Aşgabadyň öňki Hudaýberdiýew, häzirki Atamyrat Nyýazow köçesiniň günortasynda onlarça ýaşaýyş jaýynyň ýykylýandygy barada habar berilýär. Bu sebitde häzire çenli 60 çemesi jaý ýykylan bolsa, ýene 200-den gowrak jaýyň ýykylmagyna garaşylýar.
Aýdylmagyna görä, jaýlaryň ýykylmagynyň sebäpleri barada ilat köpçüligine haýsydyr bir maglumat berilmeýär. Şeýle-de, ýykylýan jaýlaryň deregine nähili desganyň guruljakdygy ýa-da gurulmajakdygy barada hem bir zat aýdylmaýar.
Azatlyk Radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, aşgabatly ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.