Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow egindeşleriniň birinden başgasyny ornunda galdyrdy


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti anna güni Ministrler kabinetiniň mejlisini geçirip, täze hökümetiň düzümini tassyklady we ozalky wise-premýerleriň birinden – Gülşat Mämmedowadan beýlekileriň ählisini öňki orunlarynda galdyrdy.

Berdimuhamedow Ministrler kabinetine hökümet başlyklarynyň 10 orunbasarynyň, 21 ministriň, konsernleriň we komitetleriň başlyklarynyň 27-siniň girýändigini aýtdy.

Gaýtadan ozalky ornuna bellenen wise-premýer Sapardurdy Toýlyýew ylym, bilim, saglygy saklaýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meselelerine 2011-nji ýylyň dekabryndan bäri gözegçilik edýär.

Nebit-gaz pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Ýagşygeldi Kakaýew bu wezipede 2012-2013-nji ýyllardan we 2016-njy ýylyň martyndan bäri işleýär.
Türkmen hökümetiniň düzümindäki ýolbaşçylaryň köpüsi täze, ýaş kadrlar.

Emma muňa garamazdan, ykdysadyýet, banklar we halkara maliýe guramalary bilen işleşmek meselelerine seredýän wise-premýer Bäşimmyrat Hojamämmedow geçen ýyl berk käýinç we işinden boşadylmak duýduryşyny aldy.

Şol bir wagtda, hökümetiň düzüminde, G.Berdimuhamedowyň özünden başga S.Nyýazow döwründen bäri saklanan diňe bir ýolbaşçy, wise-premýer, daşary işler ministri Reşit Meredow bar.

Ol DIM-e 2001-nji ýylyň iýulyndan bäri ýolbaşçylyk edýär, 2003-nji ýylyň fewralyndan 2005-nji ýylyň martyna çenli aralykda wise-premýer boldy, soň 2007-nji ýylyň fewralynda hem wise-premýerlige bellendi.

"Onda siz gidiberiň!"

Medeniýet we habar serişdeleri pudagyna ýolbaşçylyk edýän G.Mämmedowa geçen ýylyň dowamynda ençeme gezek käýinç aldy we ol soňky käýinji , «teleýaýlymlarda baýramçylyk konsertleriniň talabalaýyk görkezilmegini üpjün etmänligi üçin”, medeniýet ministri Annageldi Garajaýew hem-de Teleradio gepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Maksat Altaýew dagy bilen bilelikde aldy.

Ol ozal, 2015-nji ýylyň aprelinde «işinde goýberen düýpli kemçilikleri üçin» bilim ministri wezipesinden hem boşadylypdy.

Prezident medeniýet we habar serişdeleri pudagyna gözegçilik eden Gülşat Mämmedowa bitiren işleri üçin minnetdarlyk bildirip, öňki wise-premýeriň “bilim-tejribesini başga bir möhüm işde peýdalanmagy makul bilendigini» aýtdy.

Döwlet baştutany mejlisde Mämmedowa söz berip, onuň iberilen islendik ýerinde gije-gündiz zähmet çekmek barada beren wadalaryny, alkyşly sözlerini diňläp, «Onda siz gidiberiň» diýmek bilen çäklendi.

Mämmedowanyň ýerine wise-premýerlige dekabr aýynda onuň bilen käýinç alan medeniýet ministri A.Garajaýew bellenildi.

Berdimuhamedow öňki ýyllarda bu wezipä Bägül Nurmyradowa, Maýsa Ýazmuhamedowa dagyny hem belläp görüpdi.

Ýöne ýerli synçylar halk içinde «baş çäreçi» diýlip atlandyrylýan wise-premeýeriň wezipesine kim bellense-de, «gije-gündiz zähmet çekýändiklerine garamazdan, medeniýet, metbugat pudagynyň wekilleriniň döwlet baştutanynyň gazanylan üstünlikleri giňden beýan etmek talabyny ödäp bilmeýändigini" aýdýarlar.

Türkmen lideri mundan öň harby we kanun goraýjy guramalaryň ýolbaçylaryny hem gaýtadan ozalky wezipelerine belledi.

XS
SM
MD
LG