Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Aşgabat-2017" oýunlarynda bilet gytçylygy döredi


Aşgabadyň Olimpiýa stadionynyň girelgesi. 26-njy sentýabr, 2017 ý.
Aşgabadyň Olimpiýa stadionynyň girelgesi. 26-njy sentýabr, 2017 ý.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň gutardyş dabarasyndan bir gün öň, bilet gytçylygy emele geldi diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri habar berýär.

“Käbir ýagdaýlarda biletleriň üstünde basa-baslyk emele geldi. Bu Türkmenistanda düzgün-tertibi bilen tanalýan we sportuň milli göreş, göreşiň beýleki ugurlary, erkin we grek-rim göreşi, boks, kikboks ugurlary boýunça çykyş etjek türkmen sportsmenleriniň ýaryşlaryna biletler azaldy. Bu ýaryşlardan bir gün öň ýa-da ýaryşyň geçirilýän güni bilet tapmak örän kyndy” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi (Howpsuzlyk ýagdaýlaryň sebäpli adynyň agzalmazlygyny sorady) gürrüň berdi.

"Aşgabat-2017" oýunlaryna bilet almak üçin nobata duran ýaşaýjylar
"Aşgabat-2017" oýunlaryna bilet almak üçin nobata duran ýaşaýjylar

Bu waka şaýat bolan Azatlygyň söhbetdeşiniň tassyklamagyna görä, biletler raýatlaryň pasportdaky (Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň dogluş şahadatnamasyndaky) maglumatlary esasynda çap edilýär. Raýatlaryň pasportyndaky maglumatlar ýörite maglumatlar bazasyna geçirilýär we tomaşaçynyň ady biletde çap edilýär. Soňra tomaşaçylar ýaryşyň geçirilýän ýerine goýberilmezden öň, biletdäki maglumatlar raýatlaryň pasportyna ýörite seredilip, seresaplylyk bilen barlanýar.

“Pasportdaky we biletdäki maglumatlar deňeşdirilip barlanandan soň, howpsuzlyk barlagyndan geçirilýän ýere barýarsyň. El goşuň barlanýar. Soňra ol şöhle bilen barlanýan enjamdan geçirilýär. Şol bir wagtda ýaryşa tomaşa etmäge gelenleriň ählisi, şol sanda 4-6 ýaşyndaky çagalar metal detektory bilen barlanýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýdýar.

Onuň sözlerine görä, howpsuzlyk barlagynyň yz ýany biletler ýene barlanýar we soňra ýaryşyň geçirilýän zalyna girmezden ozal, biletler gaýtadan barlanýar.

“Oýunlaryň tamamlanmagyna üç gün galanda, ýaryşlaryň geçirilýän ýerine telefonly, kameraly ýa-da fotoapparatly girmek gadagan edildi. Howpsuzlyk barlaglary döwründe, şu enjamlary bolan raýatlar dessine yzyna ugradylýar. Eger telefonyňy ýaryşyň geçirilýän zalynyň daşynda goýup gitmek üçin tanşyň ýa-da dostuň bolsa gowy. Ýöne ýaryşlara mejbury gatnaşdyrylýan tomaşaçylaryň köpüsine bu barada öňünden duýdurylypdyr. Şeýle talaplar ‘Aşgabat-2017’ oýunlarynyň açylyş dabarasynda hem talap edilipdi. Şaýatlar munuň esasy sebäbini türkmen häkimiýetleriniň ýaryşyň açylyş we ýapylyş dabaralarynyň käbir pursatlarynyň möhletinden öň internetde peýda bolmagyndan howatyrlanmagy bilen düşündirýärler” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmesi “Aşgabat-2017” oýunlaryna tomaşa edýänleriň aglabasyny paýtagtyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan studentleriň emele getirýändigini, olaryň birmeňzeş eşikleri geýip, ýaryşyň geçirilýän zalynda tutuş sektory eýeleýändigini aýdýar. Şeýle-de, olaryň arasynda döwlet işgärleriniň, şol sanda mugallymlaryň we mekdep okuwçylarynyň bardygy bellenilýär.

Ýaryşlara tomaşa edýän raýatlaryň biriniň Azatlygyň söhbetdeşine aýtmagyna görä, ol we onuň Änew şäherindäki döwlet edarasynda işleýän kärdeşleri ýaryşlara tomaşa etmek üçin, her gün mejbury ýagdaýda Aşgabat şäherine gelýärler. Şeýle tomaşaçylaryň arasynda Abadan şäherinde işleýän döwlet işgärleri hem bar.

“Olar Aşgabatda gündiz we agşamlyk geçirilýän ýaryşlara özleri gelýärler. Olar ‘Aşgabat-2017’ oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşypdylar we ýapylyş çäresine hem gelerler. Olar biletler bilen üpjün edilipdir, ýöne olaryň bahasy doly hasaplaşylýança, öňümizdäki 6-8 aýyň dowamynda aýlyklaryndan saklanylar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýdýar.

Biletleriň bahasy 7 manatdan başlap, 100 manada çenli aralykda bolup, VIP kysymly biletler bolsa 500 manatdan satylýar.

Şeýle-de, sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerinde, ýagny her bir sport desgasynyň golaýynda ätiýaçlyk üçin ak-gök sport eşigindäki çäreçileriň hemişe nobatçylyk edýändigi habar berilýär. Tribunalar dolmadyk ýagdaýda, ýörite gulluk işgärleri boş galan ýerleri sanap, ol ýerleri ätiýaçlyk üçin duran çäreçiler bilen doldurýarlar.

XS
SM
MD
LG