Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze türkmen demir ýoly: Birinji duralga Akina. Indikisi?


Türkmenistandan Owganystanyň Akina etrabyna çekilen demir ýol.
Türkmenistandan Owganystanyň Akina etrabyna çekilen demir ýol.

28-nji noýabrda Türkmenistandan Owganystanyň üsti bilen Täjigistana çekilmegi göz öňünde tutulýan demir ýol liniýasynyň birinji tapgyrynyň açylyşy boldy. Şeýlelikde, Owganystan tarapyndaky birinji stansiýa açyldy.

Türkmenistanyň prezidenti G. Berdimuhamedow we Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani Akina demir ýol stansiýasynda geçirilen dabara gatnaşyp, ilkinji otlynyň serhetleriň arasyndaky 3,5 kilometrlik ýoly geçişine syn etdiler.

Gani bu wakany “Owganystan we onuň halky üçin taryhy gün” diýip atlandyrdy. Berdimuhamedow bolsa Ymamnazar-Akina demir ýolunyň “iki ýurduň arasyndaky söwda üçin esasy rol oýnap biljekdigini” aýtdylar.

Munuň başa barmagy ähtimal, emma Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň üsti bilen ykdysady gatnaşyklar başlanýança, köp wagtyň geçmegi mümkin.

Akina stansiýasynyň açylmagy demir ýoluň Täjigistana tarap böleginiň çekilmegine degişli örän agyr meselede diňe kiçi bir ädim bolup durýar.

Türkmenistan demir ýoluň öz giňişliginden geçýän 85 kilometrlik bölegini 2015-nji ýylyň noýabr aýynda jemledi we bu ýoluň dört kilometrden azyrak bölegini Owganystana çekmek işi üçin, bir ýyl çemesi wagtyny sarp etdi. Gurluşyk 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda jemlendi.

Diskussiýanyň düýp sebäpleri

Demir ýoluň Owganystanyň üstünden geçjek bölegi henizem diskussiýa astynda galýar we munuň düýpli sebäpleri bar.

Demir ýoluň planlaşdyrylan ugry Owganystanda soňky ýyllarda söweşleriň güýçlenen bölekleriň üstünden geçmeli. Akinadan soň TAT demir ýolunyň 30 çemesi kilometri Andhoýyň günorta tarapyndan geçmeli we günbatara öwrülip, Şybyrgana, soňra Mazar-e-Şerife, Holm we Gunduz şäherleriniň üstünden geçip, Şir Han Bandar serhet geçelgesinde Täjigistana barmaly.

Akina we Andhoý Owganystanyň Farýab welaýatynda ýerleşýär. Welaýatyň paýtagty Meýmene ýylyň dowamynda azyndan iki gezek gozgalaňçylaryň eline düşmek howpy abanypdy. Şybyrgandan Mazar-e-Şerife barýan uly ýoluň bölekleri şu ýylyň dowamynda ençeme gezek “Talybanyň” gözegçiligine geçip, ýoly söweşijilerden arassalamak boýunça owgan hökümetiniň çäre görmegine zerurlyk döretdi. Demir ýoluň indiki böleginiň geçmeli ugry Gunduz welaýaty, şol sanda Gunduz şäheri 2015-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri iki gezek “Talybanyň” söweşijileriniň we olaryň ýaranlarynyň eline düşdi.

TAT demir ýol liniýasynyň Aziýanyň iň uly transport sistemasyna öwrülmegi göz öňünde tutulýar. Akina dabarasy BMG-niň Türkmenistanda geçiren durnukly transport konferensiýasynyň yz ýanyna gabat geldi.

Alternatiw ýol

TAT demir ýoluna Özbegistandan sowa, Türkmenistany Täjigistan bilen birleşdirýän ýol hökmünde seredilipdi. Proýekti esasy goldaýjylardan biri Eýran Özbegistanyň üstünden Täjigistana öz harytlaryny alyp barmakda ençeme kynçylygy başdan geçiripdi. Eýranyň häkimiýetleri çekiljek täze demir ýol arkaly öz ýüklerini Türkmenistanyň üstünden Täjigistana alyp barmaga umyt baglaýar. Şeýlelikde, proýekt diňe bir regional hyzmatdaşlygy bilen bagly bolman, Täjigistana tarap tranzit ýoly bolan Özbegistandan sowa geçmegi hem öz öňünde goýupdy.

Emma bu proýektiň maliýe üpjünçiligi hem açyk mesele bolmagynda galýar. Aziýanyň Ösüş Banky we Yslam Ösüş Banky iki milliard dollarlyk proýekti maliýeleşdirmäge kömek bermegi wada beripdi.

Türkmenistan demir ýoluň öz territoriýasyndan geçýän bölegini öz hasabyna gurdy.

Täjigistan öz giňişliginden geçmeli 50 kilometrlik bölegini we Owganystanyň üstünden geçjek bölegini maliýeleşdirmäge mümkinçiliginiň ýokdugyny we maddy kömege bil baglaýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG