Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Mälikguly wagzy' we 'ýaranjaň ýaşulular' güýçlenýär


Yzgant, Malikguly Berdimuhamedowyň heýkeli
Yzgant, Malikguly Berdimuhamedowyň heýkeli

«Türkmenistanyň Alternatiw habarlary» proekti Türkmenistandaky «Ruhnama» otaglarynyň «Mälikguly otaglaryna» öwrülendigini, ol otaglardaky köne prezident portretleriniň we kitaplarynyň häzirki prezidentiň portretleri we kitaplary bilen çalşyrylandygyny habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, bu otaglar harby bölümlerde syýasy-terbiýeçilik işleriniň geçirilýän esasy ýeri bolup, golaýda geçirilen prezident saýlawlarynyň öňünden iş başyndaky prezidenti wagyz etmek üçin ulanyldy.

Türkmen mediasy prezidentiň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň Ýaşulular maslahatyna gatnaşyp-gatnaşmaýandygy barada maglumat bermeýär. Emma döwlet baştutanynyň atasynyň we kakasynyň wagzynyň barha güýçlenmegi bilen bir hatarda Ýaşulular maslahatynyň roly hem barha güýçlendiriljege meňzeýär.

Berdimuhamedow 12-nji fewralda geçen saýlawdan soň haýal etmän gurnalan inagurasiýa dabarasynda birden Ýaşulular maslahatyna gaýtadan has uly ygtyýarlyklary bermegiň gürrüňini etdi, ýagny onuň hökümet we parlament tarapyndan kabul edilýän kanunlary tassyklamak güýjüne eýe edilmekçidigini aýtdy.

Azatlyk radiosynyň okyjylary bu habara ýazan teswirlerinde türkmen parlamentiniň ozalam rolunyň ýokdugyny, ýaşulular maslahatynyň agzalarynyň bolsa milli howpsuzluk ministrligi tarapyndan saýlanyp alynýan ýaranjaň ýaşululardygyny, il içinde olara «pampersli ýaşulular» diýilýändigini bellediler. Şeýle-de olar bu habardan soň prezident barada «garaz, gowulyga tarap gitjek däl-dä» diýen netijä geldiler.

Synçylar bu ýagdaýy Berdimuhamedowyň zerur bolan syýasy-ykdysady reformalara derek Nyýazowyň ýurdy agyr ýagdaýa salan post-sowet dolandyryşynda saklamak synanyşygy bilen düşündirýärler.

Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça eksperti Brýus Panniýeriň pikirine görä, Berdimuhamedowyň ýaşululary parlamentden ýokary çykarmak pikiri geň, ýöne türkmen häkimiýetleriniň alyp barýan syýasatyna doly gabat gelýär.

«Bu geň, sebäbi parlamenti Ýaşulular maslahatyna garaşly, tabyn etmek onuň ähmiýetini sorag astyna düşürýär. Başga tarapdan, biz türkmen prezidentiniň Ýaşulular maslahatyny öz şahsy kararlaryny tassyklatmak we durmuşa geçirmek üçin nähili ulanandygyny unutmadyk. Biziň bilşimiz ýaly, Nyýazow Halk maslahatynyň teklibi bilen ömürlik prezident diýip yglan edildi» diýip, Panniýer geçen ýyl Ýaşulular maslahatynyň Konstitusiýa girizilen düzedişleri tassyklaýşyny ýatlaýar.

Berdimuhamedow şol düzedişler esasynda ýedi ýyllyk möhlete prezident saýlandy we dördünji möhlete hem prezidentlige dalaşgär bolmaga hukuk gazandy. Şol bir wagtda, Konstitusiýanyň proekti boýunça ÝHHG-nyň ekspertleriniň beren rekomendasiýalaryndan ýüz öwrüldi.

Brýus Panniýer ýaşulularyň döwlet syýasatynda ol ýa-da beýleki kararyň kabul edilmeginde ulanylyşyna mysal edip, olaryň soňky wagtlar ilat berlen ýeňillikleri ýatyrmak teklibi bilen çykyş edişlerini hem mysal getirýär.

Ikinji tarapdan, synçynyň pikirine görä, Berdimuhamedowyň «syýasatdan baş çykarmaýan ýaşululara» has uly rol bermek niýeti onuň türkmen parlamentine doly ynanmaýandygyny aňladýar.

«Berdimuhamedow, megerem, Ýaşulular maslahatyna uly ygtyýarlyk berip, belki-de parlamentiň statusyny çäklendirmek isleýändir. Şol bir wagtda-da onuň parlamenti dolandyrmakdan Ýaşulular maslahatyny dolandyrmagy aňsat hasaplaýan bolmagy mümkin» diýip, Panniýer aýdýar.

Berdimuhamedowyň Ýaşulular maslahatyna gaýtadan Nyýazow döwründäki ygtyýatyrlyklary bermek niýetinden «Mälikguly otaglaryna» dolanyp gelsek, bu ýurduň gaýtadan Türkmenbaşy, Atamyrat we Gurbansoltan ideologiýasyna dolanýandygyny, ýöne bu gezek bu ideologiýanyň gahrymanlarynyň Arkadag, Mälikguly boljakdygyny tassyklaýar.

«Türkmenistanyň Alternatiw habarlary» proýektiniň ýazmagyna görä, MälikgulyBerdimuhamedowyňhormatyna döredilen otaglar Goranmak, Milli howpsuzlyk we Içeri işler ministrlikleriniň, serhet we harby-deňiz gulluklarynyň kadrlaryny taýýarlaýan okuw jaýlarynyň ählisinde, harby bölümlerde, güýç we kanun goraýjy gurluşlaryň bölümlerinde hem hereket edýär.

Resmi maglumatlara görä, Içeri işler ministrliginiň maýory bolan Mälikguly Berdimuhemadow, hormatly dynç alşa çykmazyndan öň, türkmen regionlarynyň birinde türmelere we koloniýalara gözegçilik edipdir, kadrlara seredipdir.

XS
SM
MD
LG