmenistanda ilaty köpçülikleýin çärelere çekmek, ýagny dürli resmi wakalar bilen bagly dabaralara gatnaşdyrmak gatnaşyjylaryň arasynda heläkçilikli ýagdaýyň öňem ýüze çykmagyna garamazdan dowam etdirilýär.
Geçen ýylyň noýabr aýynda Aziýa oýunlaryna taýýarlyk bilen bagly atly ýörişi dabaraly garşylamak çärelerine gatnaşyjy iki adamyň ölendigini Azatlyk Radiosy habar beripdi.
Azatlygyň çeşmeleri Daşoguz welaýatynyň 72 ýaşly ýaşaýjysy Kakamyrat aganyň surnukdyryjy çäräniň dowamynda heläk bolandygyny we lukmanlaryň ony halas edip bilmändigini habar beripdi. Munuň öňýanynda Daşoguzda ýüz gün ýöremeli atlylary garşylamak boýunça geçirilen başga bir çäre sebäpli welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 49-njy mekdebiniň müdiri Akmyrat aganyň ýogalandygy barada habar berlipdi.
21 ýaşly studentiň ölümi Aşgabat oýunlaryna resmi taýýarlyklaryň çäginde ýüze çykan ýeke-täk adatdan daşary hadysa däl.
Şaýatlaryň gürrüň bermegine görä, ýapylyş dabarasyndan birnäçe gün öň çärä gatnaşyjylaryň arasynda basa-baslyk döräp, onuň netijesinde onlarça adam ejir çekipdir.
Azatlygyň söhbetdeşleriniň biri hadysanyň adatdan daşary howpsuzlyk çäreleri boýunça maşklaryň dowamynda ýüze çykandygyny aýdýar.
“Basa-baslyk garaşylmadyk ýagdaýlaryň ýüze çykan wagtynda ediljek ewakuasiýa boýunça maşklaryň dowamynda döredi. Adamlaryň çykarylýan wagtynda kimdir biri “bomba” diýip gygyrdy we hemme ylgap başlady. Bagtymyza hiç kim wepat bolmady. Emam ýüze golaý adam ýaralandy, 40 çemesi adam keselhana düşdi” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, şol hadysanyň yzýany sport ýaryşynyň dowamynda howpsuzlygy üpjün etmek bilen meşgullanan güýç edaralarynyň birnäçe işgäri işden boşadyldy.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary 17-27-nji sentýabrda Aşgabatda geçirildi. Halkara olimpiýa komiteti tarapyndan ykrar edilmedik we hatda regional derejesinde-de uly ähmiýete eýe bolmadyk bu ýaryşa türkmen hökümeti, dürli maglumatlara görä, 10 we 15 milliard amerikan dollar aralygynda pul harçlady.