Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýene bir kitaby köpçülige hödürlendi.
20-nji fewralda Aşgabatda Türkmenistanyň goranmak ministrliginiň ofiserler öýünde geçirilen prezentasiýa dabarasynda köpçülige hödürlenen “Mertler Watany beýgeldýär” atly kitabyň “Türkmenistanyň ýaragly güýçleriniň alyp barýan işleriniň harby-taryhy barlaglary bolup durýandygy” we “harby reformalaryň durmuşa geçirilişini”, hem-de “döwletiň harbylar barada edýän aladalaryny” görkezýän dokumentleri hem suratlary öz içine alýandygy resmi maglumatlarda habar berilýär.
Mundan öň Gurbanguly Berdimuhamedow täze kitabyny 17-nji fewralda prezidentlik wezipesine geçmek boýunça inaugurasiýa dabarasynda ýurduň harby ýolbaşçylaryna paýlady.
2007-nji ýyldan bäri Türkmenistana ýolbaşçylyk edip, 12-nji fewralda üçünji gezek prezident saýlanan Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtorlygynda ösümlikler, ykdysadyýet, syýasat, medeniýet, atçylyk, türkmenleriň milli däp-dessurlary, aýdym-sazlary bilen bagly dürli temalara bagyşlanan 40-dan gowrak eser çap edildi.